Türkmen halkynyň milli tagamlarynyň arasynda unaş datly tagamy we saglyga peýdalylygy bilen aýratyn orny eýeleýär. Örän irki döwürlerden bäri türkmen saçagynyň tagamlarynyň biri hasaplanýan unaş, ilkinji nobatda, dümewiň dermany hökmünde ulanylypdyr. Ata-babalarymyz burçluja unaşyň syrkawlanyňda içip, derläp ýatsaň, derde dermandygyny bilipdirler. Halk arasyndaky nakyllardyr atalar sözünde “Unaş — uzuňky…”, “Bäri bakan hassany jüýjeli unaş düzeder” ýaly aýtgylaryň gabat gelýändigi hem munuň güwäsidir. Biz çaga döwrümizde-de öýde biri dümewlese, enemiň derrew unaş kesip oturanyny görerdik. Ol unaşy taýýarlap oturyşyna: “Häzir gyzgynjak unaşyň içine kiçiräk gyzyl burç atyp bererin welin, dümewden nam-nyşan galmaz, balam!” diýerdi. Enemiň ol sözleri bize şeýlebir täsir ederdi welin, unaşdan bir çemçe içenimizden kelle agyrymyz aýrylyp, asyl derrew dümewden saplanardyk. Elbetde, biz hem ulalyp biş-düşe ýarap ugranymyzdan dürli tagamlary taýýarlamagy öwrendik. Şonda enem bize unaş taýýarlamagy yhlas bilen öwredipdi.
Unaşyň taýýarlanylyşy çylşyrymly däl. Ilki bilen hamyr etjek jamyňa duzuňy atmaly. Unaşyň duzy biraz köpräk bolsa gowy, garaz, hamyryň duzlurak bolmaly. Hamyry gatyrak tutup ýugurmaly, ol gowşak bolmaly däl. Ýugrup bolanyňdan soň, ony el demini alar ýaly biraz basyryp goýmaly. 3-4 minutdan soň hamyryňy böleklere, ýagny zowalalara bölüp ýaýmaly. Ýaýanyňda çelpek ýaly ýukalamaly däl, şeýle bolsa onuň bişende akmagy mümkin. Unaşyňy kesip taýýarlaýançaň onuň suwuny atarmaly. Köp adamlar öz islegine görä onuň suwuny çorbaly, ýagny jazly hem edýär, içine noýba, mäş hem atylýar. Aslynda bolsa onuň suwuna pomidor ýa-da tomat atylýar. Soňra gaýnanyndan soň içine kesilen unaşyňy atmaly, 10-15 minut gaýnandansoň, içine gyzyl burç atyp oduny öçüräýmeli. Biraz demine durandan soň, gaplara guýup, üstüne hem süzme salyp saçaga äbermeli.