timm
30.07.2023 13:54
Söýgi mukamy


Ýaşlygymda men bir gyza sataşdym,

Gözleriniň ody ýürekde galdy.

Gyz däldi-de, ýanyp duran ataşdy,

Garaýşy bu goşa garakda galdy.


Müň gyzyň içinden gözüňe iler,

Onki süňňüm bilen söýüpdim näler.

Ýazan hatlaryma şaýatdyr Şalar.

Içen antym duzda-çörekde galdy.


Bir tomus gijesi duşuşdyk pynhan,

Näme diýjek bolsaň diýiber ynha.

Ah! Aslynda ýygra bolmasyn ynsan,

Pyşyrdym goşa ak derekde galdy.


Garaluw gözleri ýyldyz ýalydy.

Alkymnyň aşygy gunduz ýalydy.

Dykyz bilekleri buýnyz ýalydy.

Jadyly gülküsi gulakda galdy.


Gözelleriň gözlerinde hümmet bar,

Gül gyzlaryň gujagynda jennet bar.

Şahyr bolan bolsam — şoňa minnetdar,

O ýyllar nähili uzakda galdy...


#Berdinazar Hudaýnazarow
32
197
bamy
1 Awgust 2023
👍👍👍
garik
30 Iýul 2023
👍👍👍👍
aikamm
30 Iýul 2023
@mawy, bolyala gow bolson
aikamm
30 Iýul 2023
@mawy, gowy ozniz gowmy
aikamm
30 Iýul 2023
@mawy, Salam gowmy
aikamm
30 Iýul 2023
@genicka, ok. Bolya
aikamm
30 Iýul 2023
@genicka, gowy menem
aikamm
30 Iýul 2023
@genicka, Salam gowmy
moonlight
30 Iýul 2023
Gowy goşgy ekeni
wolf
30 Iýul 2023
Ajaýyp goşgy eken 🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.