stella_🖤
23.08.2024 11:12
XI asyryň ortalarynda Angliýada iri ýer eýeçilik düzgüni hokum sürýärdi, ýöne ol ahyryna çenli tamamlanmandy. Daýhanalaryň ep-esli bölegi ýurdyň demirgazyk Günbatarynda azat bolupdyrlar. Olar ýer ýelerine bagly däldi. Üstüsine XI asyryň ýarymynda Normand çözuşlary hem başlandy. Onuň başynda Normand we Gerzogy Wilgelm durupdyr. 1966 ýylyň Ruhnama aýynda La-Manşy ýüzüp geçip Angliýanyň g.o. goşuny bilen düşleýär. Normandlaryň atly we ýer goşuny köp we oňat ýaraglandy, anglo-sokson koroly Garoldyň daýhan ýer goşuny gysagly düzülipdir. Garold şäheri boýün egenden soň Wilgelm Londony eýeledi. Angliýanyň koroly Wilgelm I basybalyjy (1066-1087) boldy. Normond baronlaryň bütin ýurdy boýun egdirmek üçin birnäçe ýyl geçdi. Daýhan gozgalandlary başlandy. 1069 we 1071 ýylda ýurdyň d.g. we d.g. gün dog-da bolan gozgalaňlarda daýhan obalaryny ýakdylar, ýaşaýjylaryň öldürdiler. Boşan ýeler 10-larça ýylap boşap ýatdy. Anglosakson ýerleriniň ýerleride basybalyjylara geçdi. Şeýdip iri ýer eýelerine “baronlar” diýip at beripdir. Orta we maýda ýer eýelerine rysarlar diýipdirler. Buthana we dünýewi administratiw işleride hem anglosaksonlar Fransiýadan gelip çykan normandlar eýelediler.
11
22
stella_🖤
22.08.2024 18:57
Planetalarda näçe metr böküp bilers?

Ýerde durmagymyzyň sebäbi ýer çekimi. Muny hemmämi bilýäs. Ýer çekimi bolany üçin hem 0.05 m ýokaryk böküp bilýäs. Ýer çekimsiz ýerde meselem mars, saturn, yupiter we ş.m näçe mete ýokaryk böküp bilers.


Merkur: Merkur güne has ýakyn planeta. Merkurda dünýädakiden ýartydan az ýer çekimi bardyr. Bu sebäpli 1.2 m ýokaryk böküp bilýäris.

Venüs- Ýokarda erbet bulutlar bolmasady Venüsden dünýäni görüp bilerdik. Bulutlar gaty kän we gorkunç. Bu ýerse bökmek islesediňiz 0.6 m böküp bilersiňiz.

Aý- Aýdaky ýer çekimi dünýädäkiden 5-1-i has azdyr. Şonuň üçin 2,7 m böküp bilersiňiz we 1-2 sekunt howada galarsyňyz.

Mars- Bu gyzyl planetada 1.2 m böküp bilersiňiz.

Phobos- Bu ýerde bökjek bolmaň. Ýer çekimi gaty az welin aýagyňyz ýere degmän biler.

Ceres- Günüň sistemasyndaky iň uly planetalaryň biri. Eger-de bu ýer-de bökseňiz. 16 m böküp bilersiňiz we ýuwaşlyk bilen aşak gidersiňiz.

Ýupiter- Ýupiteriň gaty ýeri ýokdyr şonuň üçinem bökmek mümkin däl. Ýöne bökjek diýseňiz diňe 0.2 m böküp bilersiňiz. Ýupiterde ýer çekimi köpdür.

Ganymede- Bu planetada ýer çekimi azdyr şonuň üçin 3 metrden ýokary böküp bilersiňiz.

Saturn- Saturn ýupiterden bir az kiçidir we ýupitere meňzeýändir (daş şekili däl içi meňzeýär) . Saturn-da howada bökseňiz 0.04 m böküp bilersiňiz. Saturn halkasy bardyr bu halkalar bur we daşlardan bolan halka.


Awtory: OLUMLU BAK

Terjime eden: stella_🖤
17
53
stella_🖤
21.08.2024 09:40
D­e­mir­ga­zyk At­lan­ti­ka­nyň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýän Is­lan­di­ýa haý­ran gal­dy­ry­jy buz­luk­la­ry hem-de he­re­ket ed­ýän wul­kan­la­ry bi­len te­bi­ga­ty sö­ýü­ji­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Is­lan­di­ýa diý­len­de köp­ler De­mir­ga­zyk yşyk­la­ry göz öňü­ne ge­tir­ýär. Köp­ler bol­sa Is­lan­di­ýa­ny gyz­gyn suw­ly köl­le­riň ýur­dy hök­mün­de ta­na­ýar. Islandiýa 103 müň ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny tut­ýan ada ýur­dy bolup, Ark­ti­ka te­ge­le­gi­ne örän ýa­kyn ýer­leş­ýär. Şol se­bäp­li bu ýer­de tom­su­na ak gi­je­le­ri, gy­şy­na bol­sa dür­li öwüş­gün­li de­mir­ga­zyk yşyk­la­ry­ny syn­lap bol­ýar. Sy­ýa­hat­çy­la­ryň kö­pü­si bu ýur­da Ting­wad­la­watn kö­lü­ni gör­mek üçin bar­ýar­lar.

Ýur­duň paý­tag­ty Reýk­ýa­wik şä­he­ri bo­lup, Kou­pa­wog­ýur, Hab­nar­ford­ýur, Reýk­ýa­nes­baýr, Aku­reý­ri, Gar­da­baýr Is­lan­di­ýa­nyň esa­sy şä­her­le­ri ha­sap­lan­ýar. Is­lan­di­ýa­ly­la­ryň 95 gö­te­ri­mi is­land di­lin­de gep­leş­ýär­ler. Ýur­duň res­mi di­li is­land di­li bo­lup, ikin­ji we üçün­ji dil hök­mün­de dat we iň­lis dilleri öw­re­dil­ýär. Şol se­bäp­li ada ýur­du­na bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­r ýer­li ilat bi­len dü­şü­niş­mek­de kyn­çy­lyk çek­me­ýär­ler. 2007-nji ýyl­da Is­lan­di­ýa BMG ta­ra­pyn­dan ýa­şa­mak üçin dün­ýä­niň iň go­wy ýur­dy diý­lip saý­lan­dy. So­wuk ýur­da Kef­la­wik ho­wa men­zi­li ar­ka­ly ýa-da de­ňiz üs­ti bi­len ba­ryp bol­ýar. Ge­ze­len­je bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ra çig we ka­ka­dy­lan et, gaý­na­dy­lan süýt, bi­şi­ril­me­dik ýu­murt­ga ge­tir­mek ga­da­gan edil­ýär. Is­lan­di­ýa­nyň mil­li aş­ha­na­syn­da ba­lyk we de­ňiz önüm­le­ri esa­sy or­ny eýe­le­ýär. Aku­la etin­den taý­ýar­lan­ýan na­har­lar, leň­ňeç çor­ba­sy, gaý­na­dy­lan go­çuň kel­le­si, süý­ji tü­wi pu­din­gi, krem­li ga­tyk hem-de piş­me (klei­nur do­nuts) ýur­duň meş­hur ta­gam­la­ry­dyr.
Is­lan­di­ýa ýy­lyň äh­li pas­lyn­da sy­ýa­hat­çy­lar üçin açyk­dyr. Ada ýur­du­na bar­ýan­lar te­bi­gy gö­zel­lik­ler bi­len bir ha­tar­da, is­land at­la­ry­ny, pol­ýar til­ki­le­rini we ak del­fin­le­riň tä­sin he­re­ket­le­ri­ni syn­lap bil­ýär­ler. Is­lan­di­ýa söw­da we jem­gy­ýet­çi­lik güý­men­je­le­ri üçin däl-de, hem­me zat­dan uzak­la­şyp, te­bi­gat­da asu­da dynç al­mak is­le­ýän­ler üçin iň go­wy ýer­le­riň bi­ri­dir.
12
25
stella_🖤
17.08.2024 21:46
Ajaýyp asyryň» ýyldyzy rus filminde surata düşer

«Ajaýyp asyr» atly meşhur türk serialynyň ýyldyzy Burak Özçiwit ilkinji gezek rus filminde surata düşer. Bu barada «Mash» Telegram-sahypasyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

Ady agzalan sahypanyň maglumatlaryna görä, Özçiwit «Ýigdekçäniň sözi. Asfaltdaky gan» diýen täze meşhur rus serialynyň ýyldyzy Ruzil Minekaýew bilen bilelikde kinoda surata düşmäge rugsat berdi.

Türk aktýory üçin Kazan şäherinde otelleriň birinde otagyň taýýarlanandygy bellenýär. Aktýora bir surata düşüş güni üçin 1,5-3 million rubl hak tölener.
19
89
stella_🖤
16.08.2024 14:17
Singapur we gereksiz kanunlary.



Singapur ösen ýurtlaryň biri. Bu ýurt ösmegi üçin hiç hili başga ýurtlar kömek etmedi. Özleri 0-dan galdylar diýilýani boldy. Singapur halky diýilýän zad ýok olaryň hemmesi göçüp gelenler. 74% Hytaý; %13 Malaý: 9% Hindistan galan 4% bolsa beýleki ýurtlardan ybarat. Belli bir din ýok 30% Budist %18 hristiyan 14% Musulman 10% Taoist 5% Hindu 1% beýleki dinler baýleki galan 18% hiç hili dinleri ýok. Bilimi gaty üns berýän ýurtlaryň biri. Olaryň dili Hytaýça Malaýça hindiçe we köplenç iňlisçe gürleýärler. Singapurda garyp maşgalalara köp duş gelip bilmersiňiz olaryň köpsi baý. Işsizlik %3.2. Iň garyp adam hem bu ýurtda gowy öýi bilimi bar. Sebäbi döwlet tarapyndan öý iş berilýär. Iň baý ýurtlaryň biri bolsada zatlary gaty gymmat. Iň gymmat ýurtlaryň arasynda 4-nji ýerde. Singapuryň beýle arassa owadan bolmagynyň sebäbi kanunlary.

Ine kanunlary.


1) Sakgyç çeýnemeli däl. Magazinlarda sagkyç satmaly däl. Diňe dermanhanalarda bar. Ýere sakgyç zyňmaly däl.

2) Tükürmeli däl.

3) Gep etmek gadagan. Biri siziň hakyňyzda gep etse gidip polisiýalara aýdyp bilersiňiz. Polisiýada azatlykdan mahrum etýär.

4) Köçede saz çalmak gadagan.

5) Ýolyşykdan geçmeli.

6) Içgili maşyn sürmeli däl.

7) Çilim çekmek gadagan.

8) Bir kafeda telefonyňyzy ýatdan çykardyňyz onda yzyňyza gidip görseňiz telefon şol duran ýerindedir. Ýagny hiç kim ogurlyk edip bilmeýär sebäbi her 5 ädimden kameralar arkaly seredilip durulýar we her ýerde polisiýalar bar.

8) Başga biriniň wi-fi rugsatsyz baglanyp bilmersiňiz.

9) Ýurdyň iň meşhur miwesi duriana. Ýöne bulam gadagan sebäbi ysy gaty erbet. Köçede satylsa köçede porsy ys bolýar. Diňe duriana däl başgada porsy ysly zat bolsa olaram köpçülikde çykarmak gadagan.

10) Metroda awtobusda hiç zat iýmeli däl. Sebäbi siz iýip otyrkaňyz başga biri hem iýesi geler diýip duşünilip gadagan edilipdir.

11) Guşlara nahar berip bilmersiňiz. Sebäbi guşlar daş-töweregi hapalaýar. Guşlar ýörite döwlet tarapyndan seredilýär.

12) Iki öýüňiz bolup bilmeýär. Öýüňiziň birini satmaly bolýar. Ýa-da döwlete satsaňyz döwlet öýi bolmaýanlara berýär.

13) Daşary ýurtdan gelenlere öý satylmaýar. Singapurdaky hemme zat singapuryňky. Singapurdan öý satyn aljak bolsaňyz singapurly bolmaly

14) Musur zyňmaly däl

Bu kanunlary etmeýänlere başda pul tolegi soň azatlykdan mahrum edilip ölüme çenli gidip biler. Singapurda ýaşaýanlar bularyň hökman gereklidigini aýtýarlar siz bu kanunlar hakynda näme düşünýärsiňiz.



Awtory: Sümeýra çenet

Terjime eden: stella_🖤
19
93
stella_🖤
15.08.2024 19:47
Robot otel

Dünýäniň ilkinji robot otely ýaponiýada bar. Ol otelde adam işlänok diňe robotlar bar. Gireniňizde otel tölegini robotlara edip kartyňyzy robotlardan almaly. Çemedanlaryňyzy hem robotlar otagyňyza çenli göterýär. Otagyňyza gireniňizde çyralar we televizor özi işläp başlaýar öçürmek üçin ýörite telefon bar. Telefony dörüp ýa-da ogurlap bilmersiňiz sebäbi telefonda diňe televizory, holodinligy we çyralary öçürüp ýakyp bolýar başga programmalara girip bolanok. Oteliň daşynda hiç ýerde işlänok. Siz egerde televizory ýapmagy ýadyňyzdan çykarsaňyz otagyňyzdan çykan soň özi öçýär. Siz otagyňyzdan çykan wagtyňyz iki robot otaga girip aýnalary ýuwýa tozany alýar we otagy arassalaýar. Otagda ýene gowy zat bar. Üteklenýan gardirop. Gardirobyň içine eşik goýsaňyz irdene çenli arassa ütükli bolýar, 12 sagatda ütükleýar. Howlukmaç bolsaňyz 1 sagatlyga sazlap bolýar. 1 sagatdan ir bolýamy bilemok bolýandyr meniň pikirimçe. Robot otel boluşy ýaly robot kafe bar. Ol ýerde-de diňe robotlar bar. Içinde robotdan ýasalan güjüjiklerem bar. Ýaponiýada robotlara köp duş gelip bilersiňiz.


Awtory: Sümeýra çenet

Terjime eden: stella_🖤
25
136
stella_🖤
14.08.2024 15:49
Ýakutsk


Ýakutsk dünýäniň iň sowuk ýeri. Russiýanyň iň gyrasynda bolan bu Şäherde ýaşaýyş bolmaz diýseňem 2000 muň adam ýaşaýar. -71 dereje bilen ginnes rekordlar kitabyna girdi. Maşynlary diňe işletýärler sebäbi 20 minutdan kän dursa işlemeýär. Ýa-da galyn zatlardan ýapýarlar welin olam kän peýda berenok. Maşynlar onuň ýaly bolsa adamlar 25- minutda ÖLÝÄR. 15 minutda eline bir zat batýan ýaly bolýa soň ýuwaş ýuwaş elini duýmaýar we elleri agaryp çişýär 1 hepde agyrýar we 1 hepde soň hamyňyz soýulyp başlaýar. Şunuň ýaly bolsa indi haçan eliňiz üşese şeýle bolýar. Jaýlary, işleri ýokarlarda gurýarlar. Bir kafeda girmek üçin 5 gapy bolýar munuň sebäbi sowuk howa girmez ýaly. Her basgançakda halylar bar ýykylmaz ýaly. Adamlar pyýada ýörände ýolda bank, kafe, magazin we ş.m girip ýylanýarlar. Her gün irden ýollaryň garlaryny aýyrýarlar. Onda adamlar nädip ýaşaýarlar? Olar sowuga çydamly. Hemem Ýakustda gymmat bahaly daşlar gaty kän özi çykýa nireden çykýanyny bilemok welin ýolda ýöräp barýarkaň hem çykyberýa. Okuwçylar howa -50 dereje bolmasa gitýärler. Ýollarda buzdan heýkelleri kän. Olar öz ýurtlaryny gaty gowy görýärler. Köp blogerler ýörite gidip kän wideolar çekip like alýarlar. Bir gijede 1 bananyň içi daşy buz bolýar. Onda olara holodinlik gerek däldir. Olar ýyly suwlary hem bar alada etmäň hökümet taraplaýyn ýyly suw akýar. Olaryň garlary hem biziňki ýalak däl üýtgeşik. 20 minutlyk ýoly 40 minutda barýarlar. Kän daşarda ýöreseňiz gar däl oduň üstünde ýörän ýalak bolýaňyz aýaklaryňyz sowuga ýanýar.



Stella_🖤
23
74
stella_🖤
13.08.2024 23:26
Demirgazyk koreya.


Demirgazyk koreya hakynda internetda kan bir maglumat yok. Menem Demirgazyk koreya barada gyzyklandym we gören okan zatlaryma gaty geň galdym. Demirgazyk koreya halanmayan yurtlarda 4-nji yerde. Demirgazyk koreyada hic hili din yok. Olar liderleri Kim Çeni hudaý diýip hasaplaýarlar. Oňki liderleri aradan çykanda demirgazyk koreya halky näçe günläp aglapdyrlar. Demirgazyk koreyada ortaça aýlyk 5000 won. 5000 won 1 aýlaryna ýetenok sebäbi tüwi 4500 won ondaň nädip ýetsin? Onda bular nädip ýaşaýarlar? Etmeli däl işleri edip. Meselem Lukmanlar plastica apparassiya edip. Demirgazyk koreyada daşary ýurt kinolaryny görmek gadagan. Şonuň üçin daşary ýurda 1-2 hepdeligine çykanlarynda hökümet taraplaýyn şon-da USB ýa-da şulara meňzeş zatlara kino ýükleýärler we bukup şähere gelýärler. Soň kiçi dükanlarda bukup satýarlar. Demirgazyk koreýada her öýde diýilen ýaly towşan saklaýarlar. Sebäbi her ýyl esgerlere ugratýarlar olaram iýýäler. Esgerlik oglanlar üçin 10 ýyl we 2-3 ýylda bir gezek dolanyp bilýärler. Gyzlar öňler özleri isleseler gidip bilerlerdi ýöne 2016-nji ýyldan bäri olary hem çagyrýarlar.




Demirgazyk koreýadan gaçýanlaryň sany gaty kän. Olaryň biri hem Zara bu maglumatlaram Zara youtube kanalynda aýtdy. Bu maglumatlar dogry. Zara ejesi bilen Türkiýe gaçýarlar emma kakasy bilen jigisi demirgazyk koreýada. Hökümet Zara we ejesiniň gaçandygyny öwrenip kakasy we jigisini tutsak etdi. Kakaňy we jigiňi öldürmezlermi diýip soranlarynda onuň jogaby " Ýok öldürmeýärler seýäbi demirgazyk koreýada adam azalyp başlady her kim gaçýar. Gaçanlaryň maşgalalaryny öldürseler onda şäherde adam galmazdy". Demirgazyk koreya gitmekçi bolsaňyz islän ýerleriňize gidip bilmeýärsiňiz. Olar öňünden taýynlyk görýärler. Demirgazyk koreýada islän wagtyň islän ýeriňe çykyp bileňok. Turisleriň ýanynda öz ýurdyňy öwmeli diýip hem kanun bar. Demirgazyk koreyda hem yene seyle yagday bar football utulyp gelseler hem telewizorlarda utdy diyip gozkezyärler halk hem muňa ynanýar.




Demirgazyk koreýa hakynda geň galdyryjy maglumat gaty kän meniň öwrenenlerimden ýatda galanlary şular öz ýurdumyza şükür etmeli.



Stella_🖤
16
101
stella_🖤
13.08.2024 15:11
Soňky 125 ýylyň iň gowy 10 kitaby


“Nýu-Ýork Taýms” neşiri dünýäniň iň gowy kitaby kesgitlemek üçin ses berlişik gurnaýar. Bu gazetiň habaryna görä, ses bermek üçin 25 kitap hödürlendi. Olar ABŞ-nyň neşiri boýunça dünýäde soňky 125 ýylyň iň gowy kitaplary hasaplanýar.

“1984” atly kitap – iňlis ýazyjysy Jorj Orwell tarapyndan ýazyldy we 1949-njy ýylda çap edildi. Ol häzir hem dünýä syýasatynda öz meşhurlygyny saklaýar.

“All the light we cannot see” (görüp bilmeýän ähli yşyklarymyz) atly kitap – Entoni Dorr tarapyndan ýazyldy. 2014-nji ýylda “Pulitser” baýragyna mynasyp boldy. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda gözi görmeýän fransuz gyz bilen Wener atly nemes oglanjyk barada eser beýan edilýär.

“Beloved” (Eý görülýän) atly kitap – Toni Morrison tarapyndan ýazyldy we 1987-nji ýylda neşir edilen bu kitap okyjylara gulçulyk sebäpli dörän akyl we fiziki şikesleri öwretmäge kömek edýär.

“Catch 22” (Emel 22) atly kitap – Jozef Heller tarapyndan 1961-nji ýylda çap edildi.

“The catcher in the rye” (Çowdary meýdanyndaky çagalar) atly kitap – J.D.Salonger tarapyndan 1951-nji ýazyldy we bir oglanyň mekdep çykarylmagy bilen başlanan başden geçirmeleri suratlandyrýar.

“Charlotte’s web” (Şarlottanyň tory) atly kitap – E.B.Uaýtyň möý, kiçijik gyzjagaz we doňuz baradaky kitaby 1952-nji ýylda çap edildi we çagalar edebiýatynyň esasyna öwrüldi.

“A confederacy of dunces” (Akmaklaryň kofederasiýasy) atly kitap – Jon Kennedi Tula tarapyndan ýazylan ýeke-täk eser bolup, bu kitap  ýazyjy aradan çykandan soňra çap edildi. Ol 1981-nji ýylda “Pulitser” baýragyna eýe boldy.

“The fellowship of the ring” (Ýüzükleriň hökmürowany: Ýüzük doganlygy) atly kitap – J.R.R. Tolkieniň kitaby 1954-nji ýylda neşir edildi, onuň esasynda filmler surata düşürilenden soňra, kitap dünýäde meşhurlyk gazandy.

“A fine balance” (Gowy deňagramlylyk) atly kitap – Rohinton Mistriniň 1995-nji ýylda neşir edilen kitabydyr.

“A gentleman in Moscow” (Moskwadaky jentelmen) atly kitap – Amor Taulzanyň 2016-njy ýylda çykan romanydyr.
19
64
stella_🖤
12.08.2024 17:46
Aşgabatdaky Fransuz instutynda Nadar galereýasynyň "soňsuz dünýa" atly sergisi açyldy.

22-nji fewralda Aşgabatdaky Fransuz institutynda Nadar galereýasynyň «Soňsuz dünýä» atly sergisi açyldy. Serginiň myhmanlaryny Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Filip Merlen we Türkmenistandaky Fransuz institutynyň müdiri Romen Guwerna garşy aldy.


Ekologiýanyň tebigy geçiş resurslarynyň sarp edilmeginiň ýer şarynyň geljegine edýän täsiriniň jedelli meseleleri, gaýtadan dikeldilýän energiýa – bularyň ählisi Aşgabat şäherindäki Fransuz institutynyň Nadar galereýasynda açylan «Soňsuz dünýä» sergisinde gozgalýan esasy mowzuklaryň hataryna girdi.

«Soňsuz dünýä» sergisinde «The Shift Project» merkeziniň başlygy we energiýa we howa meseleleri boýunça öňdebaryjy bilermen Žan Mark Ýankowiçiň kitaplary we ondaky suratlar ýerleşdirildi. Bu kitap 2022-nji ýylda Fransiýada uly meşhurlyga eýe bolupdy. Şonuň üçin hem, kitabyň 800 000-den gowrak nusgasy satyldy we birnäçe dile terjime edildi.


«Soňsuz dünýä» kitaby, esasan hem, Nadar galereýasyndaky sergide görkezilen gülkünç suratlar ýazyjy bilen suratkeşiň duşuşygyny we iki awtoryň energiýa çeşmeleri we howa temalary boýunça gürrüňdeşligini beýan edýär. Şäherleşme, täzelenip bilýän çeşmeler we gazylyp alynýan baýlyklar, ýyladyşhananyň täsiri, ulaglar hem beýlekiler ýaly adamzada degişli wakalar bu ýerde has aýdyň görkezilýär.

Bu sergini döretmek bilen Fransuz instituty ekologiki özgerişler bilen baglanyşykly meselelere mümkin boldugyça köp adamyň ünsüni çekmäge umyt edýär. Bu serginiň üsti bilen geljekki ýaşyl durmuşymyza aýratyn goşant goşup bilersiňiz. Galereýada myhmanlar metal, aýna, kagyz we plastmassany iň arassa görnüşinde gaýtadan işläp bilýän gaplar bar. Dürli ýerli çärelere gatnaşmak üçin maglumat we aragatnaşyklar hem şu ýerde ýerleşdirildi.

«Soňsuz dünýä» sergisi maý aýyna çenli her gün 09:00-dan 20:00-a çenli myhmanlar üçin açyk bolar.
19
31