stella_🖤
13.08.2024 15:11
Soňky 125 ýylyň iň gowy 10 kitaby


“Nýu-Ýork Taýms” neşiri dünýäniň iň gowy kitaby kesgitlemek üçin ses berlişik gurnaýar. Bu gazetiň habaryna görä, ses bermek üçin 25 kitap hödürlendi. Olar ABŞ-nyň neşiri boýunça dünýäde soňky 125 ýylyň iň gowy kitaplary hasaplanýar.

“1984” atly kitap – iňlis ýazyjysy Jorj Orwell tarapyndan ýazyldy we 1949-njy ýylda çap edildi. Ol häzir hem dünýä syýasatynda öz meşhurlygyny saklaýar.

“All the light we cannot see” (görüp bilmeýän ähli yşyklarymyz) atly kitap – Entoni Dorr tarapyndan ýazyldy. 2014-nji ýylda “Pulitser” baýragyna mynasyp boldy. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda gözi görmeýän fransuz gyz bilen Wener atly nemes oglanjyk barada eser beýan edilýär.

“Beloved” (Eý görülýän) atly kitap – Toni Morrison tarapyndan ýazyldy we 1987-nji ýylda neşir edilen bu kitap okyjylara gulçulyk sebäpli dörän akyl we fiziki şikesleri öwretmäge kömek edýär.

“Catch 22” (Emel 22) atly kitap – Jozef Heller tarapyndan 1961-nji ýylda çap edildi.

“The catcher in the rye” (Çowdary meýdanyndaky çagalar) atly kitap – J.D.Salonger tarapyndan 1951-nji ýazyldy we bir oglanyň mekdep çykarylmagy bilen başlanan başden geçirmeleri suratlandyrýar.

“Charlotte’s web” (Şarlottanyň tory) atly kitap – E.B.Uaýtyň möý, kiçijik gyzjagaz we doňuz baradaky kitaby 1952-nji ýylda çap edildi we çagalar edebiýatynyň esasyna öwrüldi.

“A confederacy of dunces” (Akmaklaryň kofederasiýasy) atly kitap – Jon Kennedi Tula tarapyndan ýazylan ýeke-täk eser bolup, bu kitap  ýazyjy aradan çykandan soňra çap edildi. Ol 1981-nji ýylda “Pulitser” baýragyna eýe boldy.

“The fellowship of the ring” (Ýüzükleriň hökmürowany: Ýüzük doganlygy) atly kitap – J.R.R. Tolkieniň kitaby 1954-nji ýylda neşir edildi, onuň esasynda filmler surata düşürilenden soňra, kitap dünýäde meşhurlyk gazandy.

“A fine balance” (Gowy deňagramlylyk) atly kitap – Rohinton Mistriniň 1995-nji ýylda neşir edilen kitabydyr.

“A gentleman in Moscow” (Moskwadaky jentelmen) atly kitap – Amor Taulzanyň 2016-njy ýylda çykan romanydyr.
19
62
gunesh_
13 Awgust 2024
@Islam_Atayew, ýok o däl, başga filmden bu:)
Islam_Atayew
13 Awgust 2024
@gunesh_, ha bolya, suratyna Anabel kinodaky gurjaga menzeya🙂
gunesh_
13 Awgust 2024
@Islam_Atayew, şol hasabym şu, diňe profil üýtgedi çalaja:)
Islam_Atayew
13 Awgust 2024
@gunesh_, bolya o hasabyna nam bollu
gunesh_
13 Awgust 2024
@Islam_Atayew, howwa:)
Islam_Atayew
13 Awgust 2024
@gunesh_, aýnañ öñinde otyran gyzyn suratyny goyup giryadin dami onki hasabynda
gunesh_
13 Awgust 2024
@Islam_Atayew, Salam. Mende öňde Güneş bardymy bilemok ýöne siziň aýdýanyňyz men bolmagym mümkin:)
PILOT👮‍♂️✈🛩
13 Awgust 2024
👍❤
Islam_Atayew
13 Awgust 2024
@gunesh_, Salam siz onki gunesh agzamy
gunesh_
13 Awgust 2024
J.R.R. Tolkien gowy ýazyjy. Öz durmuşy barada filmem çykdy. "Şarlotuň kerebi" kitabam öýde dur, kursdaşymdan okajak diýip alanyma 2 ýyl bolandyr ýöne entegem okamok şony. 🤦🏻‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.