Duýmadyňmy sen
Öziňden öň tutdyň gara nebsiňi,
Besdir haram maldan doýmadyňmy sen.
Her gün eşdeniňde azan sesini,
Allanyň bardygny duýmadyňmy sen.
Duýmadyňmy her dem seredip duran,
Aý,güni,ýer şary ýöredip duran.
Ýoklukdan barlygy döredip duran,
Allanyň bardygny duýmadyňmy sen.
Bu goşgy akylly däliler hakda,
Diri gezip ýören öliler hakda.
İman,wyždan barmyka ol ýürekde,
Bar bolsa Allany söýmediňmi sen.
Ahyr senem gara ýere girersiň,
Allanyň bardygny şonda bilersiň.
Soň dolanyp yza nädip gelersiň,
Wagt barka Allaha uýmadyňmy sen.
Oýan adam oýan,gaflatdan oýan,
Oýanda imanyňa diniňe daýan.
Seni ene-ataňdan has artyk söýen,
Allanyň bardygny duýmadyňmy sen.