sofii
04.01.2024 19:17
Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy Sarygül Mätiýewa 116 ýaşyny doldurdy. Enäniň passportynda onuň doglan güni 1-nji ýanwar diýip görkezilen. Şonuň üçin-de, ol ýaş toýuny Täze ýyl bilen bilelikde belleýär. Bu barada «Türkmenistan» gazeti ýazýar.

Şu gezekki doglan gününde nurana enäni onuň çagalary, 43 sany agtygy, 96 sany çowlugy we 8 ýuwlugy bir saçaga jem bolup gutladylar.

Sarygül Mätiýewa 116 ýaşandygyna garamazdan, şadyýanlygy we keýpiçaglygy elden bermeýär. Ol özüniň uzak ýaşynyň syryny ýakynlarynyň ýanynda abadan we parahat durmuşda ömür sürendigi bilen baglanyşdyrýar.

Ýeri gelende bellesek, Sarygül Mätiýewa häzirki wagtda Daşgouz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Bagtyly obasynda ýaşaýar.
32
78
ylham_gurbanaly
11 Yanwar 2024
Obaň garrylaryny diňleseň-ä o ýaş ýalňyş diýýär. Dogry ýaşy entek 100ede barmadykmyş. Ýöne o SSSR döwründe pasporty ýalňyş basylan eken. Her näme-de bolsa ýaşy uzyn bolsun!
ylham_gurbanaly
11 Yanwar 2024
Goňşy obada )
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.