Bagtyýarlygyň we üstünligiň syrlary
Şu günki işiňizi ertä goýmaň!
Şu günki işiňi ertä goýmak, üstünligiň garşysyna işlemekdir. Işi şowlaýan adam hemişe tertip-düzgüne eýerýän adamdyr. Onuň üçin daş-töwerekden hemişe ýatladyp ýa-da ýolbaşçy tarapyndan tabşyryp durmagyň geregi ýokdur. Ol işiniň wagtynda ýerine ýetirilmeginiň, ilki bilen özüne gerekdigine düşünýändir. Şeýle hem, hökman öz ýolbaşçyňyzdan işiňizden nämeleri talap edilýändigini gyzyklanyp duruň. Bu siziň geljekde üstünlik gazanmagyňyza kömek eder.
Işi şowlaýan adam boljak bolsaňyz tertip-düzgünli, işiňize jür adam boluň. Bu zatlar siziň özüňize bagly. Tertip-düzgün—bu üstünliklerdir bolçulyga, şeýle hem töweregiňizdäkileriň hormatyny gazanmaga eltýän iň ygtybarly ýoldur.
Özüňizde bar bolan zehiniňizi açyň!
Her kime belli bolan bir hakykat bar, ol hem ähli adamlaryň zehinlidigi barada aýtgydyr. Eger, bu şeýle bolsa, onda wagtyň geçmegi bilen adamlarda bar bolan zehin nirä ýitirim bolýarka? Aslynda, ol zehin ýitenok. Adamlar diňe ony unudýarlar.Her bir adam özüçe gaýtalanmaýan zehindir we onuň uly üstünlikleri gazanmaga ukyby bardyr.
Ozaldan mälim bolşy ýaly, adamlaryň zehini kyn pursatlarda açylagan bolýar, sebäbi şol wagt beden hem akyl taýdan köp güýç sarp etmeli bolýar.Başga wagtlarda bolsa biziň zehinimiz ýuwaşlyk bilen ymyzganýar. Şol sebäpli siz häzirki wagtda basyrylgy ýatan zehiniň eýesi, emma heniz ony nämä ulanjagyňyzy bileňzok. Üstünlik gazanasyňyz gelýän bolsa, zehiniňizi oýaryň!
Bolçulygyň hözürini duýuň!
Pul—güýç, ol nirede lezzet, şatlyk bar bolsa şol tarapa akýar. Pul bilen bagly, ony sowşuňyz bilen bagly özüňizi günäleýän bolsaňyz, onda ol pikirleriňizi aradan aýryň. Şeýle duýgular siz barada hamana, gowy durmuşa, bolçulyga mynasyp däl ýaly duýgulary oýarýar. Gelýän pul akymlarynyň siziň durmuşyňyza arkaýyn girmegine mümkinçilik dörediň. Pul hezil edip sowulmagyny gowy görýär, sebäbi akymlar akyp durmaly.
Durmuşa bolan garaýyşlaryñyzy üýtgediň, onda hemişe gowulyga tarap üýtgeşmeleriň bolýandygyna ynanyň. Öýleriňizde şatlyk döretmäge çalşyň, sebäbi siz şu toprakda ruhy hem maddt taýdan bar bolan ähli zatlara mynasypsyňyz. Bagtyýarlygy öz durmuşyňyzda kada öwrüň, şonda siz uly üstünlikleri gazanarsyňyz.
(Dowamy bar)