Ýakutsk
Ýakutsk dünýäniň iň sowuk ýeri. Russiýanyň iň gyrasynda bolan bu Şäherde ýaşaýyş bolmaz diýseňem 2000 muň adam ýaşaýar. -71 dereje bilen ginnes rekordlar kitabyna girdi. Maşynlary diňe işletýärler sebäbi 20 minutdan kän dursa işlemeýär. Ýa-da galyn zatlardan ýapýarlar welin olam kän peýda berenok. Maşynlar onuň ýaly bolsa adamlar 25- minutda ÖLÝÄR. 15 minutda eline bir zat batýan ýaly bolýa soň ýuwaş ýuwaş elini duýmaýar we elleri agaryp çişýär 1 hepde agyrýar we 1 hepde soň hamyňyz soýulyp başlaýar. Şunuň ýaly bolsa indi haçan eliňiz üşese şeýle bolýar. Jaýlary, işleri ýokarlarda gurýarlar. Bir kafeda girmek üçin 5 gapy bolýar munuň sebäbi sowuk howa girmez ýaly. Her basgançakda halylar bar ýykylmaz ýaly. Adamlar pyýada ýörände ýolda bank, kafe, magazin we ş.m girip ýylanýarlar. Her gün irden ýollaryň garlaryny aýyrýarlar. Onda adamlar nädip ýaşaýarlar? Olar sowuga çydamly. Hemem Ýakustda gymmat bahaly daşlar gaty kän özi çykýa nireden çykýanyny bilemok welin ýolda ýöräp barýarkaň hem çykyberýa. Okuwçylar howa -50 dereje bolmasa gitýärler. Ýollarda buzdan heýkelleri kän. Olar öz ýurtlaryny gaty gowy görýärler. Köp blogerler ýörite gidip kän wideolar çekip like alýarlar. Bir gijede 1 bananyň içi daşy buz bolýar. Onda olara holodinlik gerek däldir. Olar ýyly suwlary hem bar alada etmäň hökümet taraplaýyn ýyly suw akýar. Olaryň garlary hem biziňki ýalak däl üýtgeşik. 20 minutlyk ýoly 40 minutda barýarlar. Kän daşarda ýöreseňiz gar däl oduň üstünde ýörän ýalak bolýaňyz aýaklaryňyz sowuga ýanýar.
Stella_🖤