stella_🖤
02.07.2024 00:05
Okyjylaryň dykgatyna hödürlenýän «Rafael Pumpelli. My Reminiscences» — «Rafael Pampelli. Meniň ýatlamalarym» atly iki jiltden ybarat kitap indi otuz ýyldan gowrak wagt bäri türkmen alymy, arheolog Kakamyrat Gurbansähedowyň şahsy kitaphanasynda saklanýar. Bu kitap barada gürrüň bermezden ozal, onuň awtory bilen okyjylary içgin tanyşdyrsak, ýerlikli bolardy.

Amerikan geology Rafael Pampelli 1837-nji ýylda Owegoda (Nýu-Ýorkda) dogulýar. 1856-njy ýylda R.Pampelli Freýburgdaky (Germaniýa) Korollyk dag-magdan akademiýasyna okuwa kabul edilýär. Okuwy tamamlandan soň, dag-magdan inženeriniň diplomyny alýar. Ol minerallary öwrenmek boýunça ABŞ-da ilkinji diplomly hünärmen bolup ýetişýär.

1861-nji ýylda R.Pampelli ýapon hökümeti tarapyndan Hokkaýdo adasynda peýdaly gazylyp alynýan magdanlaryň bardygyny ylmy taýdan barlamak üçin çagyrylýar. Ýaponiýada işini tamamlap, ol 1864-nji ýylda hytaý imperator hökümetiniň sargydy boýunça bu ýurduň demirgazygyndaky kömür känlerini barlagdan geçirýär. 1865-nji ýylda ol ilkinji bolup Gobi çölüniň mineralogiýa babatda gözden geçirilmesini amala aşyrýar. Şondan soňra ol typýan arabajykda Sibir boýunça ylmy-barlagçylyk gezelenjini geçirýär. Öz döwrüniň ajaýyp alymy, dünýäniň birnäçe döwletlerinde biri-birinden täsirli ylmy açyşlary bilen adygan alym 1903-nji ýylda professor W.M.Dewis, kömekçileri E.Hentington we öz ogly R.W.Pampelli bilen bilelikde Karnegi institutynyň ( Waşington ş.) maliýe taýdan goldaw bermegi netijesinde Türkmenistan bilen tanyşlyk ekspedisiýasyny amala aşyrýar.

1904-nji ýylda onuň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary ikinji gezek Türkmenistana gelip, gadymy Änewiň depelerinde hem-de gadymy Merwde arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirýär. Ajaýyp alym R.Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky alymlar toparynyň gadymy Änewiň depelerinde geçiren arheologik gazuw-agtaryş işleri netijesinde dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde « Änew medeniýeti» diýen ylmy adalga peýda bolýar hem-de bu ýerde ýaşan ilatyň ekerançylyk bilen giňden meşgullanyp, ak bugdaýy ösdürip ýetişdirendiklerine şaýatlyk edýän däneli ekinleriň galyndylary tapylýar.

Ajaýyp alym R.Pampelli 1923-nji ýylda 86 ýaşynda Nýuportda (Rod Aýlend ştaty) aradan çykýar. Ýaşan ömrüni dag magdanlaryny öwrenmäge bagyşlap, dünýäniň birnäçe döwletlerinde uly ylmy işleri alyp baran alym R.Pampelli ömrüniň soňky ýyllary «Meniň ýatlamalarym» atly iki jiltden ybarat ýatlamalar kitabyny ýazýar. Täsin ykbally alymyň ömür beýany bolan bu kitap 1918-nji ýylda Nýu-Ýorkda «Henry Holt and Company» neşirýaty tarapyndan neşir edilýär. Uzak ýaşan ömrüni ylmy açyşlara bagyşlap, dünýä jemgyýetçiliginde uly abraýa eýe bolan R.Pampelliniň terjimehal görnüşinde ýazan bu ýatlamalar kitaby onuň başyndan geçen täsin wakalara baýlygy bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. Bu kitapda onuň ylmy işleri alyp baran ýurtlarynyň kartalary hem-de tebigat täsinlikleri, maşgala durmuşyna degişli we dürli halklaryň medeniýetini şöhlelendirýän fotosuratlar ýerleşdirilýär.

Indi bu kitap hem-de onuň türkmen alymy, arheolog Kakamyrat Gurbansähedowyň şahsy kitaphanasynda saklanyşy barada hem az-kem durup geçsek ýerine düşer. 1980-nji ýyllaryň aýaklaryna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Pensilwaniýa uniwersitetiniň professory Fredrih Hibert gadymy Änew depelerinde ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin Türkmenistana gelýär. Ol öz döwründe alym Rafael Pampelliniň dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döreden açyşlaryny üstünlikli dowam etdirýär. 1990-njy ýyllaryň başlarynda türkmen alymy, arheolog Kakamyrat Gurbansähedow hem bu ýerlerde ylmy barlaglary geçirýär. Amerikaly alym F.Hibert öz türkmen kärdeşine sowgat hökmünde bu kitaby gowşurýar.

R.Pampelliniň «My Reminiscences» — «Meniň ýatlamalarym» atly iki jiltden ybarat kitaby 56 bölümi öz içine alýar. Onuň her bir bölümi ajaýyp alymyň täsin wakalara hem-de uly ylmy açyşlara baý bolan ömür menzillerini inçelik bilen yzarlaýar. Ol ýatlamalarynda Türkmenistana gelşi, gadymy Änew depelerinde hem-de gadymy Merw ýadygärlikler toplumynda alyp baran ylmy barlaglary barada giňişleýin durup geçýär. Ýatlamalarynyň goşmaçasynda, «Türküstan» hem-de «Änew bilen Susanyň deňeşdirmesi» diýen bölümlerde öz ylmy işlerini jikme-jik beýan edýär. Bu kitap häli-häzire çenli halkymyzyň şan-şöhratly taryhyny ylmy taýdan öwrenýänler üçin gymmatly gollanmadyr.


Salam news
15
28
stella_🖤
2 Iýul 2024
@23122007, Umumy ýapyk
23122007
2 Iýul 2024
@stella_🖤, umumuda yazsyp bolmayamy
stella_🖤
2 Iýul 2024
Prog öňküsindenem passiwlaşypdyr 🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.