stella_🖤
06.07.2024 00:22
Hemmäňize salam mähriban agzalar Stella_ ýene-de gyzyklyja zat tapdy. Şu wagta çenli her kim Albert, Charli, Soltan Sanjar we ş.m taryhda yz galdyran şahsyýetleriň aýdan manyly sözlerini ýazdy. Stella_ öwrenmeli agzalaryň manyly sözlerini ýazdy.



Her bir zat üçin allah bar.
@0878


Ýalandan ýylgyrmagam ýadatdy. @geldiyevna


Adamlaryň iň güýçlisi gaharyna bäs gelip bilýän adam. @tmyigit76


Söýgi mukades zat biz ýöne ýaşap bilemzok. @idabdy


Haýsy adam diriligine ölendir...... Kalby ölen adam. @Awgust


Menä süýji allaýandan, ajy hakykaty halaýan. @ideallider


Ýüregiňe ýazmak däl. Ýüregiňde götermek gerek. @gulshatayewa97


Bagt çagajygyň ýüzündäki ýylgyryşda. @okyyjy


Imanly gurply adamyň ýaragydyr şükür etmek bilen sabyrly bolmak. @garlawaç


Ýyl geçdigi saýyn üýtgeýän durmuşyň özi öwretýä ýakyn joralaň duşmana öwrülýär garaz hemme zat tersine. @zina



Haladyňyzmy? Dowamy gelsinmi???
19
126
stella_🖤
05.07.2024 12:17
Kimse sizi olduğunuz gibi kabul etmeýe ýanaşmiýaçak. Bunun icin bildiginiz şekilde ýaşaýin.


Insanlikdan çikmiş beýni we kalbi makinelenmiş kişilere teslim olmaýin. Siz ne makinelesmiş ne de koýunsunuz, sizler INSANSINIZ.


Haýat uzak çekimde komedi, ýakin planda trajedidir.


Amaçiniz zarar vermekse güçe ihtiýaçiniz vardir, Diğer her şeýe sevgi ýeter.



Çarli Çaplin
13
39
stella_🖤
05.07.2024 00:24
Taryhda ilkinji kitap çap edýän enjamy biziň eýýamymyzyň 200-nji ýylynda hytaýlylar oýlap tapypdyr. Onuň ilkinji görnüşi bilen sahypalary diňe bir-birden köpeldip bolýan eken. Ilkinji elde çalt-çaltdan yzygyderli kitap çap edýän enjamy bolsa biziň eýýamymyzyň 1401-1408-nji ýyllarynda hytaýly Pi Şeng ýasapdyr.

Taryhda ilkinji gezek häzirkizaman kitap çap edýän enjam 1468-nji ýylda nemes oýlap tapyjysy Johannes Gensfleisch Gutenberg tarapyndan ýasalypdyr. Bu enjamda harplary isleýşiň ýaly goýuşdyrmak arkaly sözleri düzüp, kitap çap edip bolýan eken.
17
42
stella_🖤
04.07.2024 16:21
Düşündürüçü tuhaf ama mantikli şeýler.



Kim bilir kaç ýabançinin hep baktiklari fotoğraflarin arka planindayimdir.



Biz nasil suyu görüp havayi görmiýorsak, baliklarda suýu görmeýip havaýi görüýordur.


Kim bilir belkide çok değişik ýeteneğim vardir ama bilmiýorumdur?



Bir kelimeýi çok tekrarlaýinça kelime tuhaf gelmeýe başliýor
13
32
stella_🖤
04.07.2024 09:04
kubogynyň bijeleriniň çekiljek güni belli boldy


Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 11-nji iýulda milli çempionatyň Ýokary ligasynyň klublarynyň ýolbaşçylary we baş tälimçileri bilen ýygnak geçirer. Bu ýygnagyň çäginde Türkmenistanyň kubogy 2024-iň ilkinji tapgyrlary üçin bije çekişligi hem guramak meýilleşdirilýär. Bu barada «Janköýer» habar berdi.

Federasiýadan Ýokary liga wekilçilik edýän klublara gelip gowşan hatda görkezilişi ýaly, şol günki ýygnakda milli çempionatynyň birinji ýarymynyň netijeleri jemlenilip, öňde duran aýlawlar, Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşygyň geçiriljek senesi barada pikir alşylar. Şeýle hem klublaryň wekillerinden agzalan ýaryşlary ýokary derejede geçirmek üçin öz tekliplerini hödürlemek haýyş edildi.

Milli çempionatyň Ýokary ligasynda we bu liga wekilçilik edýän klublaryň ýaşlar düzümleriniň arasyndaky birinjilikde «Arkadag» toparynyň öňde barýandygyny ýatladýarys. Çempionatyň üçünji we dördünji aýlawlarynyň senenamasy düzülende, Kubok we Naýbaşy kubok ýaryşlary bilen bilelikde, türkmen toparlarynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-däki we Çagyryş ligasyndaky duşuşyklary hem göz öňünde tutular
18
78
stella_🖤
03.07.2024 08:31
Ýatkeşligi nädip ösdürmeli?

     Soňky ýyllarda tehnologiýanyň kämilleşmegi, dürli görnüşli maglumat çeşmeleriniň hemişe elýeterli bolmagy beýniniň “ýalta” bolmagyna, netije-de, adamyň ýatkeşligine oňaýsyz täsir edip gelýär. Ege-de ýatkeşligimiz gowy bolsa, işlerimizi aňsatlaşdyrmaga ýardam edýär. Haýsy wagt haýsy dersiň bardygyny bilmek, synaglara işjeň taýýarlyk görlende, öwrenen zadymyzyň bolsa, ýadymyzda galmagy okuwda üstünlik gazanmagymyza ullakan ýardam edýär. Gündelik işimizi haçan etmelidigini bilmek gündelik durmuşda hem işimizi örän ýeňilleşdirýär. Eýsem, beýnimiziň işjeň bolmagy üçin nämeler etmelikä? Bilermenler munuň üçin birnäçe gyzykly maslahatlary berýärler. Geliň, olaryň ählisi dogrusynda tanyş bolalyň !

     Dogry iýmitlenmek. Elbetde wagtly-wagtynda, ýeterlik mukdarda iýmitlenmek saglygymyz üçin örän netijeli bolup, şeýle etmedik halatymyzda biziň saglygymyza oňaýsyz täsir edip biler. Gündelik durmuşymyzda iýýän gök önümlerimiziň gündelik durmuşymyzda köpräk bolmalydygyny hemişe ýatladýarlar. Mundan başga hem, marinad önümleri, balyk, kösükli dänelerden taýýarlanan naharlar we dürli reňkli iýmitleriň iýilmegi maslahat berilmeýär. Şu maslahatlary ýerine ýetiren halatymyzda, saglygymyza peýdaly bolşy ýaly, ýatkeşligimiziň hem güýçlenmegine itergi berýär.

     Täze dil öwrenmek. Beýnimiziň işjeňligini artdyrmak üçin bilermenler diňe bir dili öwrenmegi däl, eýsem, islendik täze maglumaty öwrenmegiň hem peýdalydygyny belleýärler. Täze diliň kada-kanunlary, ýat tutjak sözleriňiz, beýni üçin iň gowy “maşklar” beýniniň her gün başga amaly ýerine ýetirmegine, netije-de işjeňligini dowam etdirmegine ýardam eder.

     Saz çalyň! Aýdym-sazyň beýniniň iki tarapyny hem bir wagtda işledýän az sanly hereketden biridigini bilermenler belleýärler. Aýdym diňlemek ýatkeşligi artdyrmaga, ünslüligi güýçlendirmäge oňaýly täsir edýär. Saz guralyny çalyp bilmek bolsa, bu täsiri birnäçe esse köpeldýär.

     Hünär ediniň! Gündelik işiňiziň we okuwyňyzyň daşyndan haýsydyr bir  hünär ýa-da pişe ediniň! Tikin tikmek, surat çekmek, keşde gaýamak ýaly haýsydyr bir zady döretmegi öwreniň!

     Ýöräň! Açyk arassa howada gezelenç edilende, adamyň bedeni gerekli mukdarda kislorod alyp bilýär. Bu bolsa, beýniniň öýjükleriniň arasyndaky gatnaşyklary tizleşdirýär. Şeýle hem ýöremek adamyň beýnisini rahatlandyrýar.

 
15
39
stella_🖤
02.07.2024 09:18
Bary ýogy 100,210 ㎞² meýdany bolan bu ýurt köp sanly täsirli üstünlikleri gazanan ýer hasaplanýar. Sebitiň ýokary öndürijilikli ykdysadyýeti, meşhur tehnologiýalary we özboluşly dünýä belli medeniýeti bardyr. Günorta Koreýaly erkekler kosmetiki we parfumeriýa serişdelerine üns berýärler. Olar daşky görnüşini owadan görkezmek üçin gözellik serişdelerinep pul harçlaýarlar Bu ýurt dürli plastiki operasiýalaryň sany boýunça dünýäde birinji ýerde durýar.
Günorta Koreýada doglan çagalary şol wagt 1 ýaşly diýip hasaplaýarlar. Täze doglan çaga bolanyna 100 günden soň däbe görä uly baýramçylyk belleýärler.
Günorta Koreýa özboluşly tebigy gözelligi bilen hem tapawutlanýar. Ol ýeriň ÝUNESKO- nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna giren Jeju adasy özüniň ajaýyp gaýalary we tebigaty bilen meşhurdyr.
Koreýa bu günki günde iň ýokary internet tizligini emele getiren ýer. Internet tizligi boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Ilatynyň 92,4 %-i internetden peýdalanýar.
Günorta Koreýanyň Seul şäheri ýurdyň paýtagty bolup, 25 milliondan gowrak ilat sany bilen dünýäde 3-nji ýerdäki iri şäher hasaplanýar.
Koreýa kelemiň dürli görnüşlerinden salatlary ýasamakda dünýä bellidir. Olar kelemden 250-ä golaý salat görnüşlerini ýasap bilýärler.
Günorta Koreýada ,,4” bagtsyz san hasaplanýar. Şonuň üçin hatda liftlerde hem ,,4” sanyň ýerine ,,F” harpy ýazylýar.
Bu ýurtda gyzyl reňk ölümi aňladýar.
Günorta Koreýanyň 1,1 trillion dollarly ykdysadyýetiniň 20%-i Samsung kompaniýasynyň paýyna düşýär. Köpçülik Samsung diňe elektronika öndürýär diýip hasaplaýar. Emma kompaniýa gurluşyk önümlerini, awtomobil, gapy gulplaryny, dürli himiki serişdeleri, geýim-gejim we başgada birnäçe önümleri işläp çykarýar.

Awtory: Kerim MÄTNIÝAZOW,


 
15
43
stella_🖤
02.07.2024 00:05
Okyjylaryň dykgatyna hödürlenýän «Rafael Pumpelli. My Reminiscences» — «Rafael Pampelli. Meniň ýatlamalarym» atly iki jiltden ybarat kitap indi otuz ýyldan gowrak wagt bäri türkmen alymy, arheolog Kakamyrat Gurbansähedowyň şahsy kitaphanasynda saklanýar. Bu kitap barada gürrüň bermezden ozal, onuň awtory bilen okyjylary içgin tanyşdyrsak, ýerlikli bolardy.

Amerikan geology Rafael Pampelli 1837-nji ýylda Owegoda (Nýu-Ýorkda) dogulýar. 1856-njy ýylda R.Pampelli Freýburgdaky (Germaniýa) Korollyk dag-magdan akademiýasyna okuwa kabul edilýär. Okuwy tamamlandan soň, dag-magdan inženeriniň diplomyny alýar. Ol minerallary öwrenmek boýunça ABŞ-da ilkinji diplomly hünärmen bolup ýetişýär.

1861-nji ýylda R.Pampelli ýapon hökümeti tarapyndan Hokkaýdo adasynda peýdaly gazylyp alynýan magdanlaryň bardygyny ylmy taýdan barlamak üçin çagyrylýar. Ýaponiýada işini tamamlap, ol 1864-nji ýylda hytaý imperator hökümetiniň sargydy boýunça bu ýurduň demirgazygyndaky kömür känlerini barlagdan geçirýär. 1865-nji ýylda ol ilkinji bolup Gobi çölüniň mineralogiýa babatda gözden geçirilmesini amala aşyrýar. Şondan soňra ol typýan arabajykda Sibir boýunça ylmy-barlagçylyk gezelenjini geçirýär. Öz döwrüniň ajaýyp alymy, dünýäniň birnäçe döwletlerinde biri-birinden täsirli ylmy açyşlary bilen adygan alym 1903-nji ýylda professor W.M.Dewis, kömekçileri E.Hentington we öz ogly R.W.Pampelli bilen bilelikde Karnegi institutynyň ( Waşington ş.) maliýe taýdan goldaw bermegi netijesinde Türkmenistan bilen tanyşlyk ekspedisiýasyny amala aşyrýar.

1904-nji ýylda onuň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary ikinji gezek Türkmenistana gelip, gadymy Änewiň depelerinde hem-de gadymy Merwde arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirýär. Ajaýyp alym R.Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky alymlar toparynyň gadymy Änewiň depelerinde geçiren arheologik gazuw-agtaryş işleri netijesinde dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde « Änew medeniýeti» diýen ylmy adalga peýda bolýar hem-de bu ýerde ýaşan ilatyň ekerançylyk bilen giňden meşgullanyp, ak bugdaýy ösdürip ýetişdirendiklerine şaýatlyk edýän däneli ekinleriň galyndylary tapylýar.

Ajaýyp alym R.Pampelli 1923-nji ýylda 86 ýaşynda Nýuportda (Rod Aýlend ştaty) aradan çykýar. Ýaşan ömrüni dag magdanlaryny öwrenmäge bagyşlap, dünýäniň birnäçe döwletlerinde uly ylmy işleri alyp baran alym R.Pampelli ömrüniň soňky ýyllary «Meniň ýatlamalarym» atly iki jiltden ybarat ýatlamalar kitabyny ýazýar. Täsin ykbally alymyň ömür beýany bolan bu kitap 1918-nji ýylda Nýu-Ýorkda «Henry Holt and Company» neşirýaty tarapyndan neşir edilýär. Uzak ýaşan ömrüni ylmy açyşlara bagyşlap, dünýä jemgyýetçiliginde uly abraýa eýe bolan R.Pampelliniň terjimehal görnüşinde ýazan bu ýatlamalar kitaby onuň başyndan geçen täsin wakalara baýlygy bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. Bu kitapda onuň ylmy işleri alyp baran ýurtlarynyň kartalary hem-de tebigat täsinlikleri, maşgala durmuşyna degişli we dürli halklaryň medeniýetini şöhlelendirýän fotosuratlar ýerleşdirilýär.

Indi bu kitap hem-de onuň türkmen alymy, arheolog Kakamyrat Gurbansähedowyň şahsy kitaphanasynda saklanyşy barada hem az-kem durup geçsek ýerine düşer. 1980-nji ýyllaryň aýaklaryna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Pensilwaniýa uniwersitetiniň professory Fredrih Hibert gadymy Änew depelerinde ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin Türkmenistana gelýär. Ol öz döwründe alym Rafael Pampelliniň dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döreden açyşlaryny üstünlikli dowam etdirýär. 1990-njy ýyllaryň başlarynda türkmen alymy, arheolog Kakamyrat Gurbansähedow hem bu ýerlerde ylmy barlaglary geçirýär. Amerikaly alym F.Hibert öz türkmen kärdeşine sowgat hökmünde bu kitaby gowşurýar.

R.Pampelliniň «My Reminiscences» — «Meniň ýatlamalarym» atly iki jiltden ybarat kitaby 56 bölümi öz içine alýar. Onuň her bir bölümi ajaýyp alymyň täsin wakalara hem-de uly ylmy açyşlara baý bolan ömür menzillerini inçelik bilen yzarlaýar. Ol ýatlamalarynda Türkmenistana gelşi, gadymy Änew depelerinde hem-de gadymy Merw ýadygärlikler toplumynda alyp baran ylmy barlaglary barada giňişleýin durup geçýär. Ýatlamalarynyň goşmaçasynda, «Türküstan» hem-de «Änew bilen Susanyň deňeşdirmesi» diýen bölümlerde öz ylmy işlerini jikme-jik beýan edýär. Bu kitap häli-häzire çenli halkymyzyň şan-şöhratly taryhyny ylmy taýdan öwrenýänler üçin gymmatly gollanmadyr.


Salam news
15
28
stella_🖤
30.06.2024 00:05
Hemmäňize salam 🙋🏻‍♀️ üns berseňiz soňky döwür soragly postlar köpelipdir.🤔 Menem kem galmaýyn😁 diýip size soraglar taýýarladym🙆🏻‍♀️. Jogap berseňiz menden gowy adam ýok 😊



1) Siziň üçin öwrenmelide näçe agza bardyr?


2) Haýsy programma has gowy Öwrenmelimi ýa-da Bilesigelijimi?


3) Öwrenmelide blok boldyňyzmy? Näme sebäpden?


4) Öwrenmelide nähili üýtgeşiklik bolmagyny islärdiňiz?


5) Iň ýakyn görýän 5 agzalar haýsylar?


6) Başda öwrenmelä näme maksat bilen girdiňiz?


Jogaplara garaşýan😉
20
179
stella_🖤
29.06.2024 15:49
Ilkinji ikilik baham

Her kim ilkinji alan 5-lik bahasyny begenip aýdyp berýär. Şahyrlar munuň hakynda kän goşgy düzdiler. Men bolsa ilkinji alan 2-lik bahamy nädip alyp nädip pozduranymy ýazjak. Men 2-nji synpda okaýadym. Meniň mugallymym Gülpam mugallym işe täze girdi. Talyp bolansoň ilkinji okuwçylary biz boldyk. Gülpam mugallym bize ýolyşyk hakynda goşgy ýat tutuň diýdi. Menem diňlemedim üns bermedim kelläm başga zatlarda, okuw bilen işim ýok öýe barsam bolýady. Ýolda joralam bilen gülüşip barýan. Öýe barsam iň gowy görýän naharym manty bişiripdirler. Ylgap topulup barýan welin seretsem myhman bar eken masgara boldyma üstümden gülüp hezil etdiler. Menem elimi ýüzümi ýuwup oturdym. Ejem goýup berdi. Iýip bolansoň ejem "Bar öý işleriňi et" diýdi. Meňem bar iýen mantylam şonda siňdidä. Bolýa diýip depder kitap açyp otyrn näme etjegimem bilemok. Ejemiň teline gözüm düşdi. Alaýyn diýdim welin ejem geldi.
Ejem- Hany näme öý işiň bar.
Men- Goşgy ýat tutmaly we türkmen diliden bar.
Ejem-Birinji türkmen diliden et soň ýat tutaý.
Men-Bolýa bolýa.
Ýaltanyp etdim. Indi goşgy ýat tutmaly. Ýat tutmany hiç halamokdym şu wagtam halamok. Elimi kitaby alyp taýyn bolup otyrkam, jigim gelip ýör daşarda oýnaly diýip çagyrdy menem bolýa bardym diýip ylgadym. Agşama çenli daşarda oýnadym. Agşam giremde ejem "Ýat tutdyňmy" diýip sorady men gara der bolup "Howa" diýdim. Ejemiň işi kän bolany üçin "aýdypber" diýmedi. Soň ýatdym hezil edip. Irden ejemiň sesine oýandym. Ir turmany hiç halamokdym onda-da turdym. Geýinip gitdim. 4 sagat okamalydy we 4-nji sapak hem ene-dili. Meň ýadymada düşenok. Hana sagaman 4-nji sagat mugallym gapydan girip goşgyny kim ýat tutdy diýip sorady. Her kim diýen ýaly elini galdyrdy. Men kitaby açyp goşgyny ýat tutjak bolup otyrn. Mugallym ýat tutmadyklar ýeriňizden turuň diýdi. Menem turdym. Mugallym gündelikleri getiriň diýdi. Men gündeligimi alyp ýuwaşlyk bilen bardym. Iň soňky durdym alladan " Haýyş ýazmana ýadasyn meň gezegimde" diýip diledim. Meň gezegim boldy nämä goýarka diýip seretýän 5-lik goýmaz 4-lik goýarmyka diýdim welin eline gyzyl dälde gara galam aldy. Men onuň bilen gündeligime surat çekermikä öýtdim ýöne ikilik goýdy. Men ikiligi görüp şok geçirdim. Seredip durdym jorama bu näme diýdim. Ol "2-lik iň erbet baha ejeň görse seni diri goýmaýa" diýdi. Men ýene ýalbaryp başladym " Allam men ölsesim gelenok men intäk 2-nji synp haýyş maňa kömek et, maňa jadyly zatlar ugrat ýa-da wagty öňe sarat" diýip ýalbardym. Gülmäň o wagtlar çagadym kän jadyly kino görýädim. Birdan Klasdaşym Yhals aglap başlady ýanyndaky partadaşyny urup başlady.

Yzy aşakda
19
510