sofii
05.02.2024 14:02
Görüp oturan kinoňyz gutarar, ýöne uzak wagtlap täsirinden çykyp bilmän gezýärsiňiz.

Diliňize bir aýdym çolaşar, yzyny ýadyňyza düşürip bilmersiňiz, uzyn günläp kelläňizde «yzy nämekä?» diýip oýlanýarsyňyz.

Synagdan (egzaminden) çykanyňyzdan soň, jogaplap bilmedik soraglaryňyzy pikirlenýärsiňiz.

Dynç alşa çykanyňyzda, ýarym galan işleriňiz kelläňizi meşgul edýär.

Görýän seriallaryňyz gyzykly ýerinde gutarýar, sebäbi senaristler ol sahnanyň indiki bölüme çenli siziň kelläňizi meşgul etjegini bilýärler.

Muňa Zeigarnigiň täsiri diýilýär. Psihologiýa gutarylmadyk ýa-da bölünen zatlar, gutarylan zatlara görä aňsat ýatda galýar. Bu termin özüniň gözbaşyny rus psihology Bluma Zeigarnikden alýar.
35
129
gurbanspr
5 Fewral 2024
bu yagdaylar hemme kisidede bolup gecya.Yone jemlenip gowy yazylypdyr.👍👍👍
guli_
5 Fewral 2024
Beh bilemokdym yone cyndanam su yagdaylar bolp gecya ozumde👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.