Salam, hormatly agzalar!
Men bu posty
@beghanym agzanyň geçirýän ýaryşynyň 2-nji şerti üçin açdym.
«Oraza geldi haý bilen,
Bir alaja taý bilen,
Taýym batga batanda,
Çykaryň haý-haý bilen.
Biz–ä sizi baý gördük,
Tüýnügňizde Aý gördük,
Altyn bilen apardyk,
Kümüş bilen gopardyk.
Köp bereniň ogly bolsun,
Az bereniň gyzy bolsun!»
Çagalyk ýyllarymyz dünýäniň şowhunyna goşulyp, ýaremezan baradaky sanawajy aýdyp görmedik ýok bolsa gerek. Edil şonuň ýaly-da, ýagşylygyň buşlukçysy bolup, kalbymyza päk arzuwlary peşgeş berýän, naşyja dillerini saýradyp duran çagajyklara nogul-nabat paýlamadygymyz hem ýokdur. Ýaremezan aýtmaga gelen bilen henek häsiýetli sorag-jogap alyşmak hem köp ýerde adaty ýagdaýdyr.Ýaremezan aýtmaga gelene:
«Sanajyň agzyny näme bilen bogmaly?», «Daşa gurt düşende näme bilen aýyrmaly?» diýen ýaly soraglar berilýär. Olam: «Bismilla bilen bogmaly», «Düýäniň çaly bilen aýyrmaly» diýip, henege henek şekilli jogaplary gaýtarýar.
Türkmen halky Oraza baýramyna ruhy tämizligiň we ahlak arassalygynyň, hoşniýetliligiň baýramy hökmünde garaýar. Oraza tutmak, agyz bekleme mukaddes hasaplanýar. Oraza aýynda agyz beklemek arkaly ynsanyň bedeni we ruhy dünýäsi tämizlenýär. Bu döwürde adamyň bedeni, aňy we ruhy dünýäsi jebisleşip ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.
Lukmanlaryň bellemegine görä, ynsan bedeniniň energiýasynyň agramly bölegi iýmit siňdirmäge sarp edilýär. Hut şonuň üçin-de, agyz beklemek arkaly adamyň bedenine iýmitiň barmasy kesilen ýagdaýynda, bedenimiz ähli güýjüni zyýanly mikroblardan dynmaga, «zibillerden» arassalanmaga, taplanmaga, dikelmäge gönükdirýär.
Açlygy bejergi hökmünde öwrenen nemes alymlary ýylyň dowamynda 3-4 hepde hiç zat iýmän-içmezligiň saglyk üçin örän peýdalydygyny subut etdiler. Lukmanlaryň bellemegine görä, agyz beklemede beden artyk agramyndan dynyp, immun ulgamynyň işi gowulanýar, bagyr we böwrekler arassalanýar, alyş-çalyş ýagdaýlary kadalaşýar. Şeýle-de iýmit siňdiriş ulgamynyň işi ýeňilleşýär, tüýkülik mäzleri, aşgazan, bagyr, aşgazanasty mäzi, içege dynç alýar. Agyz bekleme endokrin mäzleriniň işine-de oňaýly täsir edýär. Musulman dünýäsiniň mukaddes Oraza baýramynda haýyr-sahawat işleri, berilýän sadakalar, haýyrly dogalar has-da artyp, her bir ynsanyň köňli, ruhy dünýäsi tämizlenýär we ýagtylanýar.
Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen külli musulman dünýäsinde bir aýlap dowam edýän agyz beklemek dessury, diňe bir bedenimizi däl, kalbymyzy, ruhumyzy päkläp, birek-birege bolan mähir-söýgimizi, ynsap-imanymyzy oýarýar, kämilleşdirýär. Bizi beýik Biribara golaýlaşdyrýar. Oraza ýekeje aýlyk möhleti bilen ynsan durmuşyna, ýüregine nur çaýýar. Sözüň doly manysyndaky oraza, diliňi gybatdan, ýaramaz sözlerden, töhmetden saklamak, gözüň harama bakmazlygy, kalbyňy arassa tutmak esasynda berjaý edilýär.
Öňem bir taňry bendesi ýaramaz endiklerinden bir aýlap el çekipdir. Muňa diýseň begenipdirler. Emma, bir aýdan soň ol ýene öňküsi ýaly boluberipdir. Sebäbini soranlarynda: ,,Indi Oraza tamamlandy ahyryn\" diýipdir. Aslynda, ynsan bütin ömrüne halal ýaşamalydyr. Oraza tutmaklygyň manysy ruhy päkligiňi gazanmak, nebsiňi jylawlamak diýmekdir. Rowaýata görä, beýik Allatagala nebisden: ,,Sen kim? Men kim?\" diýip sorapdyr. Nebis: ,,Men-ä men, Senem sen\" diýip, jogap beripdir. Şonda külli älemleri ýokdan bar eden Rebbimiz nebsi aç-suwsuz daňyp goýmaklygy emir edipdir. Jeza tamamlanandan soň, nebsi huzuryna çagyryp ýene-de: ,,Sen kim? Men kim?\" diýip sorapdyr. Şondan soň nebis: ,,Sen-ä meniň eýäm, menem seniň guluň\" diýip jogap beripdir.
Kalby sahawatly halkymyz uzynly gün duz datman gezen orazaly adamynyň agzyny açdyrmagy, dürli-näz-nygmatlar bilen hezzetlemegi uly sogap hasaplap, olardan ýagşy dileg-doga isleýär. Sebäbi özüň hakda özge biriniň haýyrly dilegi kabul bolmaklyga golaý bolarmyş. Magtymguly atamyzam: ,,Eý, ýaranlar, ýat ediň, haýry dogada bizni\" diýmeýärmi näme?!
Nurana enelerimizden: ,,Agzynyň beklidigi ýadyndan çykyp, tamşanyp oturan bendesine gözi düşende, Allatagala ýylgyrarmyş-da, şol bendesiniň paýyna sogap ýazarmyş\" diýen gürrüňi hem eşidipdim. Hakykatdanam, Remezan aýy bize berlen peşgeş bolmaly. Goý, Remezan aýy her ýyl bize bagt-bereke, rysgal bilen gelsin!
2-nji bölüm
🇰🇿Gazagystan (Kazakh: Қазақстан, Qazaqstan) — Merkezi Aziýada ýerleşýän döwlet. Onuň umumy meýdany 2.724.900 inedördül kilometre barabardyr. Döwlet dili – gazak dili. Prezidenti – Kasym-Jomart Tokayew. Hökümet başlygy – Älihan Smaýilow. Ilaty – 16 milliondan gowrak adam.
Paýtagty – Astana.
Pul birligi: tenge (KZ)
Elipbiý: 42 harp
Gazagystan tutýan meýdany boýunça dünýäde dokuzynjy orunda durýar. Şeýle hem ýurduň günorta-günbataryny Hazar deňzi, günortasyny bolsa Aral köli ýuwýar. Iri şäherleri: Astana, Almaty, Garaganda, Çimkent, Semeý, Akmolla, Aktau we ş.m.
1991-nji ýylda garaşsyzlygyny gazanan Gazagystanda nebitiň, demriň, altynyň, gurşunyň we uranyň baý gorlary bar. Gazagystan tebigy baýlyklary we geografiki ýerleşişi babatda uly ähmiýete eýe ýurt. Gazagystan ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýär. Häzir Gazagystanda orta hasap bilen 3 müňe golaý daşary ýurt kompaniýasy iş alyp barýar. Häzirki döwre çenli ýurtda özleşdirilen daşary ýurt maýa goýumlarynyň umumy bahasy 8 milliard dollara barabar boldy. Bu görkeziji garaşsyzlygyny gazananyna bary-ýogy 18 ýyl dolan ýaş döwlet üçin uly üstünlik hasaplanýar.
Gazagystanda işleýän ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň kompaniýalary nebitgaz we dag magdany senagatynda işleýär. Türk kompaniýalary bolsa söwda, telekomunikasiýa, myhmanhana dolandyryjylygy, dokma we hyzmat sektorynda iş alyp barýarlar. Türk gurluşyk kompaniýalary Gazagystanda alyp barýan gurluşyk taslamalarynyň umumy bahasy 2 milliard dollardan geçýär.
Döwlet dili: Ýurduň konstitusiýasyna laýyklykda, ýurduň döwlet dili gazak dilidir. Ýurtda rus dili hem giňden ulanylýar. Ýurduň ilatynyň agramly bölegi şäherde ýaşaýar. Şäherleri we olaryň ilatynyň sany: Almaty (Gazagystanyň öňki paýtagty, 1,3 million ilaty bar.) Karaganda (600 müň), Çimkent (400 müň), Pawlodar (350 müň), Yst-Kamenogorsk (350 müň), Semipalatinsk (330 müň), Taraz (Jambul, 310 müň) we beýlekiler.
Gazagystan – prezident respublikasydyr. Häzirki konstitusiýa 1995-nji ýylyň 30-njy awgustynda kabul edildi we 1998-nji ýylda oňa birnäçe üýtgetmeler girizildi. Döwlet baştutany – prezident. Ol ýurduň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär, ýurduň hökümetiniň ähli organlarynyň işine gözegçilik edýär. Mundan başga-da, ýurduň prezidentiniň köp ygtyýarlyklary bar. Ýurduň ýokary kanun çykaryjy organy – parlament. Ol iki palatadan: Senat we Mejlisden durýar. Senatyň ygtyýarlyk möhleti 6 ýyl. Onuň düzüminiň ýarysy her 3 ýyldan täzeden saýlanýar. Senatyň düzüminde 47 deputat bar. Olaryň 7-si prezident tarapyndan saýlanýar. Mejlisiň düzüminde bolsa 77 deputat bar. Olar ählihalk saýlawlary esasynda 5 ýyllyk möhlete saýlanylýar. Gazagystanyň parlamenti konstitusiýa üýtgetmeler girizýär (prezidentiň teklibi boýunça), döwlet büjetini, hökümetiň hasabatyny we maksatnamasyny tassyklaýar, kanun kabul edýär, halkara ylalaşyklaryny tassyklaýar. Ýurduň ýerine ýetiriji häkimiýeti – premýer-ministriň ýolbaşçylygyndaky hökümet alyp barýar.
Gazagystan:
1.Türkmenistan
2. Russiýa Federasiýasy
3. Özbegistan
4. Gyrgyzstan
5. Hytaý Halk Respublikasy bilen araçäkleşýär.
📌 2-nji surat: Gazagystanyň emblemasy
3-nji bölüm
1) Tikinçi patyşa: ,,Çöwrüp ber, tikip bereýin" diýýär.
2) 17,5