sweety
25.07.2023 23:43

«Mona Liza» portreti

«Mona Liza» portreti 1503-1519-njy ýyllar aralygynda dünýä belli italýan alymy Leonardo da Winçi tarapyndan çekilen meşhur sungat eseridir. Ol italýan renessansynyň arhetipal eseri hasaplanýar we «dünýäde iň meşhur, iň köp görülmäge gelnen, özi barada iň köp makala ýazylan, aýdymlar aýdylyp, iň köp öýkünilen sungat eseri» hökmünde tanalýar.


Dünýäniň iň meşhur ýüzlerinden biri bolan portretdäki zenan hakynda birnäçe pikirler öňe sürülýär. Onuň şu günki ady ilkinji gezek XVI asyrda ýaşap geçen sungat taryhçysy Jorjio Wasare tarapyndan ulanylýar. Wasareniň pikiriçe, suratdaky zenan florensiýaly söwdagär Françesko del Giokondonyň aýaly. 1479-njy ýylda doglan Liza 16 ýaşynda Françesko del Giokondo bilen durmuş gurýar. Florensiýadaka barjamly ýüpek söwdagäri bolan Giokondo 1503-nji ýylda Leonardonyň ýanyna baryp, ondan aýaly Liza del Giokondonyň portretini çekmegini isläpdir. Ol täze alan öýüniň şanyna we Lizanyň ogul dünýä indirmegi mynasybetli şeýle sowgady saýlap alypdyr. Şol döwürler Florensiýada portret etdirmeklige aýratyn ähmiýet berilýärdi.


Portretdäki iň täsir galdyryjy zat Lizadaky janlylykdyr. Janly jandar ýaly gözümiziň öňünde üýtgeýär we her gezek oňa seredenimizde, has başgaça görünýär. Liza ýylgyrýan, çynlakaý we aram ýüz hereketine eýe. Özüni doly beýan etmeýär we garaýşyňa görä üýtgeýär. Bu täsiri döretmek üçin Leonardo bilkastlaýyn agyz we göz gyralaryny bulaşdyrýar we «sfumato» atly usuly ulanýar. Ol bu eserde inçe we saýgarmasy kyn bolan sfumato usulyny üns bilen ele alypdyr. Şol sebäbli hem, Mona Lizanyň keýpiniň nähilidigine doly düşünip bolmaýar we ýüzündäki keşpler her gezek üýtgeýän ýaly bolýar. Näbellilikden başga-da, bu täsiri döredýän faktorlar bar. Portretiň çep we sag bölegi biri-birine simmetrik däl. Munuň şeýledigine arka tarapdaky tokaýdan hem aňşyrmak mümkin. Çep tarapdaky gorizont çyzygy sag tarapdaka garanyňda pes. Şonuň üçinem, portretiň çep tarapyndan seredeniňde, Liza uzyn boýly we dik görünýär. Seredýän ugrumyza görä ýüzi hem üýtgeýär, sebäbi ýüzüniň iki tarapy biri-birine meňzeş däl.


Öz döwrüniň beýleki portretlerinden tapawutlylykda, Lizanyň diňe ýüzi we eginleri däl, eýsem tutuş durşy açylyp görkezilipdir. Liza oturgyjyň goluna ýaplanyp, dik we gapdallygyna oturypdyr. Ýüzi bize bakyp duran-da bolsa, bedeni başga tarapa öwürilip dur.


Leonardo bu portreti entek çekip tamamlamanka-da, Florensiýada portretçiligi bilen meşhurdy. Şol döwürde ýaşap geçen florensiýaly Raffaello Sanzio hem Leonardonyň ussahanasyna ýygy-ýygydan baryp, ýaşy bir çene baran bu suratkeşiň stilini kabul edipdir we Mona Lizanyň esasynda ýyllar boýy güýjüni gorar ýaly şekillendiriş duýgusyny döredipdir. Ol florensiýaly müşderileri üçin bu täze düşünje bilen eserler döredipir we Mona Liza meňzeş «Moddalena Doni» we «Dama col liocorno» ýaly eserleri bilen Leonardonyň Mona Liza bilen ugurdaş täze tüşünjesini dowam etdiripdir.


Mona Lizanyň üstünde ençeme ýyllap işlän Leonardo sungat taryhynyň iň ajaýyp eserlerinden birini döredipdir. Suraty müşderisine bermändir we hemişe öz ýanynda saklapdyr. Leonardo portreti patyşa peşgeş eden bolsa hem, soňra Pariždäki Luwr muzeýine tabşyrylypdyr.


1911-nji ýylyň 21-nji awgustynda dünýäniň iň meşhur sungat eserleriniň biri bolan Mona Liza Luwr muzeýinden ogurlanýar. Ýigrimi ýedi aýdan soň Winçenzo Perugiýa atly bir italýan suraty Italiýanyň Florensiýa şäherindäki Uffizi galereýasyna 100 müň dollara satmaga synanyşan wagty tutulýar we suraty watansöýüji italýan bolany üçin ogurlandygyny aýdýar. Emma ogry Perugiýa ol meşhur italýan eseriň Fransiýada durmalydygyna düşünmeýärdi. Çünki Mona Liza Italiýada çekilen-de bolsa, Leonardo suraty äkidip, Fransiýanyň hökümdary Fransisk I-e 4000 altyna satypdy.


Ogry suraty ogurlandan soň, meşhur eseriň ogurlanandygy baradaky habarlar bütin dünýä ýaýraýar we Mona Lizanyň abraýy has hem artýar. Her ýyl millonlarça adam ýörite synlanmaga barylýan Mona Liza Pariždäki Luwr muzeýinde ok geçirmeýän aýnanyň aňyrsynda sergide dur. Mona Liza Fransiýanyň konstitusiýasyna-da girizilip, onuň döwletiň emlägidigi we satmagyň gadagandygy barada ýörite kanun bar.


Portretiň asyl nusgasynyň ölçegi 77 x 53 sm (30 x 21 dýuým) we alymlaryň çaklamalaryna görä, Mona Liza portretde 83% bagtly, 9% ýadaw, 6% gorkuly we 2% gaharlydyr.


Taýýarlan Batyr Aşirbaýew

11
30
serdarowna
26 Iýul 2023
Örän gyzykly👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.