stella_🖤
02.07.2024 09:18
Bary ýogy 100,210 ㎞² meýdany bolan bu ýurt köp sanly täsirli üstünlikleri gazanan ýer hasaplanýar. Sebitiň ýokary öndürijilikli ykdysadyýeti, meşhur tehnologiýalary we özboluşly dünýä belli medeniýeti bardyr. Günorta Koreýaly erkekler kosmetiki we parfumeriýa serişdelerine üns berýärler. Olar daşky görnüşini owadan görkezmek üçin gözellik serişdelerinep pul harçlaýarlar Bu ýurt dürli plastiki operasiýalaryň sany boýunça dünýäde birinji ýerde durýar.
Günorta Koreýada doglan çagalary şol wagt 1 ýaşly diýip hasaplaýarlar. Täze doglan çaga bolanyna 100 günden soň däbe görä uly baýramçylyk belleýärler.
Günorta Koreýa özboluşly tebigy gözelligi bilen hem tapawutlanýar. Ol ýeriň ÝUNESKO- nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna giren Jeju adasy özüniň ajaýyp gaýalary we tebigaty bilen meşhurdyr.
Koreýa bu günki günde iň ýokary internet tizligini emele getiren ýer. Internet tizligi boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Ilatynyň 92,4 %-i internetden peýdalanýar.
Günorta Koreýanyň Seul şäheri ýurdyň paýtagty bolup, 25 milliondan gowrak ilat sany bilen dünýäde 3-nji ýerdäki iri şäher hasaplanýar.
Koreýa kelemiň dürli görnüşlerinden salatlary ýasamakda dünýä bellidir. Olar kelemden 250-ä golaý salat görnüşlerini ýasap bilýärler.
Günorta Koreýada ,,4” bagtsyz san hasaplanýar. Şonuň üçin hatda liftlerde hem ,,4” sanyň ýerine ,,F” harpy ýazylýar.
Bu ýurtda gyzyl reňk ölümi aňladýar.
Günorta Koreýanyň 1,1 trillion dollarly ykdysadyýetiniň 20%-i Samsung kompaniýasynyň paýyna düşýär. Köpçülik Samsung diňe elektronika öndürýär diýip hasaplaýar. Emma kompaniýa gurluşyk önümlerini, awtomobil, gapy gulplaryny, dürli himiki serişdeleri, geýim-gejim we başgada birnäçe önümleri işläp çykarýar.

Awtory: Kerim MÄTNIÝAZOW,


 
15
43
clara_💎
2 Iýul 2024
@stella_🖤, ay bor
clara_💎
2 Iýul 2024
@stella_🖤, name bolýa yetisenok🤔
clara_💎
2 Iýul 2024
@stella_🖤, çok yavaş yazıyorsun 🙁
clara_💎
2 Iýul 2024
@stella_🖤, sen dine korey surat goyyan
clara_💎
2 Iýul 2024
Öz baydagymyz owadan ♥️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.