O DÜNÝÄDEN GELEN JAÑ
Angliýaly bank işgäri Tomas Konneli Humber derýasynyñ kenarynda ýerleşen Kingston şäheriniñ merkezindäki mähelleli köçede ýaşaýardy. 1987-nji ýylda onuñ aýaly Margaret rak keselinden aradan çykyp, iki çagany: ýedi ýaşly Tom bilen on bir ýaşly Brigittany adamsyna goýup gidipdi.
Şol ýylyñ 9-njy iýunynda Tomas öýüne işden giç gaýdyp gelipdi. Ýerine geçip ýatmazdan öñ, ol oglunyñ otagyna aýlanyp görýär, emma ýorganyna dolanyp ýatan oglunyñ temperaturasynyñ galanlygyny, mugallymlarynyñ bolsa ony lukmany çagyrmagy maslahat berip, okuwdan boşadyp goýberendiklerini bolsa bilmän galýar. Sebäbi ogly kakasyna hiç zat aýtmandy. Tomas bolsa oglunyñ kesellänliginden bihabar bolup, ýerine geçip ýatýar.
Gije sagat birde Tomas telefonyñ jañynyñ sesine oýanýar.
- Hawa, aýdyberiñ - diýip, ol ýarymukyda telefonyñ trubkasyny galdyrýar.
- Tomas, tizräk lukmanlary çagyr-da, Tomyñ otagyna bar. Ol gaty gyzdyryp ýatyr.
- Näme, näme? - diýip, entek doly ukydan oýanmadyk Tomas gaýtadan soraýar.
- Eger-de sen "Tiz kömegi" çagyrmasañ, Tom öler. Haýyş edýän tizräk bol!
Konneli awtomat kimin tizlik bilen oglanjygyñ otagyna ylgap barýar. Tomyñ huşsuz ýatanlygyny görüp, ýene-de telefonyñ ýanyna ylgaýar.
On minutdan soñ gelip ýeten "Tiz kömek" Tomy keselhana alyp gidýär.
Diñe şondan soñ Tomas birnäçe wagt mundan ön telefonda eşidilen sesiñ öz merhum aýalynyñkydygyny bilip galýar.
Tom Konnelini halas etdiler. Ýene-de biraz eglenenliginde, ol demigip öljek ekeni. Üç hepdeden soñ kakasy ogluny keselhanadan alyp gaýdýar.
- Men nämüçin täzeden öýlenmänligimiñ sebäbini gowy bilýärin - diýip, Konneli soñra doktor Gowarda aýdýar.
- Haýsy dünýäde we nädipdigini biljek däl welin, ýöne aýalym ýaşamagyny dowam etdirýär...
Bu wakany doktor Goward 1991-nji ýylyñ güýzünde Rimde geçirilen medisina simpoziumynda beýan edýär. Jedel wagty lukmanlaryñ arasynda şolar ýaly wakalaryñ ýene birnäçesiniñ bolanlygy ýüze çykypdyr.