sofii
04.02.2024 12:30
Daşary ýurda gelmek bilen, käwagt bize geň görünýän ýa-da gorkuzýan däp-dessurlara duş gelýäris. Diňe däp-dessurlar däl, eýsem, yşaratlar hem bar, olaryň manysyny bilmän, ýakymsyz ýagdaýa düşüp bilersiňiz. Mysal üçin, bolgarlar «ýok» diýjek bolanlarynda, başlaryny atýarlar we «hawa» diýjek bolanlarynda, başlaryny ýaýkaýarlar. Ýaponlar bolsa «ýok» diýip ellerini silkýärler. Geliň, käbir daşary ýurtlaryň täsin däplerini öwreneliň.

Taýland
Taýlandda kelle bedeniň mukaddes bölegi hasaplanýar, şonuň üçin başga biriniň kellesine degmek gadagan. Stolda çarşak (wilka) we çemçe bilelikde ulanylýar. Diňe taýlandlylar mälim bolan bir sebäbe görä, çarşak agzyňyzda bolmaly däldir, şonuň üçin iýmit çarşak bilen çemçä goýýar we diňe şondan soň agzyna salynýar.

Müsür
Müsürlileriň diňe sag eli bilen bermegi we almagy öňden bäri dowam edip gelýär. Şonuň üçin çep eliňizi uzadyp, ýerli halkyň göwnüne degýäňiz. Aýa (eliň aýasy) zeper ýetmegine we göz degmegine talisman hasaplanýar, şonuň üçin müsürli bilen söhbetdeşlikde eliňizi sallamaly dälsiňiz. Size ýalňyş düşünip bilerler we söhbet başga tarapa gider.

Hindistan
Daşary ýurtly adamlar üçin Hindistan geň zatlardan doly. Maharaştra ştatynda täze doglan çagany 15 metrlik diwaryndan zyňmak adaty bar. Elbetde, çaganyň saglygyny berkitmek we oňa üstünlikli durmuş bermek üçin. Dogry, çagalar ýere gaçmaýarlar: adamlar aşakda üýşüp, aşakda mata tutup durýarlar.

Ýene bir, gaty geň däp agaç bilen toý etmek. Goroskopa görä, adamsyna betbagtlyk getirip biljek aýallar, adamsy hökmünde agajy saýlaýarlar. Hindiler agaja durmuşa çykan aýalyň, soň bagtly maşgala döredip biljekdigine ynanýarlar. Toý dabarasyndan soň agaç ýakylýar we dul aýal arkaýyn durmuşa çykyp bilýär. Käwagt turistleriň hem şahsy durmuşynda käbir zatlaryň gowy däldigini görseler, bu dabarany geçirmegi maslahat berýärler.

Wenesiýa
Wenesiýada ir gelmek gowy görülmeýär. Şol sebäpli, siz myhman ýeriňize gijä galyp barsaňyz, size uly hormat görkezerler.

Hytaý
Hytaýlylar janly gül bermek gelşiksiz hasaplaýarlar. Bu ölümiň nyşany—«ýakyn wagtda ölerler» (janly gül tiz wagtdan guraýar) diýen manyny aňladýar. Emma, emeli gül berip bilersiňiz. Olar bakydyr! (Hawa, hytaýlylaryň şeýleräk düşünjesi bar)

Italiýa
Italýanlar hiç haçan howlukmaýarlar, şonuň üçin bellenen wagtda gelmek erbet hasaplanýar. Bu ýerde taksi ulanmak adaty bir zat däl we taksi tutjak bolanlygyňyz sebäpli jerime alyp bilersiňiz. Şeýle hem, hakyky italýan agşamlyk 6-dan soň, kappuçino zakaz etmez. Şeýle edýänler bolsa, daşary ýurtlydygyna uly şübhe döredip biler. Şeýle hem makarony ketçup bilen doldurýanlar we pyçak bilen kesmäge synanyşýanlar hem şuňa degişli.
26
150
atakulyyewa_humay
4 Fewral 2024
@sunlight, hawa internet maglumatlarynyň dogry hem ýalňyş bolmak ähtimallygy barmyka diýýän... Sebäbi meniň özüm öz mugallymlarymyzdan we öz halkyndan hem sorap göremsoň aýtýan...
atakulyyewa_humay
4 Fewral 2024
Hytaýdaky bilen-ä ylalaşammok, dogry, käbir ýerlerine ýaýran, hemme halky ol däp dessura uýanogam, bilenogom....
guli_
4 Fewral 2024
Geň))))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.