sweety
25.07.2023 23:43

«Mona Liza» portreti

«Mona Liza» portreti 1503-1519-njy ýyllar aralygynda dünýä belli italýan alymy Leonardo da Winçi tarapyndan çekilen meşhur sungat eseridir. Ol italýan renessansynyň arhetipal eseri hasaplanýar we «dünýäde iň meşhur, iň köp görülmäge gelnen, özi barada iň köp makala ýazylan, aýdymlar aýdylyp, iň köp öýkünilen sungat eseri» hökmünde tanalýar.


Dünýäniň iň meşhur ýüzlerinden biri bolan portretdäki zenan hakynda birnäçe pikirler öňe sürülýär. Onuň şu günki ady ilkinji gezek XVI asyrda ýaşap geçen sungat taryhçysy Jorjio Wasare tarapyndan ulanylýar. Wasareniň pikiriçe, suratdaky zenan florensiýaly söwdagär Françesko del Giokondonyň aýaly. 1479-njy ýylda doglan Liza 16 ýaşynda Françesko del Giokondo bilen durmuş gurýar. Florensiýadaka barjamly ýüpek söwdagäri bolan Giokondo 1503-nji ýylda Leonardonyň ýanyna baryp, ondan aýaly Liza del Giokondonyň portretini çekmegini isläpdir. Ol täze alan öýüniň şanyna we Lizanyň ogul dünýä indirmegi mynasybetli şeýle sowgady saýlap alypdyr. Şol döwürler Florensiýada portret etdirmeklige aýratyn ähmiýet berilýärdi.


Portretdäki iň täsir galdyryjy zat Lizadaky janlylykdyr. Janly jandar ýaly gözümiziň öňünde üýtgeýär we her gezek oňa seredenimizde, has başgaça görünýär. Liza ýylgyrýan, çynlakaý we aram ýüz hereketine eýe. Özüni doly beýan etmeýär we garaýşyňa görä üýtgeýär. Bu täsiri döretmek üçin Leonardo bilkastlaýyn agyz we göz gyralaryny bulaşdyrýar we «sfumato» atly usuly ulanýar. Ol bu eserde inçe we saýgarmasy kyn bolan sfumato usulyny üns bilen ele alypdyr. Şol sebäbli hem, Mona Lizanyň keýpiniň nähilidigine doly düşünip bolmaýar we ýüzündäki keşpler her gezek üýtgeýän ýaly bolýar. Näbellilikden başga-da, bu täsiri döredýän faktorlar bar. Portretiň çep we sag bölegi biri-birine simmetrik däl. Munuň şeýledigine arka tarapdaky tokaýdan hem aňşyrmak mümkin. Çep tarapdaky gorizont çyzygy sag tarapdaka garanyňda pes. Şonuň üçinem, portretiň çep tarapyndan seredeniňde, Liza uzyn boýly we dik görünýär. Seredýän ugrumyza görä ýüzi hem üýtgeýär, sebäbi ýüzüniň iki tarapy biri-birine meňzeş däl.


Öz döwrüniň beýleki portretlerinden tapawutlylykda, Lizanyň diňe ýüzi we eginleri däl, eýsem tutuş durşy açylyp görkezilipdir. Liza oturgyjyň goluna ýaplanyp, dik we gapdallygyna oturypdyr. Ýüzi bize bakyp duran-da bolsa, bedeni başga tarapa öwürilip dur.


Leonardo bu portreti entek çekip tamamlamanka-da, Florensiýada portretçiligi bilen meşhurdy. Şol döwürde ýaşap geçen florensiýaly Raffaello Sanzio hem Leonardonyň ussahanasyna ýygy-ýygydan baryp, ýaşy bir çene baran bu suratkeşiň stilini kabul edipdir we Mona Lizanyň esasynda ýyllar boýy güýjüni gorar ýaly şekillendiriş duýgusyny döredipdir. Ol florensiýaly müşderileri üçin bu täze düşünje bilen eserler döredipir we Mona Liza meňzeş «Moddalena Doni» we «Dama col liocorno» ýaly eserleri bilen Leonardonyň Mona Liza bilen ugurdaş täze tüşünjesini dowam etdiripdir.


Mona Lizanyň üstünde ençeme ýyllap işlän Leonardo sungat taryhynyň iň ajaýyp eserlerinden birini döredipdir. Suraty müşderisine bermändir we hemişe öz ýanynda saklapdyr. Leonardo portreti patyşa peşgeş eden bolsa hem, soňra Pariždäki Luwr muzeýine tabşyrylypdyr.


1911-nji ýylyň 21-nji awgustynda dünýäniň iň meşhur sungat eserleriniň biri bolan Mona Liza Luwr muzeýinden ogurlanýar. Ýigrimi ýedi aýdan soň Winçenzo Perugiýa atly bir italýan suraty Italiýanyň Florensiýa şäherindäki Uffizi galereýasyna 100 müň dollara satmaga synanyşan wagty tutulýar we suraty watansöýüji italýan bolany üçin ogurlandygyny aýdýar. Emma ogry Perugiýa ol meşhur italýan eseriň Fransiýada durmalydygyna düşünmeýärdi. Çünki Mona Liza Italiýada çekilen-de bolsa, Leonardo suraty äkidip, Fransiýanyň hökümdary Fransisk I-e 4000 altyna satypdy.


Ogry suraty ogurlandan soň, meşhur eseriň ogurlanandygy baradaky habarlar bütin dünýä ýaýraýar we Mona Lizanyň abraýy has hem artýar. Her ýyl millonlarça adam ýörite synlanmaga barylýan Mona Liza Pariždäki Luwr muzeýinde ok geçirmeýän aýnanyň aňyrsynda sergide dur. Mona Liza Fransiýanyň konstitusiýasyna-da girizilip, onuň döwletiň emlägidigi we satmagyň gadagandygy barada ýörite kanun bar.


Portretiň asyl nusgasynyň ölçegi 77 x 53 sm (30 x 21 dýuým) we alymlaryň çaklamalaryna görä, Mona Liza portretde 83% bagtly, 9% ýadaw, 6% gorkuly we 2% gaharlydyr.


Taýýarlan Batyr Aşirbaýew

11
30
sweety
19.07.2023 17:07

Koka Kola nämäniň hasabyna meshur?

Bilşimiz ýaly, Koka Kola beýleki kompaniýalara garanyňda öz alkogolsyz içgilerini has köp ýurda satýar. Edil häzirki wagtda diňe iki ýurtda Kola içgilerini satmak gadagan: Kubada 1962-nji ýyldan bäri Kola satylmaýar. Demirgazyk Koreýanyň adamlary hem 1950-nji ýyldaky bolup geçen Koreý urşundan bäri bu içgiden mahrum. Iki ýurt hem ABŞ bilen resmi gatnaşyk saklamaýarlar.


Bu şekerli gazly içgi ilkinji gezek 1886-njy ýylda Gruziýanyň Atlanta şäherinde öndürilip başlanýar. Kompaniýa turuwbaşdan meşhurlyga eýe bolupdyr we eýýäm 1900-nji ýylda Aziýa hem-de Ýewropa giňden ýaýrapdyr.



Ikinji Jahan urşy döwründe ol dünýäniň 60-dan gowrak zawodynda öndürilipdir we amerikan esgerlerine paýlanypdyr. Şeýlelikde, ol Amerikanyň nyşanyna öwrülipdir. Muňa garamazdan, hemme kişi Kolany halamandyr. 1950-nji ýyllarda fransuzlara degişli bolan birnäçe ýük maşyn Kola ýere dökülipdir.



Sowuk urşy döwründe Koka Kola kapitalizmiň simwoly bolupdyr. Ol Sowet soýuzynda-da rugsat edilmändir. Muňa garamazdan Kola 1979-njy ýyldaky Moskwada geçirilen hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň resmi hemaýatkäri boldy. Mao Szedunyň ölmeginden soň, Hytaý öz derwezesini günbatara tarap açdy we 10 ýyllap geçirilen gepleşiklerden soňra, Koka Kola ilkinji gezek kommunizmiň demi düşen ýerinde peýda boldy.



Gündogar Germaniýada bolsa 1989-njy ýylda ýurtda kommunizmiň synyp, Berlin diwarynyň ýykylmagyndan soňra peýda boldy.



1996-njy ýylda Kolanyň ata watany bolan Atlantada tomusky olimpiýa oýunlary geçirildi. Kola şonda ilkinji reklama şereketi boldy.


Arap ýurtlarynda gadagan edilenden soňra, kompaniýa ýakyn gündogarda bazara täzeden dolanmak üçin erjellik görkezdi. Munuň sebäbi bolsa, Kolanyň öz önümlerini olaryň duşmany Ysraýyla satmagydy. Tersine, Pepsi meşhurlyga eýe boldy we arap bazaryna ýolbaşçy boldy.



Burmada we Mýanmarda 60 ýyllap dowam eden harbylaryň diýdimzorluk sistemasynyň ýykylmagyndan soň, Koka Kola täzeden bazara dolandy. Hökümetiň demokratiýa geçmegi bilen biznes gadagançylygy ýatyryldy.

22
148
sweety
16.07.2023 12:02

Ne gany bar , ne jany yone bash sany barmagy bar???🤔🤔🤔

12
112
sweety
15.07.2023 09:42

Türkmen halkynyň milli tagamlarynyň arasynda unaş datly tagamy we saglyga peýdalylygy bilen aýratyn orny eýeleýär. Örän irki döwürlerden bäri türkmen saçagynyň tagamlarynyň biri hasaplanýan unaş, ilkinji nobatda, dümewiň dermany hökmünde ulanylypdyr. Ata-babalarymyz burçluja unaşyň syrkawlanyňda içip, derläp ýatsaň, derde dermandygyny bilipdirler. Halk arasyndaky nakyllardyr atalar sözünde “Unaş — uzuňky…”, “Bäri bakan hassany jüýjeli unaş düzeder” ýaly aýtgylaryň gabat gelýändigi hem munuň güwäsidir. Biz çaga döwrümizde-de öýde biri dümewlese, enemiň derrew unaş kesip oturanyny görerdik. Ol unaşy taýýarlap oturyşyna: “Häzir gyzgynjak unaşyň içine kiçiräk gyzyl burç atyp bererin welin, dümewden nam-nyşan galmaz, balam!” diýerdi. Enemiň ol sözleri bize şeýlebir täsir ederdi welin, unaşdan bir çemçe içenimizden kelle agyrymyz aýrylyp, asyl derrew dümewden saplanardyk. Elbetde, biz hem ulalyp biş-düşe ýarap ugranymyzdan dürli tagamlary taýýarlamagy öwrendik. Şonda enem bize unaş taýýarlamagy yhlas bilen öwredipdi.


Unaşyň taýýarlanylyşy çylşyrymly däl. Ilki bilen hamyr etjek jamyňa duzuňy atmaly. Unaşyň duzy biraz köpräk bolsa gowy, garaz, hamyryň duzlurak bolmaly. Hamyry gatyrak tutup ýugurmaly, ol gowşak bolmaly däl. Ýugrup bolanyňdan soň, ony el demini alar ýaly biraz basyryp goýmaly. 3-4 minutdan soň hamyryňy böleklere, ýagny zowalalara bölüp ýaýmaly. Ýaýanyňda çelpek ýaly ýukalamaly däl, şeýle bolsa onuň bişende akmagy mümkin. Unaşyňy kesip taýýarlaýançaň onuň suwuny atarmaly. Köp adamlar öz islegine görä onuň suwuny çorbaly, ýagny jazly hem edýär, içine noýba, mäş hem atylýar. Aslynda bolsa onuň suwuna pomidor ýa-da tomat atylýar. Soňra gaýnanyndan soň içine kesilen unaşyňy atmaly, 10-15 minut gaýnandansoň, içine gyzyl burç atyp oduny öçüräýmeli. Biraz demine durandan soň, gaplara guýup, üstüne hem süzme salyp saçaga äbermeli.

9
19
sweety
14.07.2023 16:23

Mojekler hakynda gyzykly maglumatlar👉👉👉👍👍👍

Möjekleriň beýnisi iň ýakyn garyndaşlary bolan itlere garanda 30% uludyr. Ýagny olar itlerden 30% artykmaç maglumaty ýatlarynda saklap bilýärler.

Möjekler ýörişe çykanlarynda, sürä olaryň biri ýolbaşçylyk edýär. Onuň guýrugy hökmany ýagdaýda dik ýokaryk galyp durmaly. Bu olaryň abraýyny alamatlandyrýar.

Möjekler söýüp saýlap alan ýarlaryna iň wepaly jandardyr. Olaryň 88%-i öz saýlan ýarlary bilen soňky demlerine çenli bile bolýar.

Möjekleriň ýüňi iki gat bolýar, olaryň biri ýylylyk, beýlekisi bolsa reňk we görk üçin.

Şu güne çenli iň uly möjek Ukrainada hasaba alnandyr. Onuň agramy 96 kg.

Möjegiň ortaça iň ýokary tizligi 65 km/s, uzaklyga böküjiligi bolsa 5 metr.

Sürüdäki möjekleriň sany 40-dan geçmeýär.

Warşawa uniwersitetinde 15 sany it çagasy bilen 14 sany möjek çagasynyň arasynda akyllylyk barlagy geçirildi. Bu barlagda it çagasynyň diňe 4-si gowy netije gazanan bolsa, möjekleriň 15-si hem ýokary netije görkezdi.

Diňe möjekler özünden güýçli haýwan bilen urşup bilýär we olar garşydaşynyň gözüniň içine seredip ölýär.

17
203
sweety
11.07.2023 20:20

Habib Nurmagomedow barada ginishleyin...

Öz karýerasynda jemi 29 gezek tutluşyga çykyp, olaryň hemmesinde ýeňiş gazanmagy başaran, garyşyk söweş sungatynyň ussady Habib Nurmagomedow 1988-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Dagystanda 3 çagaly Abdulmanap Nurmagomedowyň maşgalasynda dünýä inýär.

Habib kiçilikden sport bilen gyzyklanyp, 12 ýaşyndaka göreş, 15 ýaşyndaka dzýudo, 17 ýaşyna ýetende bolsa sambo bilen meşgullanyp başlaýar. Ony söweş sungatynyň sambo görnüşiniň tälimçisi bolan kakasy ýetişdirýär. Habib 2008-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda garyşyk söweş sungatynda MMA-daky ilkinji tutluşygyna çykyp, duşuşygy ýeňiş bilen tamamlaýar.

Ol 2011-nji ýyla çenli Russiýa Federasiýasynyň we Ukraina döwletiniň çägindäki ringlerde tutluşýar. 2012-nji ýyldan başlap tälimçi Hawer Mendeziň türgenleşdirmegi bilen Habib Nurmagomedow Amerikadaky garyşyk söweş sungatynyň UFC tutluşyklaryna gatnaşyp başlaýar. Şol ýylyň ýanwar aýynda UFC-de garşydaşy Kamal Şalarusy ýeňip, ABŞ-daky ilkinji ýeňşini gazanýar. Fewral aýynda bolsa Gleýson Tibauny ýeňmegi başarýar.

Habib 2013-nji ýylda Braziliýanyň San Paulo şäherinde geçirilen bäsleşikde Tiýago Tawarizi iki minuda ýetirmän nakawt edýär. 2014-nji ýyldaky duşuşykda bolsa garşydaşy Rafael Dus Anjusy ýeňmek bilen Habib sport äleminde uly abraýa eýe bolýar.

Habib Nurmogamedow şondan soň türgenleşikde alan şikesi sebäpli 2016-njy ýyla çenli söweş meýdançasyndan uzaklaşýar. Şol ýylyň 16-njy aprelinde ol täzeden söweş meýdançasyna çykyp, nobatdaky tutluşygynda garşydaşy Darrel Horçeri ýeňmegi başarýar.

Habib Nurmogamedow 2018-nji ýylda ýeňil agram boýunça UFC-niň çempiony bolýar. 2018-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolsa ABŞ-yň Las Wegas şäherinde geçirilen UFC tutluşygynda bolsa irlandiýaly dünýä belli UFC çempiony Konor MakGregory 4-nji raundda nakawt etmegi başarýar. Şol söweşden 1 ýyl 1 gün geçensoň bolsa, Nurmagomedow Habib Abdulmanapowiç Abu-Dabi şäherinde geçirilen duşuşykda amerikaly garşydaşy Dastin Porýeni üçünji raundda nakawt edip ýeňiş gazanýar.

Ol garyşyk söweş sungatynda dünýäniň iň gowy 10 göreşçisiniň biri bolup, ähli tutluşyklarynda Russia Federasiýasynyň adyndan çykyş edýär.

17
215
sweety
09.07.2023 17:29

Bizin gundelik durmushymyzda ginden ulanyp dyrnagymyzy ayyryan zadymyzyn ady nameka bilyan bolsanyz aydayyn please

9
117
sweety
08.07.2023 03:24

Ejeler ir gidýär perzentlerinden,

Ýazgydy, çözgüdi, nobaty bilen.

Bu dünýä sygmajak hasraty goýup,

Bu dünýä sygmajak hormaty bilen.


Ejeler ir gidýär perzentlerinden,

Hut bolmaly zatdeý, üýtgeşik bilmän.

Perzentler alaçsyz, diş gyjap galýar,

Ýalançyň çözgüdin üýtgedip bilmän.


Ýa-ha deňleşdirip ömürleň kaddyn,

Ýa-ha janyňdan jan berip bolsady.

Göz açyp ilkinji görýän käbäňi,

Gözleň ýumulýança görüp bolsady.



Kerimhally

10
48
sweety
07.07.2023 21:35

Taze dogulan chaga bilen hic hilli gurleshilmese , ol chaga towereginde hic gepleshik eshtmese ol ulalanson haysy dilde gurlardi???

XII asyrda II Frederick bu soraga jogap tapmak isleyar we onlarca taze doglan chagalary bir otaga salyp goyyar. Enekeler cagalary tamizleyarler garynlaryny doyuryarlar , emma yeke soz sozlemezden gozlerine seretmezden bashlaryny sypalamazdan otagdan cykyarlar . Emma cagalaryn haysy dilde gurleyandiklerini bilmek bashartmayar . Sebabi chagalaryn ahlisi olyar. Bu ajy barlag bolsa bize tebigatymyz barada oran wajyp zady yatladyar.

Adam söyülmäge we uns berilmage suwa we chorege mätäç bolushy yaly mätäç!!!

24
246
sweety
06.07.2023 12:40

Balyny artdyryan programma bilyan bolsanyz aydayyn kyn gorman

5
47