sofii
14.01.2024 10:25
2024-nji ýyl: Luw ýylymy ýa-da aždarha?

Häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda grigorýan senenamasyna laýyklykda, Täze ýyl baýramçylygy şatlygy höküm sürýär. Muňa garamazdan, beýleki ýyl hasaplama ulgamlary — birnäçe umumylyklary özünde jemleýän 12 ýyllyk gadymy türkmen we hytaý senenamalarynyň hem bardygyny bellemek gerek.

Tanymal taryhçylar planetanyň köp bölegine ýaýran 12 ýyllyk ýyldyz ulgamly senenamanyň gelip çykyşyny Merkezi Aziýanyň ýaşaýjylarynyň we türki dilli halklaryň durmuşy hem-de ýaşaýşy bilen baglanyşdyrýarlar. ХI asyryň beýik alymy Mahmyt Kaşgarly türkmen senenamasynyň döreýşi hakynda diýseň gyzykly rowaýaty miras galdyrypdyr. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde beýan edilýär.

Gadymy döwürlerde adamlar hemişe belli bir wakanyň senesini aýdyp bilmändirler. Şonda hökümdar öz halkyna geljekde seneleri kesgitemekde ýalňyşlyklardan gaça durmak üçin aýlaryň we ýyldyz alamatlarynyň sanyna görä 12 ýyldan aýlanýan ulgamda senenamany ýöretmegi hem-de ýyllara at dakmagy teklip edipdir. Halk bu ugurdaky çözgüdi hökümdaryň özüniň kabul etmegine bil baglapdyr. Bir gün awa şikara çykan patyşa ähli ýabany haýwanlary Ili jülgesine sürmegi buýrudyr. Şeýlelikde, ýabany haýwanlaryň 12 görnüşi derýanyň ýakasyna sürüldi. Ilki bilen syçanjyk peýda boldy we senenamanyň başynda ýerleşdi. Şondan soň kenara sygyr, bars, towşan,luw, ýylan, at, goýun, maýmyn, towuk, it we doňuz geldi. Şeýdip, 12 ýyllyk ulgamly senenama döredi.

Hytaý hasaby boýunça başlanjak aždarha ýyly bolsa 10-njy ferwlda başlanyp, 2025-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda tamamlanar. Türkmen ýyl hasabynyň luw ýyly bolsa 21-nji martda — bahar güni başlanar. Hytaý ýyl hasabynda balygyň ýerine bu halkyň has gadymy rowaýatlaryna — çuňňur taryhy köklerine siňip giden aždarhanyň nyşany ulanylýar.

Dürli taryhy döwürlerde tire-taýpa aýratynlyklary bilen baglylykda, Täze ýyl baýramynyň başgaça atlandyrylan wagtlary hem bolupdyr. Gadymy döwürlerde türkmenleriň çarwa taýpalary her ýylyň 22-nji fewralynda «Çarwa Nowruzy» baýramyny belläpdirler we ol maldarçylykda guzy möwsüminiň başlanmagy bilen baglanyşdyrylypdyr.

Bu gün bolsa türkmen topragyna luw ýyly gadam basýar. Elbetde, luw ýylynyň bolsa deňiz önümlerine baý bolýandygy bellenilýär. Dili senaly ýaşulularyň belleýşi ýaly, bu ýyl hemmeler öz maksatlaryna ýetmegiň ýolunda balyk ýaly hereket etmelidir.
19
99
biohimik
14 Yanwar 2024
👍
Kenno_Tabi
14 Yanwar 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.