stella_🖤
29.06.2024 15:49
Ilkinji ikilik baham

Her kim ilkinji alan 5-lik bahasyny begenip aýdyp berýär. Şahyrlar munuň hakynda kän goşgy düzdiler. Men bolsa ilkinji alan 2-lik bahamy nädip alyp nädip pozduranymy ýazjak. Men 2-nji synpda okaýadym. Meniň mugallymym Gülpam mugallym işe täze girdi. Talyp bolansoň ilkinji okuwçylary biz boldyk. Gülpam mugallym bize ýolyşyk hakynda goşgy ýat tutuň diýdi. Menem diňlemedim üns bermedim kelläm başga zatlarda, okuw bilen işim ýok öýe barsam bolýady. Ýolda joralam bilen gülüşip barýan. Öýe barsam iň gowy görýän naharym manty bişiripdirler. Ylgap topulup barýan welin seretsem myhman bar eken masgara boldyma üstümden gülüp hezil etdiler. Menem elimi ýüzümi ýuwup oturdym. Ejem goýup berdi. Iýip bolansoň ejem "Bar öý işleriňi et" diýdi. Meňem bar iýen mantylam şonda siňdidä. Bolýa diýip depder kitap açyp otyrn näme etjegimem bilemok. Ejemiň teline gözüm düşdi. Alaýyn diýdim welin ejem geldi.
Ejem- Hany näme öý işiň bar.
Men- Goşgy ýat tutmaly we türkmen diliden bar.
Ejem-Birinji türkmen diliden et soň ýat tutaý.
Men-Bolýa bolýa.
Ýaltanyp etdim. Indi goşgy ýat tutmaly. Ýat tutmany hiç halamokdym şu wagtam halamok. Elimi kitaby alyp taýyn bolup otyrkam, jigim gelip ýör daşarda oýnaly diýip çagyrdy menem bolýa bardym diýip ylgadym. Agşama çenli daşarda oýnadym. Agşam giremde ejem "Ýat tutdyňmy" diýip sorady men gara der bolup "Howa" diýdim. Ejemiň işi kän bolany üçin "aýdypber" diýmedi. Soň ýatdym hezil edip. Irden ejemiň sesine oýandym. Ir turmany hiç halamokdym onda-da turdym. Geýinip gitdim. 4 sagat okamalydy we 4-nji sapak hem ene-dili. Meň ýadymada düşenok. Hana sagaman 4-nji sagat mugallym gapydan girip goşgyny kim ýat tutdy diýip sorady. Her kim diýen ýaly elini galdyrdy. Men kitaby açyp goşgyny ýat tutjak bolup otyrn. Mugallym ýat tutmadyklar ýeriňizden turuň diýdi. Menem turdym. Mugallym gündelikleri getiriň diýdi. Men gündeligimi alyp ýuwaşlyk bilen bardym. Iň soňky durdym alladan " Haýyş ýazmana ýadasyn meň gezegimde" diýip diledim. Meň gezegim boldy nämä goýarka diýip seretýän 5-lik goýmaz 4-lik goýarmyka diýdim welin eline gyzyl dälde gara galam aldy. Men onuň bilen gündeligime surat çekermikä öýtdim ýöne ikilik goýdy. Men ikiligi görüp şok geçirdim. Seredip durdym jorama bu näme diýdim. Ol "2-lik iň erbet baha ejeň görse seni diri goýmaýa" diýdi. Men ýene ýalbaryp başladym " Allam men ölsesim gelenok men intäk 2-nji synp haýyş maňa kömek et, maňa jadyly zatlar ugrat ýa-da wagty öňe sarat" diýip ýalbardym. Gülmäň o wagtlar çagadym kän jadyly kino görýädim. Birdan Klasdaşym Yhals aglap başlady ýanyndaky partadaşyny urup başlady.

Yzy aşakda
19
494
idabdy
29 Iýun 2024
@stella_🖤, 🤝
idabdy
29 Iýun 2024
@stella_🖤, bizem şat
idabdy
29 Iýun 2024
Hawo
idabdy
29 Iýun 2024
Arkaýyn bol sen adyňy aýtdyň diňe men bolsa familiama çenli aýdarn postymy gör@stella_🖤,
idabdy
29 Iýun 2024
@stella_🖤, Balkanly däl gowja göräý jigimjan
idabdy
29 Iýun 2024
@stella_🖤, meni tanasyň gelse postymy gör tanarsyň üýtgeşik adam däl hahaha
idabdy
29 Iýun 2024
@stella_🖤, men seni tanamok
idabdy
29 Iýun 2024
@stella_🖤, oho gellim
idabdy
29 Iýun 2024
@stella_🖤, hm
idabdy
29 Iýun 2024
Men paka gideýin soňrak geljek
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.