sofii
04.02.2024 07:31
Beýik Britaniýaly 12 ýaşly oglanjyk synagdan 160 ball gazandy

Beýik Britaniýanyň 12 ýaşly ýaşaýjysy «Ýerdäki iň akylly adamlaryň kluby» diýlip atlandyrylýan Mensa guramasyna kabul edildi. Bu barada mail.ru «Daily Mail» neşirine salgylanyp habar berýär.

Saut-Ýorkşir graflygynyň Şeffild şäherinden mekdep okuwçysy Saýrus Lýun Mensanyň IQ synagynda mümkin bolan 162 baldan 160 bal gazandy. Otnositellik teoriýasynyň awtory Albert Eýnşteýn bilen meşhur astrofizik Stiwen Hokingiň hem şol intellekt derejesine eýedigi çaklanylýar.
Lýun pianino çalmak bilen gyzyklanýar, geljekde bolsa matematik bolmak isleýär. Ol şeýle ýokary bal gazanyp bilendigine örän buýsanýandygyny aýtdy. Oglanyň kakasy Frenk Lýun meňzeş gyzyklanmalary bolan dostlary tapyp bilmegi üçin ogluna Mensa agza bolmagy teklip etmek kararyna geldi.

Ol: «Mensa agza bolan çagalar baradaky käbir makalalary okadym we munuň Saýrusyň kämilleşmegi üçin hem peýdaly boljakdygy hakynda pikirlendim» diýip, belledi.

Mensa – ýokary IQ derejesi bolan adamlar üçin iň uly halkara guramadyr. Oňa standartlaşdyrylan IQ synagyndan galan ilatyň 98 göteriminden has gowy netije bilen geçenler kabul edilýär.
2021-nji ýylyň dekabrynda britaniýaly mekdep okuwçysy Barnabi Swinberniň Mensanyň IQ synagynda iň ýokary bal – 162 bal gazanandygy habar berildi. Onuň netijesi dünýäniň ilatynyň 99 göteriminden has ýokarydyr.
26
82
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.