timm
29.07.2023 18:16
Ýaşlyk


Gazaply kazy deý, mydam başymda

Sagat çot kakyp dur şyk-şyk-şyk.

Düýnüň özem garaşýardym ýaşlyga,

Bu gün bolsa, geçip barýar şo ýaşlyk.


Bir zada düşünýän:

şowhunly günler

Al atymy çapyp ýören haladym,

Öňümden çykana gül ýaşlygymy

Hormat edip, sowgat kimin paýladym.


Jomartlygym üçin «sagbolsunlara»

Ýüzüm göge tutup göçer ýörerdim.

Ýaşlygymy gerekmejek dostlara

Hem boş söhbetlere seçer ýörerdim.


Öwgülerden humar bolup, gijeler

«Alyň!» diýip, kişiň gapysyn kakdym.

Ýaşlygmy gül edip, jomartlyk bile,

Söýmeýän gyzlarmyň döşüne dakdym.


Men ony boş gijelere paýladym.

Men ony

Boş gürrüňlere paýladym.

Ine, bu gün uly döwletden galan

Köpüklermi ahmyr bilen sanadym.


Neçün beýle bolýar? Ilki ýalňyşyp,

Soňra ökünç bile egilip ýörüs!

Jaýymyzy çilim çekip, tüsseläp,

Soňra tüssämize bogulyp ýörüs!


Ah, bu gün säherem şeýle bir çytyk,

Bolaýmagy mümkin tüýs ýagyşly gün.

Ýaşlygymyz ýitirenok hiç zady,

Biz özümiz ýitirýäris ýaşlygy...


#Gurbannazar Ezizow
37
158
bamy
1 Awgust 2023
Gowy goşgy
aral
31 Iýul 2023
👍
okayjy
29 Iýul 2023
Soñra tüssämize bogulyp ýöris...👍
moonlight
29 Iýul 2023
Ezizowyñ goşgy ýazýan ýörüte jaýy bar ekeni, şol jaýda hem çilim çekip goşgy ýazýan ekeni gireniñde çilimiñ tüssesinden ýaña Ezizow görnenokmyş.. gowy goşgy👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.