sofii
01.03.2024 08:40
Salam hormatly «Öwrenmeli» portalynyň mähriban agzalary!

Men hemmejäňizi baharyň ilkinji güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Baharyň gelmegi bilen erän ak garlar ýaly, siziň hem durmuşyňyzda ähli meseleleriňiz, goý, düýpleýin eräp gitsin! Baharda gaýdyp gelýän durnalar ýaly, näsaglara saglyklary gaýdyp gelsin! Bahar paslynda açylýan ter owadan güller ýaly, siziň hem durmuşyñyz owadan bolsun!
37
81
sofii
28.02.2024 20:58
Çäklendirilmedik mümkinçiligi bolan adamlar

Doga maýyplygyna garamazdan, Medine bu ýagdaýy barada 14 ýaşyna çenli hiç güman hem etmeýärdi.

«Men alçak çagadym. Ylgamagy, beýleki çagalar bilen oýnamagy halardym. Emma 7- nji synpda hassahana düşüp, deň- duşlarymdan uzak wagtlap uzakda ýalňyz galdym».

7-nji synpda Medinäniň dogabitdi alan keseli özüni mälim etdi. Medinäniň bogunlary çykykdy, myşsalar bilen süňküň birsydyrgyn ösmeýän döwri bolan ýetginjek ýaşda, Medine agyry duýup, aýagynyň üstüne basyp bilmän başlady. Operasiýadan soňra Medinä uzak wagtlyk bejeriş-dikeldiş prosesi garaşýardy.


«Men, gaýdyp, hiç wagt ýöräp bilmen öýdüp gorkýardym. Maýyplyk – bu gutarnykly höküm diýip pikirlenýärdim. Galyberse-de, men maýyplygymy kabul edesim gelmedi we öz-özümi maýyp adamlaryň hataryna goşmadym».

Emma wagt geçdi, Medine Aşgabada göçüp geldi. Bu ýerde «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy bilen tanyşdy. Ol ilat bilen işleşmek boýunça hünärmen hökmünde işläp başlady. Iki ýylda Medine diýseň üýtgedi.

«Men örän ýapyk adamdym. Maýyp adamlar bilen gürleşmek islemeýärdim. Ýakynlarym meni maýyplar üçin sport mekdebine ibermekçi bolanlarynda, men kes-kelläm garşy çykdym».

«Bu gün men «Ýeňmede» işleýärin. Täzeçillikler üçin elmydama açyk. Meni beýleki maýyplara öz-özüne ynanmaga, öz güýjüne ynanmaga ýardam edýän maýyp gyz hökmünde tanaýarlar».

«Ýeňmede» işlemek bilen men psihoemosional taýdan ösüşi yza galýan çagalar bilen ýygy-ýygydan duş bolýaryn. Hünärmen ýetmezçiligi meselesine zerarly, men çaga logopedi bolmagy maksat edindim. Men eýýäm bilim almaga synanyşdym, emma, meniň pikirimçe, okuwa girmek isleýän ýerime barmaga ynamym hem gaýratym ýetmedi. Ýöne men boýun gaçyrmaýaryn. Men kolležiň diplomyny aldym we häzir daşary ýurtda isleýän bilimimi almak üçin serişde toplaýaryn».

«Meniň pikirimçe, men öz ýagdaýym ýa-da maýyplygym sebäpli hiç kimi günäkärlemeli däl. Ähli zat meniň elimde. Men töweregimdäki beýleki adamlar ýaly ýaşamak üçin elde baryny etmäge çalyşýaryn. Meniň dost-ýarlarym bar, halaýan işim bar we ene bolmak arzuwym bar. Men ähli zady başarjakdygyma ynanýaryn. Mümkin, bagt hem şundadyr».

Şöhrat ýetginjek ýaşda maýyp bolup galdy. Häzirki güne çenli hem ol tutuş endam janyndaky agyry bilen göreşýär. Şöhratyň keseli anyk belli edilmedi.

«Men hemişe-de töweregimiziň iň uzyn boýly hem berdaşly çagasydym. Men futboly diýseň söýerdim. Dostlarym bilen uzyn günläp futbola gümra bolup bilerdim. Biz diňe suw içip, garbanmak üçin arakesme ederdik, soň dessine-de meýdança ylgardyk. Başga- da men küşt hem şaşka oýnamagy söýerdim. Hatda mekdebimizde, şäherimizde geçirilen bäsleşikde hem ýeňiji bolmagy başardym».

14 ýaşynda Şöhrat güýçli agyrylary duýup başlady. Ilki aýaklarynda, soňam bütin endamynda duýup başlady. Lukmanlar Şöhraty newralgiýadan bejerýärdiler. Emma bu oňa haýyr etmänden soň, onuň keselini täzeden anyklamaga çalyşdylar. Emma agyrylar hiç tükenmeýärdi.

«Okamagy diýseň söýerdim. Wagtymyň köp bölegini hassahanada geçirendigime garamazdan, men şonda-da mekdebi tamamlap bildim. Hatda oňat ýetişigim üçin hormat hatyny hem aldym. Agyrylarymy ýeňip, Gyrgyzystanda uniwersitete hem girdim. Emma birinji ýylymdan soň men asla düşekçeden galyp bilmedim».

Şöhrat dürli bejergileri alyp, 10 aýlap düşekçede ýatdy. Agramyny ýitirmegini dowam etdi.


«Şeýle bir pursat boldy. Men öz ömrümi alada edip, diýseň, eýmendim. Ýöne men ähli zadyň şeýdip tamamlanmagyny islemedim. Maňa Aşgabada göçüp gelmäge ýardam eden adamlar tapyldy. Men täze bejergi alyp başladym. Bu bejergi belli bir derejede haýyr edip başlady. Men özüme gelip, ýene-de agram toplap başladym».

Şöhrat IT ulgamyny özleşdirip başlady we işe ýerleşdi.

«Meniň ilkinji iş ýerim döwlet edarasy boldy. Işde meni örän goldaýardylar. Bu maňa diýseň ýaraýardy. Soň men firma geçdim we ol ýerde birnäçe ýyllap işledim. Öýlendim, çagalarym boldy. Emma, 2018-nji ýylda maňa ýene-de erbet bolup başlady. Işden çykmaly boldum».

Häzir maşgalasydyr çagalary — Şöhratyň ýaşamaga bolan ymtylyşynyň esasy çeşmesi. Olary eklemek üçin Şöhrat 2018-nji ýylyň awgustynda beýleki adamlar bilen birlikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Iş orunlar ýarmarkasyna gatnaşdy. Bu ýarmarka 12 sany kompaniýa we gurama gatnaşdy.


«Dogrusy, men bu zatlaryň ählisine çynlakaý zatdyr öýtmeýärdim. Emma aýalym meni idip diýen ýaly getirdi. Şeýdip biz bile BMG-niň binasynda geçirilýän Ýarmarka geldik. Ol ýerde men öz rezýumemi goýdum. Birnäçe hepdeden soňra, meni Buig kompaniýasyna söhbetdeşlige çagyrdylar. Ine, indi men ýene- de işe ýerleşdim. Men ýene-de maşgalamy ekläp bilýärin».

Şöhrat maglumat tehnologiýalary ulgamynda hususy kompaniýasyny açmagy arzuw edýär. «Meniň pikirimçe, bu geljegi uly ugur, çünki biziň ýurdumyzda sanly ykdysadyýet işjeň ornaşdyrylýar, hususan-da, Internet-söwda we onlaýn töleg ulgamlary ösdürilýär».

«Çagalar we maşgalam — meniň barym. Men el çekmedim, ony etmegi-de hiç kime maslahat bermeýärin. Düşnüksiz keselim sebäpli, häzir maňa geljek üçin uly meýilnamalary gurmak kyn, çünki haçan agyrylaryň başlajakdygy belli däl. Ýöne bu nähili adaty eşidilse-de, Rim bir günde gurulmady. Men ähli zadyň ýola düşjekdigine ynanýaryn».

Nurtäç kesel zerarly çagalykda eşitmekden mahrum bolupdy. Ýöne onuň ene-atasy bu ýagdaýda el çekmän, gyzynyň bilim almagy üçin ähli tagallany edipdirler. Bu günki gün Nurtäç 41 ýaşynda, ol iki sany sagdyn çaganyň ejesi we ol keşde çekmek boýunça dizaýner bolup işleýär.

«Enem-atam meni bilim almaga Ukraina ugratdylar. Ol ýerde men mekdep-internaty tamamladym. Soň Türkmenistana dolanyp, çeperçilik mekdebini tamamladym. Surat çekmegi hemişe-de söýerdim. Keşde bezeglerini oýlap tapardym».

Maýyplygy bolan beýleki köp sanly adamlar ýaly Nurtäç hem işe ýerleşmekde köp kynçylyk çekipdir. Çünki iş berijiler maýyp bilen, aýratyn hem, ker adam bilen nädip işläp boljakdygyny bilmändirler. Şu sebäpden hem Nurtäç öýde işläp, keşde çekipdir.

Diňe bir işe ýerleşmek däl, eýsem, maýyp adamlar üçin bilim almak hem örän kyndyr. Muňa garamazdan, Nurtäç BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň birnäçe taslamalaryna gatnaşdy. Bu bolsa oňa biliminiň üstüni ýetirmäge we täze başarnyklara eýe bolmaga ýardam etdi.

«2007-nji ýylda men BMG-niň ÖM-niň taslamasyna gatnaşdym we kompýuter hem- de internetden peýdalanmagy öwrendim. Men kompýuterde keşde çekmegi öwrendim. Soň men dokma kollejine okuwa girdim we «Dünýä Däne» kärhanasyndan Jemile meni işe aldy» diýip Nurtäç ýatlaýar.

Bu gün Nurtäjiň tikinçilik kärhanasynda işleýänine 2,5 ýyl boldy. Ol keşde çekmek boýunça zerur hünärmenleriň biri bolup durýar. «Bu gün men dizaýner bolup işleýärin. Men kompýuterde keşdäniň nusgasyny taýýarlaýaryn we ýörite stanokda olary özüm öndürýärin. Men keşdäniň üsti bilen reklama edýärin. Bu ýerde men iki ýyldan gowrak işläp gelýärin».

«Men mekdepde — maýyplygy bolan çagalar üçin internatda mugallym bolup işlemegi arzuw edýärin. Men zähmet sapagyndan okadyp, çagalara öz bilimlerimi öwredesim gelýär. Men sagdyn çagalaryň hem, maýyp çagalaryň hem bilelikde okap, işlemelidigine ynanýaryn. Bu olaryň birek-birege oňat düşünmegine we kynçylyklary ýeňip geçmegine ýardam eder».

Her bir wakanyň maksady — maýyplygyň sütemine döz gelip, ösüş üçin serhediň ýokdugyny görkezýän adamyň şahsy wakasyny janlandyrmak bolup durýar. Şol bir wagtda hem biz hadysalary ideallaşdyrmaýarys.

Biz maýyp adamlaryň gündelik durmuşda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň bardygy hakynda oňat bilýäris. Bu wakalaryň üsti bilen biz saglygyna zyýan ýeten dürli adamlaryň göreşi we üstünlikleri dogrusynda gürrüň berýäris. Biz köpimize häzirki wagtda ýetmezçilik edýän güýçli, nusgalyk adamlaryň hem-de biziň zamanamyzyň gahrymanlarynyň suratyny çekýäris.
36
113
sofii
28.02.2024 15:51
Hümmetli häsiýetler

Şu dört häsiýet her kişiniň kämilliginden söz açýar: dosty bilen maslahatlaşmagy, duşmanyň alyna çydamagy, ajy sözi ýuwutmagy we gazap oduny öçürmegi başarýan hakyky är ýigitdir.

* * *

Şu üç usul bilen üç maksada ýetip bolýar: dost bolup duşmandan gutulmak, sabyr-kanagat bilen arzuwyňa gowuşmak we ylalaşyk bilen özgeleriň söýgüsini gazanmak.

* * *

Adam häsiýetleriniň dördüsi şu ýagdaýlaryň üstünden eltýär: özdiýenlilik — utanja, gyzmalyk — ökünje, gödeklik — goh-galmagala, ýaltalyk — kemsidilmä getirýär.

* * *

Şu dört häsiýet adamlary sandan çykarýar: men-men diýen ärleri — gysyklyk; alymlary — şöhratparazlyk; zenanlary — haýasyzlyk; başdantutma hemmesinem aldawçylyk ýekän-ýekän ýakyp-ýandyrýar.

* * *

Iň peýdaly häsiýet hem, edil şonuň ýaly, iň zyýanly häsiýet hem öwrenişmek.

* * *

Durmuşda bize her hili häsiýetdäki adamlar duşýar. Biri mylaýym, biri ýowuz, biri mähriban ýene biri has-has başgarak. Biz olaryň ýekejesinem düýbünden düzedip bilmeris. Ýöne täsir etmämizi welin bes etmeris.

* * *

Goý, sen özüňe däl-de, il saňa guwansyn. Senden gowy zatlary öwrenjek bolsun!

* * *

Bilim bilen tejribe, kasam bilen wepalylyk biri-birine bagly hazyna.
31
61
sofii
27.02.2024 22:42
Peýdaly maslahatlar:

1) Sowuk suw bilen derman içmäň;

2) Başarsaňyz, 17:00-dan soň agyr nahar iýmäň;

3) Gündiz has köp suw içiň, gije bolsa az içiň;

4) Nahardan soň derrew ýatmaň;

5) Telefony çep gulagyñyza tutup gürleşiň;

6) Ýakyn garyndaşlaryňyz bilen diňe telefonda gürleşmän, görüşip duruň;

7) Telefonuň zarýady az wagty jaňda gürleşmäň, zarýady az bolan telefonda radiasiýa mukdary 1000 esse köpelýär;

8) Sogan dograp durkaňyz, sakgyç çeýneseňiz, gözüňiz ýaşarmaz;

9) Elektron göterijileriň (fleşka) ömri uzak bolsun diýseňiz, salkyn ýerde saklaň;

10) Günde bir alma iýseňiz, size lukman gerek bolmaz;
35
160
sofii
24.02.2024 19:11
Sowadyjyda saklansa, zähere öwrülýän 4 sany azyk önümi!

Käbir tagam bilen azyk önümleriniň tagamynyň bozulmazlygy üçin sowadyjy gerek. Emma olaryň käbirlerini salkyn we çygly ýerde saklamaga bolmaýar. Bu hakda lukman Jimpl Jangda aýtdy—diýip, Massaget.kz saýdynyň žurnalisti habar berýär.

Bu 4 önümi sowadyjyda saklamak bolmaýar:

1. Sarymsak. Sarymsagy buzladan wagtyňyzda, onuň gögermek howpy artýar.

2. Sogan. Käte adamlar artyk galan soganyň ýarty bölegini sowadyjyda saklap goýýarlar, emma munuň howpy bar. Sebäbi, onuň düzümindäki krahmal şekere öwrülip, soganyň gögermek howpy ýokary.

3. Zimbir. Bu önüm hem sowadyjyda tiz gögerýär, netijesinde bolsa, böwrek we bagyr ýetmezçiligi ösýär.

4. Bürünç (tüwi). Bürünjiň taýýar görnüşi, ýagny, ol bişen bolsa, ony sowadyjyda saklamagyň geregi ýok.

Käbir adamlar bürünç gandaky holesterin we gant mukdaryny düşürýär diýip pikir edip, ony sowadyjyda saklaýarlar. Emma, bürünç hem tiz gögerýän iýmitleriň hatarynda bolanlygy sebäpli, ony sowadyjyda 24 sagatdan artyk saklamak bolmaýar.

Şeýle hem, çaýy zähere öwürýän 5 ýalňyşlyk:

• Çaýy gaty goýy edip içmek;
• Çaýy gaty köp gaýnatmak;
• Çaýy yssy görnüşinde içmek;
• Aç garna çaý içmek;
• Naharlanylandan soň, birden çaý içmek.

Taýýarlan we terjime eden:
@sofii
34
197
sofii
21.02.2024 16:13
Öz-özüňizi açyň! (Psihologik test)

Türkmeniň bir gowy aýtgysy bar: „Özüni tanan – weli“. Eger-de öz gylyk-häsiýetiňizi, öz-özüňizi tanamak isleseňiz, bu sowallara jogap bermäge synanyşyň! Bu soraglar size öz-özüňizi açmaga kömek eder. Hany, synanyşyp görüň!

1.Siziň ýantorbaňyz hemişe…

a)Kitap-depderden, kagyz-galamdan dos-doly.

b)Kitap-depderden başga artykmaç zatlar hem bar.

ç)Ýeňiljek.

2.Siz üçin esasy zat…

a)Belli bir hünäriň, käriň eýesi bolmak.

b)Özüňi ykrar etdirmek.

ç)Wezipe, iş.

3.Siz ýöräniňizde…

a)Howlukman, endigan ýöreýärsiňiz.

b)Diýseň çalt ýöreýärsiňiz.

ç)Elleriňizi galgadyp, howlukmaç ýöreýärsiňiz.

4.Siz dost-ýarlaryňyz bilen

a)Ýygy aragatnaşyk saklaýarsyňyz.

b)Iş, sebäp bolmasa kän bir gatnaşyk saklamaýarsyňyz.

ç)Hemişe jogapkärli bolýarsyňyz.

5.Siz…

a)Kimdir biri bilen bile işleşmegi gowy görýärsiňiz.

b)Özbaşdak işlemegi halaýarsyňyz.

ç)Işleri töweregiňizdäkilere tabşyryp, olara gözegçilik etmegi halaýarsyňyz.

6.Siz öz işiňizde…

a)Maksada okgunly.

b)Haýal-ýagal, oýlanyşykly.

ç)Howlukmaç, çalt.

Netije: „a“ jogaby köp bolanlarda dury garaýyşlylyk, erkinlik, işeňňirlik bar. Olar her bir zatda oýlanyşykly, akylly hereket etmegi halaýarlar. Bir işiň başyna barjak bolanlarynda, „ýedi ölçäp, bir kesýärler“. Dost-ýarlaryna, töweregindäkilere sylanyşykly, gadyrly garaýarlar. „b“ jogaby köp bolanlar özdiýenli, ynjyk adamlardyr. Olar her bir işde maksada okgunly hereket edip, öz islän arzuwlaryna, maksatlaryna ýetmegi hem başarýarlar. Bu adamlardan guramaçy, ýolbaşçy çyksa gerek. „ç“ jogaby köp bolanlarda biperwaýlyk, durmuşa ýüzleý garaýyşlylyk, ýaltaçylyk bar. Olar başlan işleriniň soňuna ýetip bilmeýärler. Olar arzuw etmegi söýse-de, hereket etmegi o diýen halamaýarlar.
29
309
sofii
16.02.2024 18:48
Hakyk daşy: saglyk, bagt, gözellik

Dürli öwüşginli şaý-sepleri dakynmak däbi öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. llkidurmuş adamlary ilki-ilkiler agaçlardan, daşlardan, süňklerden, balykgulaklardan ýönekeýje şaý-sepleri ýasapdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen olar gymmatbaha daşdyr metallary işlemegi öwrenipdirler. Söwda ýollarynyň açylmagy bilen bolsa, zergärleriň şaý-sepleri zikgelemekde ulanýan gymmatbaha daşdyr metallary giňden ýaýrapdyr.

Şeýle owadan, täsin daşlaryň biri-de hakyk daşydyr. Hakyk daşy gyzyl, sargylt-goňur, mämişi-gyzyl reňkde bolýar. Bu daş Günüň şöhlesine reňkini üýtgetmäge ukyplydyr.

Hakyk daşy ynançlara görä, gözden-dilden goraýar, öýe bagt getirýär, maşgaladaky agzalalygy aýryp, agzybirlige ymtylyşy döredýär. Hakyk daşy Gündogar ýurtlarynda iň halanýan daşlaryň biri bolupdyr.

Hakyk daşynyň adam saglygyna-da uly ähmiýeti bardyr. Altynsow hakygyň adam bedenindäki näsazlyklary bejerijilik ukyby örän güýçli hasaplanýar. Ol adamyň daşky gurşawyň zyýanly ýagdaýlaryndan goraýjylyk ukybyny artdyrýar.

Türkmen zergärleri öz işlerinde, köplenç, hakyk daşyny ulanypdyrlar we häli-häzire çenli bu daşdan peýdalanmaklaryny dowam edip gelýärler.
23
65
sofii
13.02.2024 17:06
Emeli aň adamyň hatyny ýasamagy öwrendi

Abu-Dabidäki Mohammed bin Zaýed adyndaky emeli aň uniwersitetiniň (MBZUAI) hünärmenleri ameli aňyň anyk bir adamyň hatyna aşa golaý şekilde meňzeş ýazmagy öwrenendigini aýtdylar. Neýroulgamyň ýazmaça materiallaryň birnäçe setirine esaslanýar diýip, mail.ru «Bloomberg» neşirine salgylanyp habar berýär.

Alymlar haty ýasamaga ukyply ýörite programmalaryň we hatda robotlaryň bardygyny aýdýarlar. Şeýle-de bolsa, täze taslama harplaryň şekilini üýtgetmek we ony tanamak işini çaltlaşdyrýar. Ýöne alymlar onuň peýdasynyň zyýanyndan has artykdygyny ýa-da däldigini aýdyp bilmejekdiklerini nygtaýarlar.
Hünärmenler emeli aňyň, mysal üçin, ysmaz adamlara tekst ýazmak üçin peýdaly boljakdygyny belleýärler. Şeýle-de bolsa, neýroulgam ýasama resminamalary taýýarlaýan kezzaplar üçin täze mümkinçilikler açýar. «Biz köpçüligiň habardarlygyny ýokarlandyrmaly we galplyklara garşy göreşmek üçin gurallary işläp düzmeli. Bu wirus üçin antiwirus döredilen ýalydyr» diýip, MBZUAI-iň kompýuter görüşi kafedrasynyň dosenti Hişam Çolakkal aýtdy.
Aladalara garamazdan, alymlar bu taslamany ykjam goşundyda ulanmagy meýilleşdirýärler, ýöne entek edilmeli işler kän. Emeli aň doly iňlis dilinde we biraz fransuz dilinde ýazyp bilýär. Hünärmenler häzirki wagtda neýroulgama arap dilini öwretmegiň üstünde işleýärler.
Alymlar ýazmakdan başga-da, emeli aňyň sowatlylygynyň üstünde işlemeli bolarlar. Barlagyň görkezişi ýaly, şu wagta çenli iň gowy emeli aň modelleri hem tekstdäki ýalňyşlyklary tapyp bilmeýär.

Sunlight-yň ähli postlaryny görmek üçin şu hata bas!
32
76
sofii
12.02.2024 13:55

•Iňlis dilinde “month”, “orange”, “silver”, “purple” sözleriniň kapyýalaşýan sözleri ýokdur.
•Terjime edilen “düýş, düýş görmek” diýmekligi aňladýan “dreamt” sözi ýeke-täk “mt” harpy bilen gutarýan sözdür.
•Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gepleşik dilinde ulanylýan iňlis dili nemes, latyn, fransuz dilleriniň birleşmeginden emele gelipdir.
•Iňlis dilinde “set” sözüniň beýleki sözlere seredende has köp kesgitlemesi bar.
•“Underground” sözi “und” bilen başlanýan we şol bogun bilen gutarýan ýeke-täk sözdür.
•Iňlis dilinde ulanylýan sözleriň sany diýseň köp bolup, ortaça her 3 sagatdan täze söz goşulýar.
•Ýer ýüzünde iňlis dilinde gepleýänleriň sany ortaça 1,6 mlrd deň.
•Iňlisçe iň uzyn bir bogunly söz “screeched”.
•“Tremendous, horrendous, stupendous, hazardous” diýen dört sözler “dous” bilen gutarýan ýeke-täk sözlerdir.
•Iňlis dilinde iň köp ulanylýan harp “e” harpydyr.
•Oksford sözlügine görä, iň uzyn iňlis sözi – “pneumonoultramicroscopicsilicovolcanokoniosis”.
•Iňlis dilinde diňe bir sözde harplar gaýtalanman ýazylýar. Ol söz 15 harpdan ybarat bolan “uncopyrightable” sözüdir.
•Iň köp peýdalanylýan sypat “good” we “well” sözleridir. Belli bolşy ýaly, bu sözleriň ikisi-de “gowy” diýmekligi aňladýar.
•“The quick brown fox jumps over the lazy dog” diýen sözlemi iňlis diliniň elipbiýindäki ähli harplary bar bolan sözlemdir.
•Dünýä derejesinde çap edilýän makalalaryň, habarlaryň agramly bölegi, ýagny 98% – i iňlis dilindedir.
32
104
sofii
11.02.2024 11:29
Ýylyň iň býujetli filmleri

2024-nji ýylda çykmagy meýilleşdirilýän iň uly býujetli filmleriň ilkinji bäşliginiň düzülendigi barada «rbc.ru» saýty habar berýär.

Sanawda birinji orny 230 million dollar býujet bilen «Furiosa: A Mad Max Saga» filmi eýeleýär. Filmiň premýerasynyň bolsa şu ýylyň 22-nji maýynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Sanawda «Argylle» filmi ikinji orny eýeläp, bu film ýazyjy Elli Konweýiň adybir romanyna esaslanýar. Lentany surata düşürmek üçin 200 million dollar sarp edilipdir.

Todd Fillipsiň «Joker: Folie a Deux» filminiň önümçiligine 150 million dollar sarp edilip, film kinoteatrlarda 2024-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda – ilkinji filmiň relizinden bäş ýyl soň çykar.

Şeýle-de bu sanawda » 145 million dollarlyk býujeti bilen Sintiýa Eriwo we Ariana Grandeniň «Wicked» hem-de 130 million dollar býujet bilen «Kraven the Hunter» ýaly filmler bar. Filmiň premýerasy şu ýylyň awgustynda geçiriler.

«TürkmenGazet».
26
82