Aşgabatdaky Fransuz instutynda Nadar galereýasynyň "soňsuz dünýa" atly sergisi açyldy.
22-nji fewralda Aşgabatdaky Fransuz institutynda Nadar galereýasynyň «Soňsuz dünýä» atly sergisi açyldy. Serginiň myhmanlaryny Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Filip Merlen we Türkmenistandaky Fransuz institutynyň müdiri Romen Guwerna garşy aldy.
Ekologiýanyň tebigy geçiş resurslarynyň sarp edilmeginiň ýer şarynyň geljegine edýän täsiriniň jedelli meseleleri, gaýtadan dikeldilýän energiýa – bularyň ählisi Aşgabat şäherindäki Fransuz institutynyň Nadar galereýasynda açylan «Soňsuz dünýä» sergisinde gozgalýan esasy mowzuklaryň hataryna girdi.
«Soňsuz dünýä» sergisinde «The Shift Project» merkeziniň başlygy we energiýa we howa meseleleri boýunça öňdebaryjy bilermen Žan Mark Ýankowiçiň kitaplary we ondaky suratlar ýerleşdirildi. Bu kitap 2022-nji ýylda Fransiýada uly meşhurlyga eýe bolupdy. Şonuň üçin hem, kitabyň 800 000-den gowrak nusgasy satyldy we birnäçe dile terjime edildi.
«Soňsuz dünýä» kitaby, esasan hem, Nadar galereýasyndaky sergide görkezilen gülkünç suratlar ýazyjy bilen suratkeşiň duşuşygyny we iki awtoryň energiýa çeşmeleri we howa temalary boýunça gürrüňdeşligini beýan edýär. Şäherleşme, täzelenip bilýän çeşmeler we gazylyp alynýan baýlyklar, ýyladyşhananyň täsiri, ulaglar hem beýlekiler ýaly adamzada degişli wakalar bu ýerde has aýdyň görkezilýär.
Bu sergini döretmek bilen Fransuz instituty ekologiki özgerişler bilen baglanyşykly meselelere mümkin boldugyça köp adamyň ünsüni çekmäge umyt edýär. Bu serginiň üsti bilen geljekki ýaşyl durmuşymyza aýratyn goşant goşup bilersiňiz. Galereýada myhmanlar metal, aýna, kagyz we plastmassany iň arassa görnüşinde gaýtadan işläp bilýän gaplar bar. Dürli ýerli çärelere gatnaşmak üçin maglumat we aragatnaşyklar hem şu ýerde ýerleşdirildi.
«Soňsuz dünýä» sergisi maý aýyna çenli her gün 09:00-dan 20:00-a çenli myhmanlar üçin açyk bolar.