sofii
14.01.2024 10:25
2024-nji ýyl: Luw ýylymy ýa-da aždarha?

Häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda grigorýan senenamasyna laýyklykda, Täze ýyl baýramçylygy şatlygy höküm sürýär. Muňa garamazdan, beýleki ýyl hasaplama ulgamlary — birnäçe umumylyklary özünde jemleýän 12 ýyllyk gadymy türkmen we hytaý senenamalarynyň hem bardygyny bellemek gerek.

Tanymal taryhçylar planetanyň köp bölegine ýaýran 12 ýyllyk ýyldyz ulgamly senenamanyň gelip çykyşyny Merkezi Aziýanyň ýaşaýjylarynyň we türki dilli halklaryň durmuşy hem-de ýaşaýşy bilen baglanyşdyrýarlar. ХI asyryň beýik alymy Mahmyt Kaşgarly türkmen senenamasynyň döreýşi hakynda diýseň gyzykly rowaýaty miras galdyrypdyr. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde beýan edilýär.

Gadymy döwürlerde adamlar hemişe belli bir wakanyň senesini aýdyp bilmändirler. Şonda hökümdar öz halkyna geljekde seneleri kesgitemekde ýalňyşlyklardan gaça durmak üçin aýlaryň we ýyldyz alamatlarynyň sanyna görä 12 ýyldan aýlanýan ulgamda senenamany ýöretmegi hem-de ýyllara at dakmagy teklip edipdir. Halk bu ugurdaky çözgüdi hökümdaryň özüniň kabul etmegine bil baglapdyr. Bir gün awa şikara çykan patyşa ähli ýabany haýwanlary Ili jülgesine sürmegi buýrudyr. Şeýlelikde, ýabany haýwanlaryň 12 görnüşi derýanyň ýakasyna sürüldi. Ilki bilen syçanjyk peýda boldy we senenamanyň başynda ýerleşdi. Şondan soň kenara sygyr, bars, towşan,luw, ýylan, at, goýun, maýmyn, towuk, it we doňuz geldi. Şeýdip, 12 ýyllyk ulgamly senenama döredi.

Hytaý hasaby boýunça başlanjak aždarha ýyly bolsa 10-njy ferwlda başlanyp, 2025-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda tamamlanar. Türkmen ýyl hasabynyň luw ýyly bolsa 21-nji martda — bahar güni başlanar. Hytaý ýyl hasabynda balygyň ýerine bu halkyň has gadymy rowaýatlaryna — çuňňur taryhy köklerine siňip giden aždarhanyň nyşany ulanylýar.

Dürli taryhy döwürlerde tire-taýpa aýratynlyklary bilen baglylykda, Täze ýyl baýramynyň başgaça atlandyrylan wagtlary hem bolupdyr. Gadymy döwürlerde türkmenleriň çarwa taýpalary her ýylyň 22-nji fewralynda «Çarwa Nowruzy» baýramyny belläpdirler we ol maldarçylykda guzy möwsüminiň başlanmagy bilen baglanyşdyrylypdyr.

Bu gün bolsa türkmen topragyna luw ýyly gadam basýar. Elbetde, luw ýylynyň bolsa deňiz önümlerine baý bolýandygy bellenilýär. Dili senaly ýaşulularyň belleýşi ýaly, bu ýyl hemmeler öz maksatlaryna ýetmegiň ýolunda balyk ýaly hereket etmelidir.
19
99
sofii
12.01.2024 13:45
Salam, hormatly agzalar!
Men bu posty
@beghanym agzanyň geçirýän ýaryşynyň 2-nji şerti üçin açdym.

«Oraza geldi haý bilen,
Bir alaja taý bilen,
Taýym batga batanda,
Çykaryň haý-haý bilen.

Biz–ä sizi baý gördük,
Tüýnügňizde Aý gördük,
Altyn bilen apardyk,
Kümüş bilen gopardyk.
Köp bereniň ogly bolsun,
Az bereniň gyzy bolsun!»

Çagalyk ýyllarymyz dünýäniň şowhunyna goşulyp, ýaremezan baradaky sanawajy aýdyp görmedik ýok bolsa gerek. Edil şonuň ýaly-da, ýagşylygyň buşlukçysy bolup, kalbymyza päk arzuwlary peşgeş berýän, naşyja dillerini saýradyp duran çagajyklara nogul-nabat paýlamadygymyz hem ýokdur. Ýaremezan aýtmaga gelen bilen henek häsiýetli sorag-jogap alyşmak hem köp ýerde adaty ýagdaýdyr.Ýaremezan aýtmaga gelene:
«Sanajyň agzyny näme bilen bogmaly?», «Daşa gurt düşende näme bilen aýyrmaly?» diýen ýaly soraglar berilýär. Olam: «Bismilla bilen bogmaly», «Düýäniň çaly bilen aýyrmaly» diýip, henege henek şekilli jogaplary gaýtarýar.

Türkmen halky Oraza baýramyna ruhy tämizligiň we ahlak arassalygynyň, hoşniýetliligiň baýramy hökmünde garaýar. Oraza tutmak, agyz bekleme mukaddes hasaplanýar. Oraza aýynda agyz beklemek arkaly ynsanyň bedeni we ruhy dünýäsi tämizlenýär. Bu döwürde adamyň bedeni, aňy we ruhy dünýäsi jebisleşip ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

Lukmanlaryň bellemegine görä, ynsan bedeniniň energiýasynyň agramly bölegi iýmit siňdirmäge sarp edilýär. Hut şonuň üçin-de, agyz beklemek arkaly adamyň bedenine iýmitiň barmasy kesilen ýagdaýynda, bedenimiz ähli güýjüni zyýanly mikroblardan dynmaga, «zibillerden» arassalanmaga, taplanmaga, dikelmäge gönükdirýär.

Açlygy bejergi hökmünde öwrenen nemes alymlary ýylyň dowamynda 3-4 hepde hiç zat iýmän-içmezligiň saglyk üçin örän peýdalydygyny subut etdiler. Lukmanlaryň bellemegine görä, agyz beklemede beden artyk agramyndan dynyp, immun ulgamynyň işi gowulanýar, bagyr we böwrekler arassalanýar, alyş-çalyş ýagdaýlary kadalaşýar. Şeýle-de iýmit siňdiriş ulgamynyň işi ýeňilleşýär, tüýkülik mäzleri, aşgazan, bagyr, aşgazanasty mäzi, içege dynç alýar. Agyz bekleme endokrin mäzleriniň işine-de oňaýly täsir edýär. Musulman dünýäsiniň mukaddes Oraza baýramynda haýyr-sahawat işleri, berilýän sadakalar, haýyrly dogalar has-da artyp, her bir ynsanyň köňli, ruhy dünýäsi tämizlenýär we ýagtylanýar.

Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen külli musulman dünýäsinde bir aýlap dowam edýän agyz beklemek dessury, diňe bir bedenimizi däl, kalbymyzy, ruhumyzy päkläp, birek-birege bolan mähir-söýgimizi, ynsap-imanymyzy oýarýar, kämilleşdirýär. Bizi beýik Biribara golaýlaşdyrýar. Oraza ýekeje aýlyk möhleti bilen ynsan durmuşyna, ýüregine nur çaýýar. Sözüň doly manysyndaky oraza, diliňi gybatdan, ýaramaz sözlerden, töhmetden saklamak, gözüň harama bakmazlygy, kalbyňy arassa tutmak esasynda berjaý edilýär.
Öňem bir taňry bendesi ýaramaz endiklerinden bir aýlap el çekipdir. Muňa diýseň begenipdirler. Emma, bir aýdan soň ol ýene öňküsi ýaly boluberipdir. Sebäbini soranlarynda: ,,Indi Oraza tamamlandy ahyryn\" diýipdir. Aslynda, ynsan bütin ömrüne halal ýaşamalydyr. Oraza tutmaklygyň manysy ruhy päkligiňi gazanmak, nebsiňi jylawlamak diýmekdir. Rowaýata görä, beýik Allatagala nebisden: ,,Sen kim? Men kim?\" diýip sorapdyr. Nebis: ,,Men-ä men, Senem sen\" diýip, jogap beripdir. Şonda külli älemleri ýokdan bar eden Rebbimiz nebsi aç-suwsuz daňyp goýmaklygy emir edipdir. Jeza tamamlanandan soň, nebsi huzuryna çagyryp ýene-de: ,,Sen kim? Men kim?\" diýip sorapdyr. Şondan soň nebis: ,,Sen-ä meniň eýäm, menem seniň guluň\" diýip jogap beripdir.
Kalby sahawatly halkymyz uzynly gün duz datman gezen orazaly adamynyň agzyny açdyrmagy, dürli-näz-nygmatlar bilen hezzetlemegi uly sogap hasaplap, olardan ýagşy dileg-doga isleýär. Sebäbi özüň hakda özge biriniň haýyrly dilegi kabul bolmaklyga golaý bolarmyş. Magtymguly atamyzam: ,,Eý, ýaranlar, ýat ediň, haýry dogada bizni\" diýmeýärmi näme?!
Nurana enelerimizden: ,,Agzynyň beklidigi ýadyndan çykyp, tamşanyp oturan bendesine gözi düşende, Allatagala ýylgyrarmyş-da, şol bendesiniň paýyna sogap ýazarmyş\" diýen gürrüňi hem eşidipdim. Hakykatdanam, Remezan aýy bize berlen peşgeş bolmaly. Goý, Remezan aýy her ýyl bize bagt-bereke, rysgal bilen gelsin!

2-nji bölüm

🇰🇿Gazagystan (Kazakh: Қазақстан, Qazaqstan) — Merkezi Aziýada ýerleşýän döwlet. Onuň umumy meýdany 2.724.900 inedördül kilometre barabardyr. Döwlet dili – gazak dili. Prezidenti – Kasym-Jomart Tokayew. Hökümet başlygy – Älihan Smaýilow. Ilaty – 16 milliondan gowrak adam.

Paýtagty – Astana.
Pul birligi: tenge (KZ)
Elipbiý: 42 harp

Gazagystan tutýan meýdany boýunça dünýäde dokuzynjy orunda durýar. Şeýle hem ýurduň günorta-günbataryny Hazar deňzi, günortasyny bolsa Aral köli ýuwýar. Iri şäherleri: Astana, Almaty, Garaganda, Çimkent, Semeý, Akmolla, Aktau we ş.m.

1991-nji ýylda garaşsyzlygyny gazanan Gazagystanda nebitiň, demriň, altynyň, gurşunyň we uranyň baý gorlary bar. Gazagystan tebigy baýlyklary we geografiki ýerleşişi babatda uly ähmiýete eýe ýurt. Gazagystan ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýär. Häzir Gazagystanda orta hasap bilen 3 müňe golaý daşary ýurt kompaniýasy iş alyp barýar. Häzirki döwre çenli ýurtda özleşdirilen daşary ýurt maýa goýumlarynyň umumy bahasy 8 milliard dollara barabar boldy. Bu görkeziji garaşsyzlygyny gazananyna bary-ýogy 18 ýyl dolan ýaş döwlet üçin uly üstünlik hasaplanýar.

Gazagystanda işleýän ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň kompaniýalary nebitgaz we dag magdany senagatynda işleýär. Türk kompaniýalary bolsa söwda, telekomunikasiýa, myhmanhana dolandyryjylygy, dokma we hyzmat sektorynda iş alyp barýarlar. Türk gurluşyk kompaniýalary Gazagystanda alyp barýan gurluşyk taslamalarynyň umumy bahasy 2 milliard dollardan geçýär.

Döwlet dili: Ýurduň konstitusiýasyna laýyklykda, ýurduň döwlet dili gazak dilidir. Ýurtda rus dili hem giňden ulanylýar. Ýurduň ilatynyň agramly bölegi şäherde ýaşaýar. Şäherleri we olaryň ilatynyň sany: Almaty (Gazagystanyň öňki paýtagty, 1,3 million ilaty bar.) Karaganda (600 müň), Çimkent (400 müň), Pawlodar (350 müň), Yst-Kamenogorsk (350 müň), Semipalatinsk (330 müň), Taraz (Jambul, 310 müň) we beýlekiler.

Gazagystan – prezident respublikasydyr. Häzirki konstitusiýa 1995-nji ýylyň 30-njy awgustynda kabul edildi we 1998-nji ýylda oňa birnäçe üýtgetmeler girizildi. Döwlet baştutany – prezident. Ol ýurduň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär, ýurduň hökümetiniň ähli organlarynyň işine gözegçilik edýär. Mundan başga-da, ýurduň prezidentiniň köp ygtyýarlyklary bar. Ýurduň ýokary kanun çykaryjy organy – parlament. Ol iki palatadan: Senat we Mejlisden durýar. Senatyň ygtyýarlyk möhleti 6 ýyl. Onuň düzüminiň ýarysy her 3 ýyldan täzeden saýlanýar. Senatyň düzüminde 47 deputat bar. Olaryň 7-si prezident tarapyndan saýlanýar. Mejlisiň düzüminde bolsa 77 deputat bar. Olar ählihalk saýlawlary esasynda 5 ýyllyk möhlete saýlanylýar. Gazagystanyň parlamenti konstitusiýa üýtgetmeler girizýär (prezidentiň teklibi boýunça), döwlet büjetini, hökümetiň hasabatyny we maksatnamasyny tassyklaýar, kanun kabul edýär, halkara ylalaşyklaryny tassyklaýar. Ýurduň ýerine ýetiriji häkimiýeti – premýer-ministriň ýolbaşçylygyndaky hökümet alyp barýar.

Gazagystan:
1.Türkmenistan
2. Russiýa Federasiýasy
3. Özbegistan
4. Gyrgyzstan
5. Hytaý Halk Respublikasy bilen araçäkleşýär.

📌 2-nji surat: Gazagystanyň emblemasy

3-nji bölüm
1) Tikinçi patyşa: ,,Çöwrüp ber, tikip bereýin" diýýär.
2) 17,5
25
80
sofii
11.01.2024 12:10
Täsin dünýäde täsin faktlar
26
156
sofii
09.01.2024 19:57
Çözgüdi nädip ýeňil we töwekgel gazanyp bolar: Psihologlaryň maslahatlary

Biz her günde ýüzläp bolmasa-da, onlarça geljekki durmuşymyza azda-kände täsirini ýetirip biljek çözgütleri kabul edýäris. Adatça bolşy ýaly, «Pizza almalymy ýa-da kolbasa» diýen ýaly ownuk sowal üçin biz bary-ýogy 1-2 minut wagt sarp edýäris, emma biziň bütin ömrümiziň dowamyny, iş ýolumyzyň bütin dowamatyny eýeleýän çözgütler hem bolup bilýär. Köpler bolsa ykbal çözüji hasap edilýän şu hili netije çykarmak ýagdaýlarynda howsala düşýärler, şol sebäpdenem köp bilip azdan galýarlar.

Bu makalada psihologlaryň möhüm çözgütleri kabul etmekde duýgulara erk etmek hem-de iň zerur mümkinçiliklere nazar aýlamak babatdaky maslahatlary beýan edilýär.

1. Birbada birnäçe meseleleriň çözgütlerini kabul etmeli bolsa, onda şu aşakdakylary ýerine ýetirmäge synanyşyp bilersiňiz: olary gyssagly we gyssagly däl, soň bolsa möhüm we ähmiýetsiz diýen toparlara bölüň. Geljekdäki işleriňize täsir etjek, diňe anyk möhlet bilen ýerine ýetirmeli wezipeleri ileri tutuň. Möhüm meseleleriň arasynda başgalaryň kömegi bilen ýerine ýetirip boljagy bar bolsa, muny ähmiýetsiz goýmaly däl, işleri paýlaşmagy başarmak durmuşy ýeňilleşdirýär. O diýen bir zerur we gyssagly bolmadyk işleriň bolsa ählisini soňky nokada ýetýänçä goýbolsun edip ýaşap bolar.

2. Maslahatlar hiç haçan artykmaçlyk etmez. Başgalardan soramak ejizligiň ýa-da hiç zat bilmezligiň alamaty däl, köplenç beýleki adamlaryň berýän maslahaty meselä başga nukdaýnazardan seretmäge, kyn bolan çözgütleri kabul etmegi ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berýär.

3. Duýgularyňyza bäs geliň. Bu kyn bolup biler, ýöne muňa meseläňizi üçünji bir adam ýaly pikirlenip çözmäge başlanyňyzda has aýdyň göz ýetirersiňiz. Meseläni öz-özüňiz bilen ara alyp maslahatlaşmaga, ýagny özüňi keseki bir adam diýip pikir edip synanyşyp bolar. Beýleki adamlaryň meselelerini köplenç duýgymyza täsir etdirmezden kabul edýäris we olaryň dogry çözgüdini tapmak duýga orun bermeýänligimiz üçin hemişe örän ýeňil düşýär.

4. Eger çylşyrymly, has köp oýlanmagy talap edýän meseläni çözmek gysga wagtlyk ýeňil-ýelpaý iş bolmasa, onda ony soňa goýmakdan başga alaç ýokdur. Ol barada her pursat alada edip, özüňi gynamak hasam samsyklyk bolsa gerek. Bu hili çemeleşme deliberation-without-attention (ünssüz oýlanmak) diýlip atlandyrylýar. Ol barada gaýybana, pikirde saklap, adaty wagtda bölek-büçek pikirlere gümra bolsaňyz dogrusy bolar.

5. Netijäniň haýryna ýa-da zyýanyňyza boljagyny kesgitlemek. Iň bolmanda ol ýa-da beýleki bir çözgüdiň haýsy ýagdaýlara sebäp bolup biljekdigini, iş ýoluňyza, maddy derejäňize, saglygyňyza we maşgala ýagdaýyňyza nähili täsir edip biljekdigine düşünmegiňiz möhümdir. Mümkin bolup biljek ýaramaz netijeler hakda oýlananyňyzda, olary ýeňip geçmek üçin iň bolmanda ýüzleý meýilnamaňyzy düzmek hem möhümdir.

6. Kesgitli netijä gelnenden soň bolup biljek oňyn we zyýanly üýtgeşmeleriň nähili ýagdaýa getirip biljekdigini bahalandyryň. Eger bularyň ikinjisiniň mümkinçiligi has ýokary bolsa, wagtlaýyn peýda ýa-da lezzet siz üçin näçe özüne çekiji bolup görünse-de, beýle çözgütden ýüz öwürmek has gowudyr. Köplenç şeýle emosional çözgütden soň ýüze çykýan kynçylyk, şol lezzete ýa-da peýda ymtylmagyň asla gerekli däldigini görkezýär.

7. Netije çykarmaly meseläňiz bilen baglanyşykly mümkin boldugyndan köp maglumat toplaň. Mysal üçin, başga bir ýurda göçmegi meýilleşdirýän bolsaňyz, şol ýurduň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşy barada näçe köp bilseňiz, şol ýurda göçeniňe degýändigine ýa-da asla göçmeli däldigine göz ýetirmäge ýardam eder.

8. Şol bir wagtyň özünde negatiw maglumatlara gulak assaňyz, özüňizde biderek howsala döredip, ýene-de emosional täsire girersiňiz. Dogry maglumatlar bilen bolsa, meýilleriňizi anyk maksatlara öwrüp bilersiňiz.

Şu getirilen umumylaşdyrylan maslahatlardan görnüşi ýaly, kesgitli, dogry we oýlanyşykly netijä gelmek üçin mümkinçilikleri aýdyňlaşdyrmak, maslahatlaşmak (olara ýagdaýa görä eýermek bolar), zerur bolan dogry maglumatlary toplamak we emosional ýagdaýlara ünsli çemeleşmek zerur bolup durýar.

Peýdalanylan çeşmeler: l-a-b-a.com; incrussia.ru
24
85
sofii
07.01.2024 21:35
Salam, hormatly agzalar!
Men bu posty ýörite
@beghanym-yň täze konkursynyň birinji şerti üçin açdym.

Men taryhda yz galdyran, Rodogunanyň gahrymançylygy we zenanlar hakda beýan etmekçi.
RODOGUNA. Parfiýanyň patyşasy Mitridat I (miladydan öňki 171-138 ý.)gyzy Siriýa patyşasy Dmitriya durmuşa cykyar. Ol hakda şeyle rowaýat bar: Rodoguna saçyny ýuwýarka birden duşman şähere çozýar. Ol saçyny çala-çula daňyşdyryp,ony yeňenden soň ýuwmagy kasam edyar, goşunyň oňüne düşüp,duşmana garşy topulýar. Duşman derbi - dagyn edilyar. Rodogunanyn edermenligine şeyle bir hormat goyupdyrlar welin, onuň şeklini Ärsaklaryn şahsy möhürine geçiripdirler. Rodogunanyn mermerden ýasalan ajaýyp heýkeli arheolog M.Ý.Masson tarapyndan Nusaýda gazuw-agtaryş işleri geçirilýärkä tapylýar. Ol häzir Türkmenistanyň Milli muzeýinde iň gymmatly eksponat boldy.

Zenanlar näçe ýuwaş, duýgulara erk berýän ynsan diýseňizem, zerur wagty çagasy, maşgalasy, topragy, Watany, halky üçin janyn bermäge taýýar. 1941-1945-nji ýyllaryň aralygynda geçen Beýik Watançylyk urşunda zenanlar hem gahrymançylyk görkezmegi başardylar. Zenanlar tylda galan ýerlerde zähmet çekip, ýaralanan esgerlere lukmançylyk kömegini beripdirler.
Rodoguna öz ili üçin duşmana garşy edil gerçekler ýaly söweşip, ýeňiş gazanýar. Islendik adam okasa-da Rodogunanyň ,,Ilim-günüm bolmasa, aýym-günüm dogmasyn\\\" diýip, duşmana garşy ýöriş edendigini, ili üçin öz janyndan hem geçjekdigini görmek bolýar. Meniň özüm okasam hem, Rodogunanyň ili, Watany, topragy üçin janyny gaýgyrmandygyny, onuň töwekgel edendigini duýýaryn.

Zenan-ýaşaýşyň bezegi,
Zenan-ynsanlaryň enesi.
Zenan-seniň öz ýaryň,
Zenan-seniň çagalaryň ejesi.

Zenanlar hakda rubagylar
Kesä çekip söze gurmaň duzagy,
Waspyn etjek, beriň maňa gezegi,
Aý, Gün, Ýyldyz bezeg berse Asmana,
Zenanlardyr, goja Zemin bezegi.
*******
Saýaňda geçirsin her gün, her aýyn,
Habar al halyndan her dem, her daýym.
Iň beýik keramat enedir, ene
Şondan beýgi ýaratmandyr Hudaýym.
*******
Geçse-de ýüz-müňläp sene diýdiler,
Artar keramaty ýene diýdiler,
Dünýäň ähli halklarynyň dilinde,
Iň owadan söze Ene diýdiler.
33
91
sofii
06.01.2024 19:05
Erkeklerden görelde alarlyk 7 häsiýet

Her bir zenan ömründe iň bolmanda birje
gezek erkek kişileriň durmuşy ýeňil diýen pikire gulluk eden bolsa gerek. Bu bir tarapdan dogry diýseňem bolýar. Eýsem erkek kişilerde-de aýallaryň nusga alaýmaly häsiýetleri we endikleri az däl.

Dogry, erkekler gülgün reňk öwüşginlerine düşünenoklar ýa-da ony kabul edip bilenoklar, käbirleri joraplaryny çem gelen ýere taşlaýarlar, käsi bolsa diş pastasynyň gapajygyny ýapmaýar... ýöne beýle diýilse, ters pikirde bolmaly däldir. Töwerekdäki erkek kişilere üns berseňiz, olarda öwrenerlik, ýogsa-da nusga alarlyk endikler we häsiýetler bardyr. Olarda azyndan 7 sany zerur häsiýetiň aýal maşgalada ýetmezçilik etmeýändigine göz ýetirersiňiz.

Öz-özüňi kämilleşdirmek

Zenanlar — daşky keşp gözelligine eýermegiň yzynda ylgap, özlerini az kösemeýärler. Aýagym o diýen uzyn däl, saçlarym has inçe, gözlerim isleýşim ýaly ululykda däl diýen ýaly nägilelikler we hemişe agramyň barada oýlanyp gezmek — köp aýal-gyzlara, hatda has gelşikli gyzlara-da mahsus bolan mowzuk. Bu wagtda erkekler näme işleýärkä? Olaryň hemme zatdan göwnübir, özlerine-de mynasyp derejede göwni ýetýär, olar üçin garnyň çykmagam artykmaç agram däl.

Kemçiligi bolşy ýaly kabul etmegi hem-de özüňe, şeýle-de gelşikliligiňe bolan ynamda ýaşamagy öwrenmeli.

Köp pikirlenmek — zyýanly

Zenan maşgala nähili pikirlenýär? Eger haýsydyr bir mesele ýüze çyksa, zenan şolbada aňynda bu meseleden gelip çykjak netijeleri toplaýar, olary yzygiderli oýlaýar we zynjyrlaýyn täsiri emele getirýär. Mysal üçin, ýanýoldaşy haýsydyr bir zady, meselem, getirjek diýip söz beren süýjüligini ýadyndan çykarsa, ony ýadyndan çykardy däl-de, bilýärdi, emma ýadyna düşürjek bolmady diýip oýlaýar. Şu logika bilenem aýalyň kellesine geljek zat: şol ýadyna düşmedik bolsa, onda hökman başga biri (başga bir zat) barada pikir edendir, men oňa geregem däldirin. Ine, durna üstüne urna diýlişi ýaly, şu ýagdaýda erkegiň ozalky eden güman etdiriji hereketleri-de zenana “kömege” ýetişýär.

Başgalar barada asla pikir etmezligi öwrenmeli.

No Drama ýa-da köşeşmeli, diňe köşeşmeli

Eger erkek kişi haýsydyr bir şowsuzlyga uçrasa, onda ol aýal maşgaladan tapawutlylykda ähli bolan zatlaryň sebäbini özünden görmek bilen, munuň üçin özüni gynap durmaýar. Erkek kişi aglaba ýagdaýda dürli bolan zat üçin tiz köşeşip bilýär, ýagdaýy bolşy ýaly kabul edip bilýär. Bu bolsa aýal bilen baglylykda ýüze çykan ýagdaýynda zenanyň gaharyny getirýär. Erkek kişiniň bu babatdaky ýörelgesi hiç bir zat üçin nerwyňa täsir etmek gerek däl-de, diňe başaryp biljek zatlaryň aladasyny etmek ýa-da başga meseleleriň barada oýlanmak.

Öz başarýan zatlarymyza kaýyl bolmagy, munuň üçin üýtgemezligi we dürli hili oýunlary oýlap tapmazlygy öwrenmeli.

Öz ýeriňi bilmek

Eger zenan has ynamly bolsa we öz isleýän zadynyň bolmagyny talap edip, onuň üçin ýerliksiz göreşmäge, hatda dawalaşmaga-da taýýar hereketleri görkezse, adamlar ony öz ýerini bilmeýän şerçi hökmünde kabul ederler. Bu ýagdaý köpçülige ýaramaýar. Erkek bolsa bu ýagdaýda öz ýerini bilmek bilen ähli zada sada göz bilen garamagy başarar.
Mundan bolsa lider bolmakda özüňi sadalyk bilen sylatmagy, köpüň seni goldamagyny başarmagy öwrenmek zerur. Emma has beter, gereginden artyk derejede hereket etmän, diňe özüňe möhüm bolan zat bilen çäklenmek ýeterlikdir.

Göni manyda düşünişmek

Eger erkek kişi nämedir bir zatlary aýtmak isleýän bolsa, ol ony göni manysynda, has düşnükli görnüşde beýan edýär. Olar has inçe kakdyrmalary, manyly garaýyşlary, sessiz sözleşmeleri we aýallaryň pikiriçe dogry bolan inçe duýgular bilen bir zady duýdurmaga düşünmeýärler. Munuň netijesinde bolsa zat ýok ýerden jedeller hem-de düşünişmezlikler döreýär.
Has düşnükli, edil iş meselesindäki ýaly sada dilde gepleşmegi öwrenmeli.

Bagtyň gözleginde: özüňe ýeterlik derejede düşünmek we özüňe ynamyň bolmagy

Psihologlaryň köpüsi aýallar üçin bagtyň formulasy — çyndan söýýän ýanýoldaşynyň we çagalarynyň bolmagy diýip hasap edýärler. Erkekler bolsa tersine — daş-töwerege bagly bolmazdan özlerini bagtly duýmak isleýärler. Olar üçin maşgaladan başga-da iş (zähmet ýoly), güýmenjeler, okuw we özüňi kämilleşdirmäge ýardam edýän beýleki zatlar bar.
Özümizi söýmegi, munuň üçin wagt aýyrmagy we kimdir biriniň bizi bagtly etmegine garaşmazlygy öwrenmeli. Biziň içimizdäki sazlaşykly duýgular we bagtymyz ýakynlarymyzy hem bagtly edýär.

Zenan raýdaşlygy?

Erkekleriň dostlugynda güman etme we raýdaşlyk ýüze çykmaýar. Erkek kişi üçin aýalynyň goldawy köplenç emosional duýgudaşlygyň zerur bolan ýagdaýynda we joralarynyň gyzyklanmalary täsir etmeýän ýagdaýlarda has aýdyň ýüze çykýar. Munda gelin bilen gaýyn enäniň arasynda ýüze çykýan düşünişmezlikleriň aýratyn, özbaşyna başga bir meseledigini bellemek gerek. Onsoňam, jorasy arkasyndan gep ýaýradan ýagdaýynda ýa-da göriplik bilen bir waka oýlap tapanda her bir aýalyň bolman-da bir hekaýajygy döredýändigi mälimdir.

Mundan bolsa birek-biregi sylamagy we goldaw bermegi öwrenmeli.

Peýdalanylan çeşmeler: miracle lady.ru; signorina.ru; vplate.ru; gurutest.ru; www.b17.ru
31
139
sofii
06.01.2024 12:20
«Buterbrod kanuny ýa-da bolmajak ýaly görnüp, çyndanam bolmaýan zatlar

Her kim ýalanyň kanuny ýa-da başgaça aýdylanda bişowlylyk kanuny bilen tanyş bolsa gerek, oňa laýyklykda buterbrod gaçan halatynda aşak hemişe ýagly ýüzüne düşer. Islendik adam bu kanunyň aslynda diňe bir buterbrod bilen bagly bolmasa-da, hakykatdanam bişow çykýandygyna iň bolmanda bir gezek göz ýetirendir. Aslynda, «bişowlyk kanunlary» köp we olaryň aglabasynyň manysy teoriýa boýunça düşündirilende bir zat ýalňyş bolup bilýän bolsa, ol hökman ýalňyş bolar diýen pikir bilen düşündirilýär.

«Mörfiniň kanuny» ýa-da şol «Buterbrod kanuny». Ony 1949-njy ýylda amerikaly harby işgär Edward Mörfi kadalaşdyrypdyr. Ol adamyň iň soňky derejede çydap biljek ýüklenme güýjüni kesgitlemek bilen bagly taslamanyň üstünde işläpdir. Bir gezek ol uçaryň propelleriniň taslamada göz öňüne tutulyşyndan ters tarapa aýlanýandygyny görüpdir. Seretse, tehnikler enjamlary yzdan öňlügine ters gurnapdyrlar. Mörfi şundan soň, tehnikleriň, esasan, aslynda-da weýran bolup biljek zady bütinleý ýok edip biljekdigi barada pikirini aýdypdyr.

«Henlonyň päkisi». «Hiç haçan samsyklyk bilen düşündirip boljak erbet işe sebäpkär bolmaň». Ýagny, erbet, düşnüksiz ýa-da pajygaly bir zat ýüze çyksa, hökman biriniň bilkastlaýyn guraýan işi däldigi, ýa bolmasa-da intrigalaryň — köplenç adaty samsyklykdan, başarnyksyzlykdan ýa-da ýalňyşlykdan döreýändigi çyn. Aýratynam, islendik negatiw ýagdaýy «duşmanyň hileleri» diýip düşündirýän bilkastlaýyn edilýär diýýän teoriýalara ynanýan adam bilen bolýan söhbetdeşlikde «Henlonyň päkisi» kanunyna ýüzlenmek juda ýerliklidir. Iňlisler bu kanuny has gysga we takyk beýan edýärler: «Bu dildüwşük däl, aldaw».

«Saparyň täsiri» kanuny. «Aslynda birkemsiz işläp duran ulgam müşderiniň öňünde synagdan geçirilse, hökman näsazlyk ýüze çykar». Bu kanun bir tarapdanam tersligine işleýär — tehnik baranda bolsa, dek düýnüň özünde durky bilen näsaz işläp duran enjam birkemsiz işläp durandyr. Ussanyň giden badyna bolsa ýene-de enjamyň ýagdaýy öňküsi ýaly.

«Ýara daňysynyň kanuny». Oňa laýyklykda, lukmançylyk ýara daňylary iki görnüşe bölünýär: ýapyşmaýanlar we sypyryp aýyrmasy mümkin däl diýen ýaly görnüşdäkiler. Bu kanunyň manysy — «altyn ortalygy», ýagny kadaly ýagdaýy tapmak örän kyn diýmegi aňladýar.

«Saýawan kanuny». Bu kanun diýseň ýönekeý: ýagyşa garaşýan wagtyňyz ýanyňyza saýawan alsaňyz, howa açylar. Howa bulaşmaz diýen umyt bilen saýawanyňyzy öýde goýsaňyz, hökman ýagyşa ezilersiňiz. Başgaça aýdylanda, islendik synaga mümkin boldugyça taýýarlyk görseňiz, örän ýeňil geçer, aslynda taýýarlanmadyk bolsam hem üstünlikli geçjek ekenim diýen netijä gelersiň. Diňe rahatlanyp, şowuna düşer diýen pikire bil baglamaly bolýar, şonda kynçylyklar birin-birin kemeler.

«Godwiniň kanuny». Onuň sözlerine görä, islendik gyzgalaňly syýasy jedeller partiýalaryň biriniň garşydaşyny Gitler ýa-da nasistler bilen deňeşdirmegi netijesinde tamamlanýar.

«Nobatyň kanuny». Goňşy ýerde dowam edip duran nobat hemişe tiz hereket edýän ýaly. Ýöne şol tiz nobata baryp durup gör, ol derrew edil «doňup duran ýaly bolar, indi tersine, ozalky duran nobatyň çalt hereket edip başlaýar.

«Awtobusyň kanuny». Bu kanun bilen ilatyň 99 göterimi tanyşdyr. Size gerek däl belgili awtobus duralga her 5 minutdan gelip durandyr, emma sen öz münmeli awtobusyňa ýarym sagatlap garaşyp duransyň, wagty bilen gelmez.

«Piteriň ýörelgesi». Bu kanun iýerarhiýanyň ýörelgelerini öwrenmegiň üstünde işleýän mugallym Lowrens Piter tarapyndan düzüldi. Bu kanun şeýle: «Iýerarhiki ulgamda islendik işgär özüniň başarnyksyzlyk derejesine çykar». Ýagny, guramanyň iýerarhiki ulgamynyň bir işgäri, nämeleriň bolup geçýändigine we nähili hereket etmelidigine düşünýänçä, ol eýýäm karýera basgançagyna çykyp, az bolmadyk wagtlap işläp gezer. Adaty söz bilen aýdylanda, bu guramanyň çäginde ösmeginiň mümkin bolmadyk derejesine ýeter.

Peýdalanylan çeşmeler: theoryandpractice.ru; adme.media
28
76
sofii
05.01.2024 16:28
Psihologiýa (psihýus – jan, ruh; logos – taglymat, ylym) ýaşaýşyň aýratyn görnüşi bolan psihikanyň ösüşi we işleýşi hakyndaky ylymdyr. Ol psihikanyň döreýşiniň, ösüşiniň, ýüze çykyşynyň, adam aňynyň psihologik kanunalaýyklaryny öwrenýän ylymdyr. Psihika ýokary guramaçylykly beýniniň önümi bolup, ol daşky dünýäni işjeň şöhlelendirmek esasynda özboluşlylygyny, işlerini dolandyrmakdyr, onuň beýni keşbini, nusgasyny döretmekdir. Psihika işjeňligi bilen tapawutlanýar, ol beýnä daşky dünýä we içki ulgamlar hakynda maglumat, habar berip, bedeniň giňişlikde ugur tapmagyny, isleglerini kanagatlandyrmagyny we ýaşamagyny üpjün edýär. Adamzat gadym zamanlarda göze görünýän we görünmeýän hadysalary tapawutlandyrypdyrlar. Şol hadysalaryň tebigatyna we döreýşiniň sebäplerine dogry düşünmäge mümkünçilikleri bolmanlygy üçin adamlar olary özbaşdak, töweregindäki real dünýäden baglanyşyksyz zatlar hasap edip başlapdyrlar. Şeýlelikde, beden we jan hakyndaky, materiýa we psihika hakyndaky başlangyç düşünjeler ýüze çykypdyr. Şolaryň esasynda materializm we idealizm diýen 2 sany garşylykly ugur döräpdir. Psihologiýa ylmyny esaslandyryjy Aristotel hasaplanylýar. Ondan başga-da psihologiýanyň ösmegine goşant goşan akyldarlardan Gerakliti, Demokriti, Platony, Galeni görkezmek bolar.

Psihologiýanyň düzgünleri: 1. Sebäplilik düzgüni – oňa laýyklykda psihikanyň, aňyň ösüşiniň sebäpleri bardyr. Aňyň özüniň, psihologik ýagdaýynyň ösüşiniň sebäbi bardyr. Hiç hili sebäpsiz zat bolmaýar. Adam üçin bu sebäp ýaşaýşyň obrazydyr. Ýagny onuň ýaşaýşyny üpjün etmäge gatnaşýan material önümleridir. Haýwanat dünýäsi üçin beýle sebäp onuň ýaşaýan geografik gurşawydyr.

2. Aňyň we işiň ýeke-täklik düzgüni. Aň işi meýilleşdirýär, guraýar, geçirýär, netijesine baha berýär. Aň içki tarapy, iş daşky tarapydyr. Adam aňy onuň işlerinde, ulanýan gurallarynda, işiniň önüminde beýanyny tapýar.
3. Aňyň, psihikanyň işde kemala geliş düzgüni. Çaganyň aňy, onuň ähli psihikasy özüniň işlerinde kemala gelýär. Şeýlelikde, çaganyň islendik psihiki hilini kemala getirmek üçin şol hili talap edýän işlerini guramalydyr.
4. Genetiki düzgüni – islendik psihiki hili, alamaty döremek, emele gelmek, ýüze çykarmak, kemala geliş prosesinde öwrenmelidir.

Emele gelen, berkeşen hili aýyrmak, aňda öçürmek mümkin däl. Oňa garşy täze hili döredip, ony aramlaşdyrmak üçin onuň sebäbini, gelip çykyşyny öwrenmelidir. Şu günler birlik, bitewilik, işlerini hasaba almak, aragatnaşyk, işjeňlik, ösüş, ulgamlylyk, özbaşdaklyk, şahsy garaýyş we ş.m. bar. Psihologiýa ylmy adamyň hünärleriniň, işleriniň görnüşine görä dürli ugurlara, şahalara bölünýär. Onuň umumy psihologiýa, ýaş aýratynlyklarynyň psihologiýasy, pedagogiki psihologiýa, zähmet psihologiýasy, lukmançylyk psihologiýasy, patopsihologiýa, harby psihologiýa, sport psihologiýasy ýaly birnäçe görnüşleri bar. Aňyň, psihikanyň daşky ýüze çykyş görnüşlerine psihologik fakt diýilýär. Olara:

Sözleýşi – sözlük gory (söz baýlygy), onuň sözleýşiniň mazmuny, çeperçiligi, sözlemleriniň oýlanyşyklylygy we gurluşy onuň psihiki ösüşiniň görkezijileridir. Şahsyýetiň duýgulary, emosional ýagdaýlary daşky sözleýşiniň äheňinde, ösüşinde ýüze çykýar (tolgunýarmy, şadyýanmy?).

Adamyň dürli hereketleri, täsirleri, özüni alyp baryşlary.
Adamyň bedeninde bolýan üýtgeşmeler. Gan basyşynyň artmagy, derlemegi, pulsunyň ýokarlanmagy ýa-da peselmegi we ş.m. üýtgeşmeler. Olar bedeniň duýgy -emosional ýagdaýlaryny, erk hillerini görkezýärler.

Adam işiniň önümleriniň (ýazan düzmeleriniň, goşgularynyň, ýasan zatlarynyň) psihologiki derňewi. Şolar arkaly aňy öwrenmek mümkindir.
Psihologiýada ilki biz nämäni öwrenmeli? (Mysal üçin, pikirlenmäni) Öwrenilýän hilimiz nämede beýanyny tapýar, daşyna çykýar? Ol öwrenýän predmetimizdir. Öwrenmek üçin näme etmeli? diýen soraga dürli usullar jogap berýärler. Hili, prosesi, ýagdaýy öwrenmek üçin ýerine ýetirilýän täsirler ulgamyna prosedura usuly diýilýär.
29
64
sofii
04.01.2024 19:17
Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy Sarygül Mätiýewa 116 ýaşyny doldurdy. Enäniň passportynda onuň doglan güni 1-nji ýanwar diýip görkezilen. Şonuň üçin-de, ol ýaş toýuny Täze ýyl bilen bilelikde belleýär. Bu barada «Türkmenistan» gazeti ýazýar.

Şu gezekki doglan gününde nurana enäni onuň çagalary, 43 sany agtygy, 96 sany çowlugy we 8 ýuwlugy bir saçaga jem bolup gutladylar.

Sarygül Mätiýewa 116 ýaşandygyna garamazdan, şadyýanlygy we keýpiçaglygy elden bermeýär. Ol özüniň uzak ýaşynyň syryny ýakynlarynyň ýanynda abadan we parahat durmuşda ömür sürendigi bilen baglanyşdyrýar.

Ýeri gelende bellesek, Sarygül Mätiýewa häzirki wagtda Daşgouz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Bagtyly obasynda ýaşaýar.
32
78
sofii
04.01.2024 12:34
Täsin dünýäde täsin faktlar
29
186