Demirgazyk Atlantikanyň merkezinde ýerleşýän Islandiýa haýran galdyryjy buzluklary hem-de hereket edýän wulkanlary bilen tebigaty söýüjileriň ünsüni özüne çekýär. Islandiýa diýlende köpler Demirgazyk yşyklary göz öňüne getirýär. Köpler bolsa Islandiýany gyzgyn suwly kölleriň ýurdy hökmünde tanaýar. Islandiýa 103 müň inedördül kilometr meýdany tutýan ada ýurdy bolup, Arktika tegelegine örän ýakyn ýerleşýär. Şol sebäpli bu ýerde tomsuna ak gijeleri, gyşyna bolsa dürli öwüşgünli demirgazyk yşyklaryny synlap bolýar. Syýahatçylaryň köpüsi bu ýurda Tingwadlawatn kölüni görmek üçin barýarlar.
Ýurduň paýtagty Reýkýawik şäheri bolup, Koupawogýur, Habnarfordýur, Reýkýanesbaýr, Akureýri, Gardabaýr Islandiýanyň esasy şäherleri hasaplanýar. Islandiýalylaryň 95 göterimi island dilinde gepleşýärler. Ýurduň resmi dili island dili bolup, ikinji we üçünji dil hökmünde dat we iňlis dilleri öwredilýär. Şol sebäpli ada ýurduna barýan syýahatçylar ýerli ilat bilen düşünişmekde kynçylyk çekmeýärler. 2007-nji ýylda Islandiýa BMG tarapyndan ýaşamak üçin dünýäniň iň gowy ýurdy diýlip saýlandy. Sowuk ýurda Keflawik howa menzili arkaly ýa-da deňiz üsti bilen baryp bolýar. Gezelenje barýan syýahatçylara çig we kakadylan et, gaýnadylan süýt, bişirilmedik ýumurtga getirmek gadagan edilýär. Islandiýanyň milli aşhanasynda balyk we deňiz önümleri esasy orny eýeleýär. Akula etinden taýýarlanýan naharlar, leňňeç çorbasy, gaýnadylan goçuň kellesi, süýji tüwi pudingi, kremli gatyk hem-de pişme (kleinur donuts) ýurduň meşhur tagamlarydyr.
Islandiýa ýylyň ähli paslynda syýahatçylar üçin açykdyr. Ada ýurduna barýanlar tebigy gözellikler bilen bir hatarda, island atlaryny, polýar tilkilerini we ak delfinleriň täsin hereketlerini synlap bilýärler. Islandiýa söwda we jemgyýetçilik güýmenjeleri üçin däl-de, hemme zatdan uzaklaşyp, tebigatda asuda dynç almak isleýänler üçin iň gowy ýerleriň biridir.