strawberry
08.12.2023 00:31
Duýular saña
awtor: Şanazar Hydyrow

Bir gün meñ ýoklugym duýular saña,
Yza dönmejegmi bileñde baky.
Sessiz gijelerde batarsyñ gama,
Ne men dolanaryn, ne-de bir uky,

Bir gün meñ ýoklugym duýular saña,
Günler sähel kemäýse ýylgyrşyñy.
Peýdasyz galanda töwerek - daşyñ,
Ýatlarsyñ sen göwnüñ tapyp durşumy.

Bir gün meñ ýoklugym duýular saña,
Tapylman söýgüde men dek aýnadan.
Köçäñizden ýat adamlar geçende,
Mendir öýdüp gararsyñ sen aýnadan.

Bir gün meñ ýoklugym duýular saña,
Garagol şemalyñ pyşyrdysynda.
Basmaga çalşarsyñ kalbyñ derdini,
Başagaý günleriñ hysyrdysynda.

Öz bagtyñy özüñ ýatyryp elin,
Nirdesiñ, ne halda bildirmez maña.
Belki bagt taparsyñ, taparsyñ welin,
Bir gün meñ ýoklugym duýular saña...
24
36
strawberry
07.12.2023 14:02
" Wah, meniñ ýüregim daş bolan bolsa... "
Ynjytmazdy belki duşmanyñ gepi.
Dost diýip ýörenim ýüzüni sowsa,
Agyrdyp bilmezdi hiç wagt çepi.

" Wah, meniñ ýüregim daş bolan bolsa... "
Sähel zada gözümden ýaş dökmezdim.
Bir zat bolsa özüm günäkär saýyp,
Ýazyksyz halyma janym ýakmazdym.

Hiñlenmezdim gussa ýugrulan aýdym,
Bolan zatlañ bary düýş bolan bolsa.
Ejiz göwnüm ejir çekende diýdim:
" Wah, meniñ ýüregim daş bolan bolsa... "
awtor: Şanazar Hydyrow
16
9
strawberry
06.12.2023 00:12
Bilmedim🥀

Yok bolup barsada, umydym sende,🥀
Ýene suratyñy, pozup bilmedim,😔
Gòzlerme ýaş aylap òýkelesemde,🥺
Yene suratyñy pozup bilmedim.🥀

Men bolaýyn diyip, bu derdi ceken,😥
Bir sòzem diymedim, kalby diñledim,💔
Akyl bilen kalbyñ, deñ gelmez eken,🧠🫀
Ýene suratyñy, pozup bilmedim.🥀

Dolanmajagyñy bildim bir dòwùr,😔
Emma meñem, gitjegimi bilmediñ,😢
Bilmedim òzùme, bildimmi hòwùr,🤕
Ýene suratyñy, pozup bilmedim.🔥

Gynanýamyka, nicikká haly,😔
Menem şondan, soñra asla gùlmedim,😥
Yaşamagyma umyt, bagyşlar yaly,💞
Ýene suratyñy, pozup bilmedim...🥀
18
28
strawberry
05.12.2023 07:45
Sòýseñem.
Gitme ýanymdan bu gùn,
Ýalanjykdan sòýseñem,
Seni isleýár gòwùn,
Ýalanjykdan sòýseñem.

Mençe ýokdur teşneler,
Giren leýliñ keşbine,
Ýùrek sesiñ eşdiler,
Ýalanjykdan sòýseñem.

Ýokdur gòzlerniñ deñi,
Kùýseýán alsam demi,
Ýalñyz goýmagyn meni,
Ýalanjykdan sòýseñem.

Kalbym başyn egendir,
Kirpikden ok degendir,
Gabanan bol, begendir,
Ýalanjykdan sòýseñem.

Saña baksa gòzlerim,
Goşgy bolar, sòzlerim,
Sòýseñ bolýa, òlmerin,
Ýalanjykdan sòýseñem.
21
24
strawberry
04.12.2023 12:33
Ne ùçin beýle unutdyñ,
Galdym yşgyñ doñunda,
Boldy besdir, unutgyn,
Diýdiñle iñ soñunda.

Sms ýazman goýdym,
Nokady òzùñ goýduñ,
Boluşlaryñdan doýdum,
Diýdiñle iñ soñunda.

Gabanyp sòýdùm ýary,
Gozgaýa kalp azary,
Boldy gutardy bary,
Diýdiñle iñ soñunda.

Maña dùşdù iñ kyny,
Unudaryn gùlkùñi,
Ahyr içiñdákini,
Diýdiñle iñ soñunda
26
17
strawberry
03.12.2023 10:36
Mejbur etdi.
Yşgyñ derdin sensiz çeke,
Ne zarym, ne ahym ýetdi,
Menden gitdiñ, goýdyñ ýeke,
Seni náme mejbur etdi.

Gòzmonjygym gòzden gaçan,
Hasylsyz dùýşde gòrlenim,
Çekip barýan geljek haçan,
Sensiz gùnleriñ kervenin.

Ýalbarmaga etdim namys,
Ùstùn goýup, yşkdan ary,
Menýalylar, sende bamyş,
Ýollanýamyş saña sary.

Seni mejbur etdi bilýán,
Òñkù sòýgiñ, çagyrandyr,
Ony maña aýdyp bilmán,
Belki kalbyñ agyrandyr.

Saçlam ezilmez ýagyşda,
Yşkyñ meýin dady bilmán,
Ýalñyşan bolsam bagyşla,
Mejbur eden zady bilmán.
24
41
strawberry
02.12.2023 00:05
Affedince yorulur insan, yalnız kaldığında bir de; ama insanı en çok yoran şey hayal kurmaktır, olmayacağını bildiği halde.

Belki de her şeyi kabullenip, hayatı akışına bırakmak lazım. Zorlamak bazen çözüm değildir.

Unutmak zaman ister demiştim, yanılmışım. Zaman değil yürek istiyormuş. O da sende kaldı.

Kalitesiz insanlar da pazar tezgâhlarına benzer. Önlerde hep sağlamları koyar. Arkaları ise çürükten ibarettir.

Çıkmaz bir sokağa bırakıp, ‘yolun açık olsun' dedi ve gitti.

Üzülme değmez sözünü duymaktan sıkıldım. Değmeyenlere zaten üzülmem. Üzüldüğüm şey, değmeyenlere yüreğimin değmiş olmasıdır.

Sadece gülüşümü yakala, öfkem sana ağır gelir.

Kalp herkeste var; yürek başka bir şey

Boş versene aşk mı kaldı artık? Herkes gördüğünü sever olmuş. Ne olduğuna değil, ne verdiğine bakar olmuş.

Sevmek ölmektir bence, ben de sevmiştim ölmeden önce.

Gülmek her zaman mutlu olmak için değildir. Bazen öyle gülmeler vardır ki; en büyük acıları gizlemek içindir.

En çok yaptığımız 5 hata; fazla güvenmek, fazla umursamak, fazla şans vermek, fazla iyi niyet, fazla inanmak.

Ben gülüşüne öldüm, o ölüşüme güldü. Farklıydık işte.

Senin dünyaya baktığın pencere kirliyse, benim çiçeklerim sana çamur görünür.

Ölesiye severken öylesine sevildik. Bundandır tüm iç çekişlerimiz
19
15
strawberry
29.11.2023 20:35
Duýmadyňmy sen

Öziňden öň tutdyň gara nebsiňi,
Besdir haram maldan doýmadyňmy sen.
Her gün eşdeniňde azan sesini,
Allanyň bardygny duýmadyňmy sen.

Duýmadyňmy her dem seredip duran,
Aý,güni,ýer şary ýöredip duran.
Ýoklukdan barlygy döredip duran,
Allanyň bardygny duýmadyňmy sen.

Bu goşgy akylly däliler hakda,
Diri gezip ýören öliler hakda.
İman,wyždan barmyka ol ýürekde,
Bar bolsa Allany söýmediňmi sen.

Ahyr senem gara ýere girersiň,
Allanyň bardygny şonda bilersiň.
Soň dolanyp yza nädip gelersiň,
Wagt barka Allaha uýmadyňmy sen.

Oýan adam oýan,gaflatdan oýan,
Oýanda imanyňa diniňe daýan.
Seni ene-ataňdan has artyk söýen,
Allanyň bardygny duýmadyňmy sen.
23
21
strawberry
28.11.2023 19:39
Gullukdaky täze malodoýlara dembillar gygyrýa:
👮🏼‍♂️- Ýatyň baryň!
Maladoýlaň bary polda ýatyrlar.
Dembillar:
👮🏼‍♂️- Dawaý ýüzüp başlaň!
Maladoýlar ýüzüp başlaýar.
Malodoýyň biriniň gaty gahary gelip ýanyndaky ýüzüp ýörene:
👨🏻‍🦱- Aý nämow ýüzer ýaly suw barmaý? Nähilaý bular?!! - diýeninde ýanyndaky ýüzüp ýören ýuwaşlyk bilen:
🧑🏻‍🦱- Ýuwaşrak how ýüz diýse ýagşy, çüm diýse näme etjek🤣🤣


Bir manýak avtobusa girip gygyryp:
🤪- Men häzir hemmäňizi zorlajaaaaaak...
Bir ýaş gyz ýerinden turup:
👩🏻‍🦱- Haýyş edýän garrylara bir degmäň bize degseňizem.
Bir garryja daýza oturan ýerinden:
🧙🏻- Hemmesini diýdimi, diýmek hemmesini🤣


Günleriň birinde bir adam Angliýa gezelenje gitmegi hyýalyna düwüpdir. Elbetde, iňlisçe bilmeýäni üçin dostuna:
👨🏻‍🦱- Ohow iňlisçed-ä bilemok, olar bilen nähili düşünişerkäm, diýipdir. Dosty bolsa:
🧑🏻‍🦱 - Ynha seret, gürläniňde her sözlemiň yzyna "ing" goý, olar seniň näme diýjek bolýanyňa düşünerler diýipdir.
Ýaňky adam Angliýa barypdyr we önünden çykan birinji kafe giripdir. Girşine dostunyň tilsimini ulanyp başlapdyr, ofisanty çagyryp:
👨🏻‍🦱 - Sen maňa gök çaý getirip bilerming? -diýipdir, ofisant onuň ýüzüne geň galyp seredipdir-de çaý getirmäge gidipdir we dessine alyp gelipdir. Ýaňky adam:
👨🏻‍🦱- Görýäňmi, men iňlisçäni daş edýän gereking? - diýipdir, ofisant göni jogap beripdir:
👨🏻‍💼- Men türkmen bolmasamding, çaý yerine belaň sapyny içerding!🤣🤣

Oglan:
👨🏻‍🦱- Her gije ýadymda sen.
Gyz:
👩🏻‍🦱- Diňe gijemi?
👨🏻‍🦱- Her gije
👩🏻‍🦱- A gündiz näme?
👨🏻‍🦱- Gündiz men aýak üstünde bolýan. Ýadyma düşeňok🤣🤣

Göwher jorasy Jemala sms ýazýa:
👩🏻‍🦱- Gyw Jemal! Seň beren kremiňi çaldym şu wagt. Birinji gezek ulanyp görýän. Näçe wagt durmaly ýüzümde bu krem?
👩🏻‍💼- Aslynda 10 minut durmaly. Ýöne sen iki ýüzli bolanyň üçin 20 minut duraýsyn😂
42
220
strawberry
26.11.2023 01:13
Dùýşùme giráýjek ýaly.
Nesibeden, çykman geçdi biýjeler,
Halys bolýan juda, iráýjek ýaly,
Káte uklamana, gorkýan giýjeler,
Dùýşùme ýene sen, giráýjek ýaly.

Biýwepa, sòýgùden, ýitiren sarpam,
Dert baryn ùstùme, sùýráýjek ýaly,
Oýumda hyýalda, bary bir, barkañ,
Dùýşùme ýene sen, giráýjek ýaly.

Heşşelle kakýarsyñ, gije ýatyrman,
Unutsam, kalbymda, çùýráýjek ýaly,
Bòwet bolup, ak dañlarym atarman,
Dùýşùme, ýene sen, giráýjek ýaly.

Surnugan şemal dek, aýnamdan bakyp,
Azaşyp, mañlaýyñ diráýjek ýaly,
Synan ýùregùmiñ, aýnasyn kakyp,
Dùýşùme ýene sen, giráýjek ýaly.
24
27