sofii
27.11.2023 13:35
Tango atly nik bilen tanymal suratçy haýwanlary kagyza düşürip halky geň galdyrýar. Şeýle bolsa geliň, suratçynyň işlerine göz gezdireliň.

(Dowamy bar)
36
126
sofii
21.11.2023 17:05
TÜRKMENISTANDA GÜÝÇLI ŞEMAL BOLUP, ÝAGYŞ ÝAGMAGYNA GARAŞYLÝAR

21-nji noýabrda Aşgabatda gündizine az-kem ýagyş ýagar.

Üýtgäp durýan bulutly howa bolup, 7 — 14 m/s ýetýän, wagtal-wagtal 19 metre çenli ýetýän şemal öwser. Ýyldyrym çakmagy mümkin. Howa +13 gradusdan +26 gradus aralygynda maýyl bolar. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.

22-nji noýabrda hem paýtagtda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Howa +8 gradusdan +15 gradus aralygynda maýyl bolar.

Ahal welaýatynda hem 21-nji noýabrda irden we agşam ýagyş ýagmagy mümkin. Üýtgäp durýan bulutly howa bolup, 15 m/s ýetýän, käýerlerde 21 metre çenli ýetýän şemal öwser. Ýyldyrym çakmagy mümkin. Howa +12 gradusdan +29 gradus aralygynda maýyl bolar.

22-nji noýabrda irden we gündizine ýagyş ýagar. Ýyldyrym çakmagy mümkin. Howa +8 gradusdan +17 gradus aralygynda maýyl bolar. Şemalyň tizligi 14 m/s deň bolar.

21-nji noýabrda Balkan welaýatynda hem az-kem ýagyş ýagar. Üýtgäp durýan bulutly howa bolup, 15 m/s ýetýän, käýerlerde 20 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa +11 gradusdan +20 gradus aralygynda maýyl bolar.

22-nji noýabrda irden we gündizine ýagyş ýagar. Howa +7 gradusdan +16 gradus aralygynda maýyl bolar. Şemalyň tizligi 15 m/s deň bolar.

21-nji noýabrda Daşoguz welaýatynda hem az-kem ýagyş ýagar. Üýtgäp durýan bulutly howa bolup, 14 m/s ýetýän şemal öwser. Käýerlerde 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa +10 gradusdan +23 gradus aralygynda maýyl bolar.

22-nji noýabrda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, +5 gradusdan +13 gradus aralygynda maýyl bolar. Şemalyň tizligi 15 m/s deň bolar.

21-nji noýabrda Lebap welaýatynda hem az-kem ýagyş ýagar. Ýyldyrym çakmagy mümkin. Üýtgäp durýan bulutly howa bolup, 15 m/s ýetýän şemal öwser. Käýerlerde 19 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa +13 gradusdan +29 gradus aralygynda maýyl bolar.

22-nji noýabrda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Howa +10 gradusdan +17 gradus aralygynda maýyl bolar. Şemalyň tizligi 14 m/s deň bolar.

21-nji noýabrda Mary welaýatynda hem gündizine az-kem ýagyş ýagar. Ýyldyrym çakmagy mümkin. Üýtgäp durýan bulutly howa bolup, 15 m/s ýetýän şemal öwser. Käýerlerde 22 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa +13 gradusdan +30 gradus aralygynda maýyl bolar.

22-nji noýabrda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Howa +10 gradusdan +17 gradus aralygynda maýyl bolar. Şemalyň tizligi 14 m/s deň bolar.
25
169
sofii
20.11.2023 21:16
Örän manyly we jaýdar ýazylan goşgy...
20
25
sofii
20.11.2023 16:27
Irden turup, ýorunjany ýygmaly,

Senem tur-da, çaý-suw goýaý, kempirim!

Ýorynjany desselläpjik, bogmaly,

Süsek sygryň özüň sagaý, kempirim!


Soňra arassalap, sygyr ýatagyn,

Syryp-süpürýärin towuk ketegin,

Agyr degjek bolýär igenç, kötegiň,

Gaşyň çytma:n: «Arma!» diýäý, kempirim!

Haýsy işi öň etmeli, duýmaly,

Süýtden gatyk basyrypjyk goýmaly.

Çiggaýmagy ýeke öziň iýmeli,

Maňa-da dadymlyk goýaý, kempirim!


Bizar boldum giç ýatyp, ir turmadan, ,

Öýümiziň parhy barmy türmeden?!

Mydam gybat gürrüňlerden irmediň,

Indi dogry ýola geläý, kempirim!


Ömrümi geçirdim egnimi gysyp,

Senden dynjak boldum, özümi asyp...

Jan süýji, ýetişdim ýüpümi kesip,

Bir pursat dynjymy beräý kempirim.
34
237
sofii
19.11.2023 09:37

Mälim bolşy ýaly, her dört ýyldan bir gezek senenamanyň bir güni — 29-njy fewral artykmaç gelýär. Bosagadaky 2024-nji ýyl hem şeýle ýyldyr.


Köp günli ýyllar nireden peýda bolduka?


Ýer 365 gün 5 sagat 46 minut 48 sekuntda Günüň daşyndan doly öwrülişik edýär. Adaty ýyllarda günleriň sany 365 bolýar. Şeýle-de bolsa, senenama ýyly astronomiýa ýylyndan 0,2422 gün yza galýar. Eger günleriň sanyny artykmaç güni hasaplamazdan ýyllaryň dowamynda yzygiderli şol bir tertipde bölen bolsalar, senenamamyz wagtyň geçmegi bilen möwsümleýin hadysalara görä kem-kemden üýtgärdi.


Näme üçin hut dört ýyldan bir gezek?


Sebäbi senenamada artýan şol wagt bir günüň dowamyna laýyk gelýär (6 [sagat] * 4 [ýyl] = 24).


Bir güni köp ýyllar barada gyzykly faktlar:


- Şunuň bilen bagly Ýewropada bir özboluşly däp bar, oňa laýyklykda, her dört ýyldan bir gezek gelýän 29-njy fewral gününde zenanlar erkeklere söz aýdyp bilýärler;


- Fransiýanyň satiriki «La Bougie du Sapeur» gazeti ilkinji gezek 1980-nji ýylyň 29-njy fewralynda neşir edildi we şondan soň diňe şeýle artykmaç günli ýyllarda çap edildi. Gazetde neşir edilýän krosswordlaryň dogry jogaplaryny dört ýyldan bir gezek indiki sanynda tapyp bolýandygy täsindir. “La Bougie du Sapeur” gazetine ýazylmak tutuş bir asyr üçin 100 funt sterlinge barabar;


- 29-njy fewralda doglan adamlar özleriniň hakyky doglan gününi dört ýyldan bir gezek belläp bilýärler. Ýöne özüni dünýäniň artykmaç günli ýylynyň paýtagty diýip yglan eden Tehas ştatynyň Entoni şäherinde 29-njy fewralda doglan adamlaryň hormatyna her ýylda festiwal guralyp, uly baýramçylyk bellenilip geçilýär.


Bir güni köp ýyllar bilen baglanyşykly köp sanly yrymlardyr gorkular hem bar. Käbir adamlar betbagtçylyklaryň we heläkçilikleriň edil şu ýyllarda has ýygy bolýandygyna ynanýarlar. Aslynda bolsa beýle-de däl, bu ýylda ähli zat adaty ýyllardaky äheňinde gelýär. Ol beýleki ýyllardan özbaşyna tapawutlanmaýar.


Gelýän her ýylyň bir güni köp ýyl ýa-da adaty ýyldygyna garamazdan, adamzat jemgyýeti biek-birege ýagşylyk etse, dostlugy, agzybirligi goldasa, biziň her ýylymyz hem bagtly ýyla öwrüler. Ol köp babatda özümize bagly.

35
207
sofii
18.11.2023 18:32
TEBIGAT TÄSINLIKLERI

Garagum çölünde her ýylda 165―185 günläp açyk howa bolýar.

* * *
Arwana tohumly düýeler ortaça 20―25 ýyl ýaşaýarlar. Olar şol döwrüň içinde 8-10 gezek otlaýarlar.

* * *
Syrtlan öz güýçli äňi we dişleri bilen pilden başga ähli haýwanlaryň süňküni owradyp bilýän ýeke-täk haýwandyr.

* * *
Keýigiň şahynyň şahalary tötänlikden däldir. Şahynyň näçe şahasy bar bolsa, şonça-da ýaşy bardyr. Ýaşyna ýetmedik keýiklerde şah bolmaýar.

* * *
Iň zäherli ýylan suw kepjebaşydyr. Ýuwaş ummanyň Awstraliýa golaý howuzlarynda duş gelýän bu ýylanyň zäheri beýleki ýylanlaryňkydan 100 esse güýçlüdir.

* * *
Grenlandiýanyň buzluklarynda dünýäniň 20 göterim süýji suwy saklanýar.

* * *
Italiýanyň tutýan meýdanynyň 80 göterimi garlykdyr.

* * *
Iň gysga ýylan Martinilba we Barbados adalarynda ýaşaýar. Onuň uzynlygy bary-ýogy 108 millimetrdir.
19
43
sofii
16.11.2023 09:16

Göz öňüňize getiriň. Siz ukudan turanda, dünýäde iň soňky galan adam ekeniňizi düşüneniňizden soňra siziň hereketiňiz?


Eger arwahlar bolmasa, siz garaňkydan näme üçin gorkýaňyz?


Ýatmazdan öň ýapyk penjirede: «Gije penjiräni açyp goý, olar saňa gelýär» diýen ýazgy görseňiz...


Siz penjireden seredip, ýylgyryp duran şekil gördüňiz, siz 7-nji gatda ýaşaýaňyz...


Komnatdaşyňyz gelip, ýanyňyzda oturdy, şol wagt komnatdaşyňyzdan: «Men gijräk gelerin» diýen sms-i gördüňiz...


Siz telefonyňyzda özüňiziň uklap ýatan suratyňyzy tapdyňyz. Siz öýde ýeke ýaşaýaňyz...


Siz golaýyňyzdan pyşyrdyly sesler eşitdiňiz, siz ýeke...

28
150
sofii
14.11.2023 15:53

Bagtyýarlygyň we üstünligiň syrlary


Gorky ynamy peseldýär

Adamlarda akyl ýetirilmeýän zatlar gorky döredýär. Bu hem olary üstünliklerde biraz daşlaşdyrýar. Gorky sebäpli gaýgy-gama batmak häzirki zaman adamlary üçin mahsus zatlaryň biridir, sebäbi daşary döwletleriň käbir teleýaýlymlary arkaly görlüp-eşidilýän gorkunç habarlar şu günki günüň hakykatyna öwrüldi diýsek ýalňyşmaryn.

Gorkynyň sebäpleri biziň özgeler hem-de daş-töweregimizi gurşap alýan dünýämize ynamsyzlygyň esasynda döreýändir.

Eger-de biz özümizde bar bolan gorkyny ýeňip geçmek islesek, onda daş-töweregimizi gurşap alýan barlyga ynanmagymyz gerek. Özümiziň ýokarky güýçler tarapyndan hemişe goraglydygymyzy duýmagymyz gerek.


Ynamyňyza görä...

Biziň ähli arzuwlarymyz hasyl bolýar. Hemişe. Ýöne gürrüň onuň haçan we näwagt anyk boljakdygy barada. Biz sabyrsyz ahyryn. Hemme zady birden we artygy bilen bolmagyny isleýäris. Eger-de islän zadymyzy şobada alyp bilmesek, onda oňa bolan gyzyklanmamyzy, iň beteri hem ynamymyzy gaçyrýarys.

Iň esasy zat siz ruhdan düşüp, ynamyňyzy gaçyrmaň. Ynam siz bilen bile gudrat döreder. Barlygyň gizlin arzuwlary hasyl etme häsiýeti bar. Eger-de siz bir zady arzuw edip, oňa-da ýüregiňiziň çuňundan ynanmaýan bolsaňyz, onda ynanmaýan zadyňyz HASYL bolar. Danalaryň aýdyşy ýaly: «SIZE YNAMYŇYZA GÖRÄ BERLER».


Ozal aňsat bolan ýaly

Köpler üçin häzir degerli bir iş bilen meşgullanmak ozalkylardan kyn ýaly. Emma bu pikirler durmuşda her gün inkär edilýär. Ters düşünjeli adamlaryň işsizligi, ykdysady çökgünligi BAHANA edýän mahallary, her ýyl TÄZE-TÄZE KÄRHANALARYŇ ENÇEMESI DÖRÄP, GÜLLÄP ÖSÝÄR. MÜŇLERÇE ADAMLAR GURPLANÝAR. HER ÝYLDA ENÇEME TÄZE FILMLER SURATA DÜŞÜRILÝÄR, ENÇEME ŞÄHERLER, JAÝLAR, ÝOLLAR, KÖPRÜLER GURULÝAR...Tutuş dünýä siziň täze ideýalaryňyz, harytlaryňyz, hyzmatlaryňyz üçin açyk. Üstünlik gazanmak daşky ýagdaýlara däl-de, siziň keýpiňize, siziň özüňizi daş-töweregiňiz bilen nähili sazlaýşyňyza bagly.


Gorkudan saplanmagyň ýollary

Nämeden gorkýanlygyňyz hakynda oýlanyň. Gorkuňyz bilen galtaşmaga çalşyň. Ähli gorkudan saplanyp bolýar. BIZIŇ GORKUMYZ—BIZIŇKI. Haçan-da, gorky öz ýanymyzdan bolanda. Ol gorky hakyky däl, ol biziň duýgymyz. Gorka kinoteatrlarda görkezilýän kinofilmlere garaýşyňyz ýaly garamaly. Ekranyň ýüzündäki görkezilýän wakalar az wagt hereket edip, soňra tamam bolýar. Bizde bar bolan gorky hem edil, ekrandaky şol suratlar ýaly tiz ýatdan çykyp gider.

28
97
sofii
12.11.2023 08:51

Bagtyýarlygyň we üstünligiň syrlary


Şu günki işiňizi ertä goýmaň!

Şu günki işiňi ertä goýmak, üstünligiň garşysyna işlemekdir. Işi şowlaýan adam hemişe tertip-düzgüne eýerýän adamdyr. Onuň üçin daş-töwerekden hemişe ýatladyp ýa-da ýolbaşçy tarapyndan tabşyryp durmagyň geregi ýokdur. Ol işiniň wagtynda ýerine ýetirilmeginiň, ilki bilen özüne gerekdigine düşünýändir. Şeýle hem, hökman öz ýolbaşçyňyzdan işiňizden nämeleri talap edilýändigini gyzyklanyp duruň. Bu siziň geljekde üstünlik gazanmagyňyza kömek eder.

Işi şowlaýan adam boljak bolsaňyz tertip-düzgünli, işiňize jür adam boluň. Bu zatlar siziň özüňize bagly. Tertip-düzgün—bu üstünliklerdir bolçulyga, şeýle hem töweregiňizdäkileriň hormatyny gazanmaga eltýän iň ygtybarly ýoldur.


Özüňizde bar bolan zehiniňizi açyň!

Her kime belli bolan bir hakykat bar, ol hem ähli adamlaryň zehinlidigi barada aýtgydyr. Eger, bu şeýle bolsa, onda wagtyň geçmegi bilen adamlarda bar bolan zehin nirä ýitirim bolýarka? Aslynda, ol zehin ýitenok. Adamlar diňe ony unudýarlar.Her bir adam özüçe gaýtalanmaýan zehindir we onuň uly üstünlikleri gazanmaga ukyby bardyr.

Ozaldan mälim bolşy ýaly, adamlaryň zehini kyn pursatlarda açylagan bolýar, sebäbi şol wagt beden hem akyl taýdan köp güýç sarp etmeli bolýar.Başga wagtlarda bolsa biziň zehinimiz ýuwaşlyk bilen ymyzganýar. Şol sebäpli siz häzirki wagtda basyrylgy ýatan zehiniň eýesi, emma heniz ony nämä ulanjagyňyzy bileňzok. Üstünlik gazanasyňyz gelýän bolsa, zehiniňizi oýaryň!


Bolçulygyň hözürini duýuň!

Pul—güýç, ol nirede lezzet, şatlyk bar bolsa şol tarapa akýar. Pul bilen bagly, ony sowşuňyz bilen bagly özüňizi günäleýän bolsaňyz, onda ol pikirleriňizi aradan aýryň. Şeýle duýgular siz barada hamana, gowy durmuşa, bolçulyga mynasyp däl ýaly duýgulary oýarýar. Gelýän pul akymlarynyň siziň durmuşyňyza arkaýyn girmegine mümkinçilik dörediň. Pul hezil edip sowulmagyny gowy görýär, sebäbi akymlar akyp durmaly.

Durmuşa bolan garaýyşlaryñyzy üýtgediň, onda hemişe gowulyga tarap üýtgeşmeleriň bolýandygyna ynanyň. Öýleriňizde şatlyk döretmäge çalşyň, sebäbi siz şu toprakda ruhy hem maddt taýdan bar bolan ähli zatlara mynasypsyňyz. Bagtyýarlygy öz durmuşyňyzda kada öwrüň, şonda siz uly üstünlikleri gazanarsyňyz.


(Dowamy bar)

32
149
sofii
09.11.2023 08:46

O DÜNÝÄDEN GELEN JAÑ


Angliýaly bank işgäri Tomas Konneli Humber derýasynyñ kenarynda ýerleşen Kingston şäheriniñ merkezindäki mähelleli köçede ýaşaýardy. 1987-nji ýylda onuñ aýaly Margaret rak keselinden aradan çykyp, iki çagany: ýedi ýaşly Tom bilen on bir ýaşly Brigittany adamsyna goýup gidipdi.

Şol ýylyñ 9-njy iýunynda Tomas öýüne işden giç gaýdyp gelipdi. Ýerine geçip ýatmazdan öñ, ol oglunyñ otagyna aýlanyp görýär, emma ýorganyna dolanyp ýatan oglunyñ temperaturasynyñ galanlygyny, mugallymlarynyñ bolsa ony lukmany çagyrmagy maslahat berip, okuwdan boşadyp goýberendiklerini bolsa bilmän galýar. Sebäbi ogly kakasyna hiç zat aýtmandy. Tomas bolsa oglunyñ kesellänliginden bihabar bolup, ýerine geçip ýatýar.

Gije sagat birde Tomas telefonyñ jañynyñ sesine oýanýar.

- Hawa, aýdyberiñ - diýip, ol ýarymukyda telefonyñ trubkasyny galdyrýar.

- Tomas, tizräk lukmanlary çagyr-da, Tomyñ otagyna bar. Ol gaty gyzdyryp ýatyr.

- Näme, näme? - diýip, entek doly ukydan oýanmadyk Tomas gaýtadan soraýar.

- Eger-de sen "Tiz kömegi" çagyrmasañ, Tom öler. Haýyş edýän tizräk bol!

Konneli awtomat kimin tizlik bilen oglanjygyñ otagyna ylgap barýar. Tomyñ huşsuz ýatanlygyny görüp, ýene-de telefonyñ ýanyna ylgaýar.

On minutdan soñ gelip ýeten "Tiz kömek" Tomy keselhana alyp gidýär.

Diñe şondan soñ Tomas birnäçe wagt mundan ön telefonda eşidilen sesiñ öz merhum aýalynyñkydygyny bilip galýar.

Tom Konnelini halas etdiler. Ýene-de biraz eglenenliginde, ol demigip öljek ekeni. Üç hepdeden soñ kakasy ogluny keselhanadan alyp gaýdýar.

- Men nämüçin täzeden öýlenmänligimiñ sebäbini gowy bilýärin - diýip, Konneli soñra doktor Gowarda aýdýar.

- Haýsy dünýäde we nädipdigini biljek däl welin, ýöne aýalym ýaşamagyny dowam etdirýär...

Bu wakany doktor Goward 1991-nji ýylyñ güýzünde Rimde geçirilen medisina simpoziumynda beýan edýär. Jedel wagty lukmanlaryñ arasynda şolar ýaly wakalaryñ ýene birnäçesiniñ bolanlygy ýüze çykypdyr.

33
193