sofii
09.02.2024 20:21
«Öwrenmeli» hakda gyzykly soraglar:

1. Siziň pikiriňizçe, passiw agza haýsy?
2. Iň aktiw agza haýsy?
3. Haýsy agzanyň teswirlerini has halaýarsyňyz?
4. Haýsy agzanyň postlaryny has halaýarsyňyz?
5. Haýsy bölümlerde paýlaşylýan postlary gowy görýärsiňiz?
6. «Öwrenmeli» portalyny ilkinji gezek haçan ýüklediňiz?
7. Siziň ýörite yzarlaýan agzaňyz barmy?
8. Profil suratyny halaýan agzaňyz?
9. Güýmenje hökmünde haýsyny saýlaýarsyňyz: gyzykly kitap okamak, gorkunç filme tomaşa etmek, şygyr ýazmak, dükana we ş.m. barmak, telefon görmek, tebigata gezmek?
10. Köp ulanýan iki stikeriňiz?
11. Sizde oňat täsir galdyran kitap?
12. Iň halaýan 3 agzaňyz?
13. Haýsy žanrdaky filmleri (kitaplary) halaňzok?
14. Kiçijik wagtyňyzda görýän multfimleriňizden haýsylary ýadyňyzda?
15. Özüňiziň haýsy gylygyňyzy halamaýarsyňyz?
Jogaplaryňyza garaşýaryn!
41
464
sofii
09.02.2024 17:42
Deňziň gyzy (Awtor: @sunlight)

Deňizde çaýkanýar tolkunlary,
Ýatladýar käte, bir käse çaýy.
Ýöne, çaý ýaly däl, lezzeti başga,
Görýärin ýüzünde owadan Aýy.

Deňziň balykgulagy, deňziň suwy,
Gaýalary ýatladýandyr ak guwy.
Edil bitin bir täze çüýşe ýaly,
Deňziň her damjasy ajaýyp dury...

Meňzemez bu gije hiç bir gijä,
Üýtgeşik ajapdyr deňiz gijesi.
Deňziň şagyzy bolsadym käşgä,
Saldyrardym deňizde bir köşgi.

Deňziň şagyzy bolmasam hem,
Düşünýärin deňziň tolkunlaryna.
Deňiz bilen bile urýan her dem,
Sebäpçidir meniň düşünmegime...
34
64
sofii
08.02.2024 21:03

GÜLLERIŇ TÄSIN DÜNÝÄSI
Güller - bu tebigatyň owadan we özüne çekiji ajaýyp döredijiligidir. Güller özüniň owadanlygy we özüne çekijiligi bilen köpleri haýrana galdyrýar. Geliň, dünýädäki täsirli we täsin gülleriň käbirleri bilen tanşalyň: - Müsürde 4 müň ýyldan gowrak öň gül ösdürip ýetişdirmek başlanypdyr;

- Dünýädäki iň uly ýaprakly gül rafiýa palmasy hasaplanyp, onuň boýunyň uzynlygy 20 metre çenli ýetýär;

- Gollandiýa çigildemleriň watany hasaplanyp, bu ýerde çigildemler ýazyň başynda adamlary ilkinji bolup begendirýän güllerdir;

- Çigildemler - dünýäde iň çalt ösýän gülleriň biri bolup, olar diňe bir günde 2 santimetr ösýär;

- Pion güli - hytaýyň milli güli hasaplanylýar. Sebäbi, ýurtduň ilaty hakykatdanam pionlaryň jadyly häsiýetleriniň bardygyna ynanýarlar. Mundan başga-da, hytaýlylar piony erbet ruhlary öýlerinden kowýar diýip hasap edýärler;

- 2002-nji ýylda Hytaýyň çäginde arheologlar tarapyndan tapylan «Ähli gülleriň enesi» güli dünýädäki iň gadymy gül hasaplanylýar. Bu gülüň ýaşy 125,000,000 ýyldan gowrak;

- Amerikan tropiki ýerlerinde ösýän «Aý güli» atly gülleriniň gülläp ösmegi üçin günüň däl-de, aýyň ýagtylygynyň bolmagy, ýagny ösümligiň diňe garaňkyda gülleýänligi bilen tapawutlanýar;

- Wiktoriýa regia güli iň uly suw liliýasydyr. Ýagny, bu gülüň diametri 2 metre çenli ýetip, onuň iň ýokary hasaba alnan agramy 50 kg-a deňdir. Şeýle hem, bu güller diňe gije gülleýär, reňki bolsa gülgüne, ak ýa-da gyzyl reňke öwrülýär.
29
78
sofii
07.02.2024 19:03
Hemmäňize salam! Siziň pikiriňizçe, durmuş näme? Durmuşyň manysy näme?
31
182
sofii
06.02.2024 22:15
Dünýä dillerindäki iň uzyn sözler

Häzirki wagtda dünýäde bäş müňden gowrak dil bolup, olaryň käbiri köp adamlar tarapyndan ulanylýar, ýagny 14 dil 100 milliondan gowrak adamlar tarapyndan, käbirleri bolsa diýseň az adam tarapyndan ulanylyp köp dillerde käwagt hat-da, ene dilinde-de ilkinji gezek aýdyp bolmaýan uzyn sözlere duş gelmek bolýar.

Grundstscksverkehrsgenehmigungszustsndigkeitsdbertragungsverordnung.
Nemes dilinden 67 simwoldan ybarat bu söz “ýer bölekleri bilen baglanyşykly hukuk amallary üçin jogapkärçiligi geçirmek baradaky karar” hökmünde terjime edildi.

Speciallagepraksisplanldgningsstabiliseringsperiode.
Bu söz öňküsi ýaly uzyn bolmasa-da, ilkinji gezek Daniýada ulanylýar. Emma bu söz gündelik aragatnaşykda ulanylmaýar, sebäbi pedantik skandinawlar hem “gozgalmaýan emläk satýanlar üçin okuw” manysyny aňladýan 51 harpy aýtmak islemeýärler. Muňa derek aragatnaşykda bary-ýogy 35 simwoldan ybarat gysga çalyşma ulanýarlar – Ejendomsserviceassistentuddannelsen.

Непротивоконституционствувелелствувайте.
Russiýa Federasiýasynyň konstitusiýasyna girizilen üýtgetmeler baradaky soňky ses berişligiň netijesinde 39 harpdan ybarat bu bolgar sözi öňkülerinden has möhümdir. Aýratyn hem, slawýan dillerinde gürleýänler üçin bu sözi aýtmasy örän kyndyr. Bu söz “Konstitusiýa garşy däl” diýip terjime edilýär.

Pretpulkstesrsdatdjvirziens.
Baltika dilleriniň özleri çylşyrymly, ýöne olaryň terjimeçisine-de ilkinji gezek aýtmak kyn sözleri bardyr. Pretpulkstesrsdatdjvirziens latw dilinde bu sözi “sagat tersine” diýip terjime edilýär.

Sannipsevansdalallpupeopsrastlkunavasimatus.
Dostuňyzyň doglan gününe barsaňyz, bu 43 harpy Estoniýada eşidip bilersiňiz. Bu söz takmynan “ähli dynç günleri dowam eden doglan gün baýramyndan soň ýekşenbe agşamynyň tükeniksiz energiýasy” diýip terjime edilýär. Umuman aýdylanda, bu söz dynç alyşyň nädip gidendigini we toýy dowam etdirmek üçin henizem köp energiýanyň bardygyny tassyklaýar.

Folyamatellenarzssisgyosztdlyvezetlhelyetteskapesdtssvizsgllat
Wengerler terminler üçin iň uzyn sözler üçin nemesler bilen bäsleşip bilerler. Mysal üçin, bu söz 62 harpdan ybarat bolup, “amallary dolandyrmak bölüminiň başlygynyň orunbasarynyň synagy” hökmünde terjime edilýär.

Nordvastersjskustartilleriflygspaningssimulatoranlsggningsmaterielunderhall-suppfaljningssystemdiskussionsinlsggsfarberedelsearbeten.
131 harpdan ybarat bolan bu şwed sözi “Demirgazyk-Günbatar deňziniň kenarýaka artilleriýa enjamlaryny abatlamaga taýýarlyk görenden soň dowam etmek” hökmünde terjime edilýär. Bu sözüň azyndan ýarysyny ýalňyşsyz aýtmaga synanyşyň, şwesiýalylar size raýatlyk we filologiýa boýunça bakalawr derejesini berjek derejede geň galar.

Llanfairpwllgwyngyllgogerychwyrndrobwllllantysiliogogogoch.
Çagalykda kyn zat ýaly bolup görünýän Nowoalekseýewka we şuňa meňzeş obalaryň atlary ýadyňyzdamy? Şeýlelik bilen, uelsler has öňe gitdiler we Uelsdäki Angleseý adasyndaky obasyna Llanfairpwllgwyngyllgogerychwyrndrobwllllantysiliogogogoch diýip at berdiler. Bu söz, “Gyzyl gowakdaky Llantisilionyň çalt aýlawynyň ýanyndaky Ak Hazel Gülçdäki Keramatly Merýem buthanasyna” diýip terjime edilýär.

Lentokonesuihkuturbiinimoottoriapumekaanikkoaliupseerioppilas.
Finlandiýanyň raýatlygyny alsaňyz we bu ýurduň ýaragly güýçleriniň hataryna girip bilseňiz, has dogrusy Howa güýçleri, islendik ýagdaýda aýdyp bolmajak ýaly bir zady eşidip bilersiňiz. Göçme manyda bu söz Finlýandiýanyň ýaragly güýçlerinde uçar turbinalary üçin şägirt kömekçi kiçi mehaniki işgäri aňladýar.

Kindercarnavalsoptochtvoorbereidingswerkzaamheden.
Gollandiýada bu 49 harply söz çagalaryň karnawal ýörişine taýýarlygy aňladýar.

Қанағаттандырылмағандықтарыңыздан.
Bu gazak dilinde iň uzyn söz bolup, sözüň terjimesi ,,Kanagatlandyrylmandyklaryňyzdan" bolýar.
26
95
sofii
06.02.2024 14:27
Kitap bilen baglanşykly gyzykly maglumatlar

Kitap okamak biziň çalt garramagymyzyň öňüni alýar. Kitap okamak adamyň beýnisini işjeň ýagdaýa getirýär. Beýniniň işlemegi bolsa garrylygy birneme yza süýşürýär.

Fransuz imperatory Napoleon Bonapart bir minudyň dowamynda 2 müň sözi okamagy başarypdyr. Rus ýazyjysy Maksim Gorkiý bolsa 1 minudyň dowamynda 4 müň sözi okap bilipdir. Ýazyjy Onore De Balzak 2 ýüz sahypaly romany ýarym sagatda okapdyr.

Tomas Edison hem ünsüniň güýçli bolmagy sebäpli, 2-3 setiri birden okap, okanlaryny sahypalap ýadynda saklamagy başarypdyr.

Haýal okanymyzdan çalt okan wagtymyz gözlerimiz onçakly bir ýadamaýar. Adamlaryň 95 %-i örän haýal, ýagny 1 minudyň dowamynda 180-220 söz okaýarlar, (ýagny bir sahypany 1,5-2 minutda).

Dünýädäki iň uly kitaphana 1800-nji ýylda döredilen ABŞ Kongresiniň kitaphanasydyr. 2012-nji ýylda onuň gaznasyndaky kitaplaryň sany 155,3 milliona barabardy. Kitaphananyň umumy meýdany 26,14 ga bolup, kitap tekjeleriniň uzynlygy 856 kilometr.

Hindistanyň Amritsar şäherindäki kitaphana bolsa dünýäniň iň kiçi kitaphanasy hasaplanylýar. Onda bary-ýogy bir sany mukaddes kitap saklanylýar.

Ýer ýüzündäki ilkinji gazet Hytaýyň “Kongo” gazeti. Ol eýýäm 1000 ýyldan bäri çap edilip gelýär.

“Nýu Ýork Taýms” amerikan gazetiniň 1965-nji ýylyň 17-nji oktýabryndaky sany agramy boýunça dünýädäki iň agyr gazet hasaplanýar. Onuň agramy 3,4 kilogram, sahypalarynyň sany bolsa 943.
25
91
sofii
05.02.2024 20:45
Günüň dogýan ýurdunda...
Ýaponiýa barada gyzykly maglumatlar

Ýaponiýa däp-dessurlary, aşhanasy, durmuş ýörelgeleri we baý medeniýeti bilen köpleri haýran galdyrýan ýurt.

Ýaponiýada 100 ýaşdan uly bolan 50 müňden gowrak adam ýaşaýar. Her ýyl ýurduň ýaşulularyny hormatlamak üçin milli baýramçylyk “Ýaşululara hormat güni” yglan edilýär.

Ýapon medeniýetinde ötünç soramak ahlagyň möhüm görnüşi hasaplanýar. Söz bilen ötünç soramagyň azyndan 20 dürli usulynyň bardygyny aýtmak gerek.

Häzirki wagtda Ýaponiýa awtoulag, elektronika, himiýa we dokma senagaty boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Dünýäniň iň uly robot öndürijisi bolan Ýaponiýa senagat senagat robotlaryny ulanmakda hem öňdäki orunlary eýeleýär.

Gyşyň gazaply sowugyna we köp mukdarda gar ýagýandygyna garamazdan, Ýaponiýadaky otlular hiç hili gijä galmaýar. Ýapon otlulary örän seýrek ýagdaýda sekunt bilen hasaplap boljak derejede gijä galýar.

Ýaponiýanyň Nara şäherinde köçede barýarkaň keýiklere duşmak bolýar. “Keýikleriň şäheri” diýlip atlandyrylýan Narada keýikler adamlardan hiç hili gorkmaýar. Bu ýerde keýige duşanyňyzda oňa haýsydyr bir iýilýän zat uzatsaňyz, olar gorkman eliňizdäki zady iýýär.

«Günüň dogýan ýurdy» uniwersitetleriň 1200-den gowragyny özünde jemleýär.
27
139
sofii
05.02.2024 14:02
Görüp oturan kinoňyz gutarar, ýöne uzak wagtlap täsirinden çykyp bilmän gezýärsiňiz.

Diliňize bir aýdym çolaşar, yzyny ýadyňyza düşürip bilmersiňiz, uzyn günläp kelläňizde «yzy nämekä?» diýip oýlanýarsyňyz.

Synagdan (egzaminden) çykanyňyzdan soň, jogaplap bilmedik soraglaryňyzy pikirlenýärsiňiz.

Dynç alşa çykanyňyzda, ýarym galan işleriňiz kelläňizi meşgul edýär.

Görýän seriallaryňyz gyzykly ýerinde gutarýar, sebäbi senaristler ol sahnanyň indiki bölüme çenli siziň kelläňizi meşgul etjegini bilýärler.

Muňa Zeigarnigiň täsiri diýilýär. Psihologiýa gutarylmadyk ýa-da bölünen zatlar, gutarylan zatlara görä aňsat ýatda galýar. Bu termin özüniň gözbaşyny rus psihology Bluma Zeigarnikden alýar.
35
129
sofii
04.02.2024 12:30
Daşary ýurda gelmek bilen, käwagt bize geň görünýän ýa-da gorkuzýan däp-dessurlara duş gelýäris. Diňe däp-dessurlar däl, eýsem, yşaratlar hem bar, olaryň manysyny bilmän, ýakymsyz ýagdaýa düşüp bilersiňiz. Mysal üçin, bolgarlar «ýok» diýjek bolanlarynda, başlaryny atýarlar we «hawa» diýjek bolanlarynda, başlaryny ýaýkaýarlar. Ýaponlar bolsa «ýok» diýip ellerini silkýärler. Geliň, käbir daşary ýurtlaryň täsin däplerini öwreneliň.

Taýland
Taýlandda kelle bedeniň mukaddes bölegi hasaplanýar, şonuň üçin başga biriniň kellesine degmek gadagan. Stolda çarşak (wilka) we çemçe bilelikde ulanylýar. Diňe taýlandlylar mälim bolan bir sebäbe görä, çarşak agzyňyzda bolmaly däldir, şonuň üçin iýmit çarşak bilen çemçä goýýar we diňe şondan soň agzyna salynýar.

Müsür
Müsürlileriň diňe sag eli bilen bermegi we almagy öňden bäri dowam edip gelýär. Şonuň üçin çep eliňizi uzadyp, ýerli halkyň göwnüne degýäňiz. Aýa (eliň aýasy) zeper ýetmegine we göz degmegine talisman hasaplanýar, şonuň üçin müsürli bilen söhbetdeşlikde eliňizi sallamaly dälsiňiz. Size ýalňyş düşünip bilerler we söhbet başga tarapa gider.

Hindistan
Daşary ýurtly adamlar üçin Hindistan geň zatlardan doly. Maharaştra ştatynda täze doglan çagany 15 metrlik diwaryndan zyňmak adaty bar. Elbetde, çaganyň saglygyny berkitmek we oňa üstünlikli durmuş bermek üçin. Dogry, çagalar ýere gaçmaýarlar: adamlar aşakda üýşüp, aşakda mata tutup durýarlar.

Ýene bir, gaty geň däp agaç bilen toý etmek. Goroskopa görä, adamsyna betbagtlyk getirip biljek aýallar, adamsy hökmünde agajy saýlaýarlar. Hindiler agaja durmuşa çykan aýalyň, soň bagtly maşgala döredip biljekdigine ynanýarlar. Toý dabarasyndan soň agaç ýakylýar we dul aýal arkaýyn durmuşa çykyp bilýär. Käwagt turistleriň hem şahsy durmuşynda käbir zatlaryň gowy däldigini görseler, bu dabarany geçirmegi maslahat berýärler.

Wenesiýa
Wenesiýada ir gelmek gowy görülmeýär. Şol sebäpli, siz myhman ýeriňize gijä galyp barsaňyz, size uly hormat görkezerler.

Hytaý
Hytaýlylar janly gül bermek gelşiksiz hasaplaýarlar. Bu ölümiň nyşany—«ýakyn wagtda ölerler» (janly gül tiz wagtdan guraýar) diýen manyny aňladýar. Emma, emeli gül berip bilersiňiz. Olar bakydyr! (Hawa, hytaýlylaryň şeýleräk düşünjesi bar)

Italiýa
Italýanlar hiç haçan howlukmaýarlar, şonuň üçin bellenen wagtda gelmek erbet hasaplanýar. Bu ýerde taksi ulanmak adaty bir zat däl we taksi tutjak bolanlygyňyz sebäpli jerime alyp bilersiňiz. Şeýle hem, hakyky italýan agşamlyk 6-dan soň, kappuçino zakaz etmez. Şeýle edýänler bolsa, daşary ýurtlydygyna uly şübhe döredip biler. Şeýle hem makarony ketçup bilen doldurýanlar we pyçak bilen kesmäge synanyşýanlar hem şuňa degişli.
26
150
sofii
04.02.2024 07:31
Beýik Britaniýaly 12 ýaşly oglanjyk synagdan 160 ball gazandy

Beýik Britaniýanyň 12 ýaşly ýaşaýjysy «Ýerdäki iň akylly adamlaryň kluby» diýlip atlandyrylýan Mensa guramasyna kabul edildi. Bu barada mail.ru «Daily Mail» neşirine salgylanyp habar berýär.

Saut-Ýorkşir graflygynyň Şeffild şäherinden mekdep okuwçysy Saýrus Lýun Mensanyň IQ synagynda mümkin bolan 162 baldan 160 bal gazandy. Otnositellik teoriýasynyň awtory Albert Eýnşteýn bilen meşhur astrofizik Stiwen Hokingiň hem şol intellekt derejesine eýedigi çaklanylýar.
Lýun pianino çalmak bilen gyzyklanýar, geljekde bolsa matematik bolmak isleýär. Ol şeýle ýokary bal gazanyp bilendigine örän buýsanýandygyny aýtdy. Oglanyň kakasy Frenk Lýun meňzeş gyzyklanmalary bolan dostlary tapyp bilmegi üçin ogluna Mensa agza bolmagy teklip etmek kararyna geldi.

Ol: «Mensa agza bolan çagalar baradaky käbir makalalary okadym we munuň Saýrusyň kämilleşmegi üçin hem peýdaly boljakdygy hakynda pikirlendim» diýip, belledi.

Mensa – ýokary IQ derejesi bolan adamlar üçin iň uly halkara guramadyr. Oňa standartlaşdyrylan IQ synagyndan galan ilatyň 98 göteriminden has gowy netije bilen geçenler kabul edilýär.
2021-nji ýylyň dekabrynda britaniýaly mekdep okuwçysy Barnabi Swinberniň Mensanyň IQ synagynda iň ýokary bal – 162 bal gazanandygy habar berildi. Onuň netijesi dünýäniň ilatynyň 99 göteriminden has ýokarydyr.
26
82