Bagtyýarlygyň we üstünligiň syrlary
Gorky ynamy peseldýär
Adamlarda akyl ýetirilmeýän zatlar gorky döredýär. Bu hem olary üstünliklerde biraz daşlaşdyrýar. Gorky sebäpli gaýgy-gama batmak häzirki zaman adamlary üçin mahsus zatlaryň biridir, sebäbi daşary döwletleriň käbir teleýaýlymlary arkaly görlüp-eşidilýän gorkunç habarlar şu günki günüň hakykatyna öwrüldi diýsek ýalňyşmaryn.
Gorkynyň sebäpleri biziň özgeler hem-de daş-töweregimizi gurşap alýan dünýämize ynamsyzlygyň esasynda döreýändir.
Eger-de biz özümizde bar bolan gorkyny ýeňip geçmek islesek, onda daş-töweregimizi gurşap alýan barlyga ynanmagymyz gerek. Özümiziň ýokarky güýçler tarapyndan hemişe goraglydygymyzy duýmagymyz gerek.
Ynamyňyza görä...
Biziň ähli arzuwlarymyz hasyl bolýar. Hemişe. Ýöne gürrüň onuň haçan we näwagt anyk boljakdygy barada. Biz sabyrsyz ahyryn. Hemme zady birden we artygy bilen bolmagyny isleýäris. Eger-de islän zadymyzy şobada alyp bilmesek, onda oňa bolan gyzyklanmamyzy, iň beteri hem ynamymyzy gaçyrýarys.
Iň esasy zat siz ruhdan düşüp, ynamyňyzy gaçyrmaň. Ynam siz bilen bile gudrat döreder. Barlygyň gizlin arzuwlary hasyl etme häsiýeti bar. Eger-de siz bir zady arzuw edip, oňa-da ýüregiňiziň çuňundan ynanmaýan bolsaňyz, onda ynanmaýan zadyňyz HASYL bolar. Danalaryň aýdyşy ýaly: «SIZE YNAMYŇYZA GÖRÄ BERLER».
Ozal aňsat bolan ýaly
Köpler üçin häzir degerli bir iş bilen meşgullanmak ozalkylardan kyn ýaly. Emma bu pikirler durmuşda her gün inkär edilýär. Ters düşünjeli adamlaryň işsizligi, ykdysady çökgünligi BAHANA edýän mahallary, her ýyl TÄZE-TÄZE KÄRHANALARYŇ ENÇEMESI DÖRÄP, GÜLLÄP ÖSÝÄR. MÜŇLERÇE ADAMLAR GURPLANÝAR. HER ÝYLDA ENÇEME TÄZE FILMLER SURATA DÜŞÜRILÝÄR, ENÇEME ŞÄHERLER, JAÝLAR, ÝOLLAR, KÖPRÜLER GURULÝAR...Tutuş dünýä siziň täze ideýalaryňyz, harytlaryňyz, hyzmatlaryňyz üçin açyk. Üstünlik gazanmak daşky ýagdaýlara däl-de, siziň keýpiňize, siziň özüňizi daş-töweregiňiz bilen nähili sazlaýşyňyza bagly.
Gorkudan saplanmagyň ýollary
Nämeden gorkýanlygyňyz hakynda oýlanyň. Gorkuňyz bilen galtaşmaga çalşyň. Ähli gorkudan saplanyp bolýar. BIZIŇ GORKUMYZ—BIZIŇKI. Haçan-da, gorky öz ýanymyzdan bolanda. Ol gorky hakyky däl, ol biziň duýgymyz. Gorka kinoteatrlarda görkezilýän kinofilmlere garaýşyňyz ýaly garamaly. Ekranyň ýüzündäki görkezilýän wakalar az wagt hereket edip, soňra tamam bolýar. Bizde bar bolan gorky hem edil, ekrandaky şol suratlar ýaly tiz ýatdan çykyp gider.