Psihologiýa (psihýus – jan, ruh; logos – taglymat, ylym) ýaşaýşyň aýratyn görnüşi bolan psihikanyň ösüşi we işleýşi hakyndaky ylymdyr. Ol psihikanyň döreýşiniň, ösüşiniň, ýüze çykyşynyň, adam aňynyň psihologik kanunalaýyklaryny öwrenýän ylymdyr. Psihika ýokary guramaçylykly beýniniň önümi bolup, ol daşky dünýäni işjeň şöhlelendirmek esasynda özboluşlylygyny, işlerini dolandyrmakdyr, onuň beýni keşbini, nusgasyny döretmekdir. Psihika işjeňligi bilen tapawutlanýar, ol beýnä daşky dünýä we içki ulgamlar hakynda maglumat, habar berip, bedeniň giňişlikde ugur tapmagyny, isleglerini kanagatlandyrmagyny we ýaşamagyny üpjün edýär. Adamzat gadym zamanlarda göze görünýän we görünmeýän hadysalary tapawutlandyrypdyrlar. Şol hadysalaryň tebigatyna we döreýşiniň sebäplerine dogry düşünmäge mümkünçilikleri bolmanlygy üçin adamlar olary özbaşdak, töweregindäki real dünýäden baglanyşyksyz zatlar hasap edip başlapdyrlar. Şeýlelikde, beden we jan hakyndaky, materiýa we psihika hakyndaky başlangyç düşünjeler ýüze çykypdyr. Şolaryň esasynda materializm we idealizm diýen 2 sany garşylykly ugur döräpdir. Psihologiýa ylmyny esaslandyryjy Aristotel hasaplanylýar. Ondan başga-da psihologiýanyň ösmegine goşant goşan akyldarlardan Gerakliti, Demokriti, Platony, Galeni görkezmek bolar.
Psihologiýanyň düzgünleri: 1. Sebäplilik düzgüni – oňa laýyklykda psihikanyň, aňyň ösüşiniň sebäpleri bardyr. Aňyň özüniň, psihologik ýagdaýynyň ösüşiniň sebäbi bardyr. Hiç hili sebäpsiz zat bolmaýar. Adam üçin bu sebäp ýaşaýşyň obrazydyr. Ýagny onuň ýaşaýşyny üpjün etmäge gatnaşýan material önümleridir. Haýwanat dünýäsi üçin beýle sebäp onuň ýaşaýan geografik gurşawydyr.
2. Aňyň we işiň ýeke-täklik düzgüni. Aň işi meýilleşdirýär, guraýar, geçirýär, netijesine baha berýär. Aň içki tarapy, iş daşky tarapydyr. Adam aňy onuň işlerinde, ulanýan gurallarynda, işiniň önüminde beýanyny tapýar.
3. Aňyň, psihikanyň işde kemala geliş düzgüni. Çaganyň aňy, onuň ähli psihikasy özüniň işlerinde kemala gelýär. Şeýlelikde, çaganyň islendik psihiki hilini kemala getirmek üçin şol hili talap edýän işlerini guramalydyr.
4. Genetiki düzgüni – islendik psihiki hili, alamaty döremek, emele gelmek, ýüze çykarmak, kemala geliş prosesinde öwrenmelidir.
Emele gelen, berkeşen hili aýyrmak, aňda öçürmek mümkin däl. Oňa garşy täze hili döredip, ony aramlaşdyrmak üçin onuň sebäbini, gelip çykyşyny öwrenmelidir. Şu günler birlik, bitewilik, işlerini hasaba almak, aragatnaşyk, işjeňlik, ösüş, ulgamlylyk, özbaşdaklyk, şahsy garaýyş we ş.m. bar. Psihologiýa ylmy adamyň hünärleriniň, işleriniň görnüşine görä dürli ugurlara, şahalara bölünýär. Onuň umumy psihologiýa, ýaş aýratynlyklarynyň psihologiýasy, pedagogiki psihologiýa, zähmet psihologiýasy, lukmançylyk psihologiýasy, patopsihologiýa, harby psihologiýa, sport psihologiýasy ýaly birnäçe görnüşleri bar. Aňyň, psihikanyň daşky ýüze çykyş görnüşlerine psihologik fakt diýilýär. Olara:
Sözleýşi – sözlük gory (söz baýlygy), onuň sözleýşiniň mazmuny, çeperçiligi, sözlemleriniň oýlanyşyklylygy we gurluşy onuň psihiki ösüşiniň görkezijileridir. Şahsyýetiň duýgulary, emosional ýagdaýlary daşky sözleýşiniň äheňinde, ösüşinde ýüze çykýar (tolgunýarmy, şadyýanmy?).
Adamyň dürli hereketleri, täsirleri, özüni alyp baryşlary.
Adamyň bedeninde bolýan üýtgeşmeler. Gan basyşynyň artmagy, derlemegi, pulsunyň ýokarlanmagy ýa-da peselmegi we ş.m. üýtgeşmeler. Olar bedeniň duýgy -emosional ýagdaýlaryny, erk hillerini görkezýärler.
Adam işiniň önümleriniň (ýazan düzmeleriniň, goşgularynyň, ýasan zatlarynyň) psihologiki derňewi. Şolar arkaly aňy öwrenmek mümkindir.
Psihologiýada ilki biz nämäni öwrenmeli? (Mysal üçin, pikirlenmäni) Öwrenilýän hilimiz nämede beýanyny tapýar, daşyna çykýar? Ol öwrenýän predmetimizdir. Öwrenmek üçin näme etmeli? diýen soraga dürli usullar jogap berýärler. Hili, prosesi, ýagdaýy öwrenmek üçin ýerine ýetirilýän täsirler ulgamyna prosedura usuly diýilýär.