stella_🖤
04.07.2024 09:04
kubogynyň bijeleriniň çekiljek güni belli boldy


Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 11-nji iýulda milli çempionatyň Ýokary ligasynyň klublarynyň ýolbaşçylary we baş tälimçileri bilen ýygnak geçirer. Bu ýygnagyň çäginde Türkmenistanyň kubogy 2024-iň ilkinji tapgyrlary üçin bije çekişligi hem guramak meýilleşdirilýär. Bu barada «Janköýer» habar berdi.

Federasiýadan Ýokary liga wekilçilik edýän klublara gelip gowşan hatda görkezilişi ýaly, şol günki ýygnakda milli çempionatynyň birinji ýarymynyň netijeleri jemlenilip, öňde duran aýlawlar, Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşygyň geçiriljek senesi barada pikir alşylar. Şeýle hem klublaryň wekillerinden agzalan ýaryşlary ýokary derejede geçirmek üçin öz tekliplerini hödürlemek haýyş edildi.

Milli çempionatyň Ýokary ligasynda we bu liga wekilçilik edýän klublaryň ýaşlar düzümleriniň arasyndaky birinjilikde «Arkadag» toparynyň öňde barýandygyny ýatladýarys. Çempionatyň üçünji we dördünji aýlawlarynyň senenamasy düzülende, Kubok we Naýbaşy kubok ýaryşlary bilen bilelikde, türkmen toparlarynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-däki we Çagyryş ligasyndaky duşuşyklary hem göz öňünde tutular
17
60
olia
4 Iýul 2024
Bee ýokary liga diýýä welin bolanyna görä aşakyda bardyr hä..
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.