strawberry
07.12.2023 14:02
" Wah, meniñ ýüregim daş bolan bolsa... "
Ynjytmazdy belki duşmanyñ gepi.
Dost diýip ýörenim ýüzüni sowsa,
Agyrdyp bilmezdi hiç wagt çepi.

" Wah, meniñ ýüregim daş bolan bolsa... "
Sähel zada gözümden ýaş dökmezdim.
Bir zat bolsa özüm günäkär saýyp,
Ýazyksyz halyma janym ýakmazdym.

Hiñlenmezdim gussa ýugrulan aýdym,
Bolan zatlañ bary düýş bolan bolsa.
Ejiz göwnüm ejir çekende diýdim:
" Wah, meniñ ýüregim daş bolan bolsa... "
awtor: Şanazar Hydyrow
16
9
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.