sweety
11.07.2023 20:20

Habib Nurmagomedow barada ginishleyin...

Öz karýerasynda jemi 29 gezek tutluşyga çykyp, olaryň hemmesinde ýeňiş gazanmagy başaran, garyşyk söweş sungatynyň ussady Habib Nurmagomedow 1988-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Dagystanda 3 çagaly Abdulmanap Nurmagomedowyň maşgalasynda dünýä inýär.

Habib kiçilikden sport bilen gyzyklanyp, 12 ýaşyndaka göreş, 15 ýaşyndaka dzýudo, 17 ýaşyna ýetende bolsa sambo bilen meşgullanyp başlaýar. Ony söweş sungatynyň sambo görnüşiniň tälimçisi bolan kakasy ýetişdirýär. Habib 2008-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda garyşyk söweş sungatynda MMA-daky ilkinji tutluşygyna çykyp, duşuşygy ýeňiş bilen tamamlaýar.

Ol 2011-nji ýyla çenli Russiýa Federasiýasynyň we Ukraina döwletiniň çägindäki ringlerde tutluşýar. 2012-nji ýyldan başlap tälimçi Hawer Mendeziň türgenleşdirmegi bilen Habib Nurmagomedow Amerikadaky garyşyk söweş sungatynyň UFC tutluşyklaryna gatnaşyp başlaýar. Şol ýylyň ýanwar aýynda UFC-de garşydaşy Kamal Şalarusy ýeňip, ABŞ-daky ilkinji ýeňşini gazanýar. Fewral aýynda bolsa Gleýson Tibauny ýeňmegi başarýar.

Habib 2013-nji ýylda Braziliýanyň San Paulo şäherinde geçirilen bäsleşikde Tiýago Tawarizi iki minuda ýetirmän nakawt edýär. 2014-nji ýyldaky duşuşykda bolsa garşydaşy Rafael Dus Anjusy ýeňmek bilen Habib sport äleminde uly abraýa eýe bolýar.

Habib Nurmogamedow şondan soň türgenleşikde alan şikesi sebäpli 2016-njy ýyla çenli söweş meýdançasyndan uzaklaşýar. Şol ýylyň 16-njy aprelinde ol täzeden söweş meýdançasyna çykyp, nobatdaky tutluşygynda garşydaşy Darrel Horçeri ýeňmegi başarýar.

Habib Nurmogamedow 2018-nji ýylda ýeňil agram boýunça UFC-niň çempiony bolýar. 2018-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolsa ABŞ-yň Las Wegas şäherinde geçirilen UFC tutluşygynda bolsa irlandiýaly dünýä belli UFC çempiony Konor MakGregory 4-nji raundda nakawt etmegi başarýar. Şol söweşden 1 ýyl 1 gün geçensoň bolsa, Nurmagomedow Habib Abdulmanapowiç Abu-Dabi şäherinde geçirilen duşuşykda amerikaly garşydaşy Dastin Porýeni üçünji raundda nakawt edip ýeňiş gazanýar.

Ol garyşyk söweş sungatynda dünýäniň iň gowy 10 göreşçisiniň biri bolup, ähli tutluşyklarynda Russia Federasiýasynyň adyndan çykyş edýär.

17
215
dowrann
12 Iýul 2023
@gyzy, параженя боля шо елини какяра 3 гезек
gyzy
12 Iýul 2023
@dowrann, yo parasenya bermeyaler bogup alya Habib ony son birzat boluva uly ursa baslayalar
sh_shammy
12 Iýul 2023
@avion, nahili ursannada in sonunna alya. Conor yalt goternip bilman ozunnen beyiklerw yapysyp ayagyny dowdurip masgara bolanok.
dowrann
11 Iýul 2023
Nakawt edenoga parasenya beryalera ikisem yalbysmasam
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.