Çäklendirilmedik mümkinçiligi bolan adamlarDoga maýyplygyna garamazdan, Medine bu ýagdaýy barada 14 ýaşyna çenli hiç güman hem etmeýärdi.
«Men alçak çagadym. Ylgamagy, beýleki çagalar bilen oýnamagy halardym. Emma 7- nji synpda hassahana düşüp, deň- duşlarymdan uzak wagtlap uzakda ýalňyz galdym».
7-nji synpda Medinäniň dogabitdi alan keseli özüni mälim etdi. Medinäniň bogunlary çykykdy, myşsalar bilen süňküň birsydyrgyn ösmeýän döwri bolan ýetginjek ýaşda, Medine agyry duýup, aýagynyň üstüne basyp bilmän başlady. Operasiýadan soňra Medinä uzak wagtlyk bejeriş-dikeldiş prosesi garaşýardy.
«Men, gaýdyp, hiç wagt ýöräp bilmen öýdüp gorkýardym. Maýyplyk – bu gutarnykly höküm diýip pikirlenýärdim. Galyberse-de, men maýyplygymy kabul edesim gelmedi we öz-özümi maýyp adamlaryň hataryna goşmadym».
Emma wagt geçdi, Medine Aşgabada göçüp geldi. Bu ýerde «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy bilen tanyşdy. Ol ilat bilen işleşmek boýunça hünärmen hökmünde işläp başlady. Iki ýylda Medine diýseň üýtgedi.
«Men örän ýapyk adamdym. Maýyp adamlar bilen gürleşmek islemeýärdim. Ýakynlarym meni maýyplar üçin sport mekdebine ibermekçi bolanlarynda, men kes-kelläm garşy çykdym».
«Bu gün men «Ýeňmede» işleýärin. Täzeçillikler üçin elmydama açyk. Meni beýleki maýyplara öz-özüne ynanmaga, öz güýjüne ynanmaga ýardam edýän maýyp gyz hökmünde tanaýarlar».
«Ýeňmede» işlemek bilen men psihoemosional taýdan ösüşi yza galýan çagalar bilen ýygy-ýygydan duş bolýaryn. Hünärmen ýetmezçiligi meselesine zerarly, men çaga logopedi bolmagy maksat edindim. Men eýýäm bilim almaga synanyşdym, emma, meniň pikirimçe, okuwa girmek isleýän ýerime barmaga ynamym hem gaýratym ýetmedi. Ýöne men boýun gaçyrmaýaryn. Men kolležiň diplomyny aldym we häzir daşary ýurtda isleýän bilimimi almak üçin serişde toplaýaryn».
«Meniň pikirimçe, men öz ýagdaýym ýa-da maýyplygym sebäpli hiç kimi günäkärlemeli däl. Ähli zat meniň elimde. Men töweregimdäki beýleki adamlar ýaly ýaşamak üçin elde baryny etmäge çalyşýaryn. Meniň dost-ýarlarym bar, halaýan işim bar we ene bolmak arzuwym bar. Men ähli zady başarjakdygyma ynanýaryn. Mümkin, bagt hem şundadyr».
Şöhrat ýetginjek ýaşda maýyp bolup galdy. Häzirki güne çenli hem ol tutuş endam janyndaky agyry bilen göreşýär. Şöhratyň keseli anyk belli edilmedi.
«Men hemişe-de töweregimiziň iň uzyn boýly hem berdaşly çagasydym. Men futboly diýseň söýerdim. Dostlarym bilen uzyn günläp futbola gümra bolup bilerdim. Biz diňe suw içip, garbanmak üçin arakesme ederdik, soň dessine-de meýdança ylgardyk. Başga- da men küşt hem şaşka oýnamagy söýerdim. Hatda mekdebimizde, şäherimizde geçirilen bäsleşikde hem ýeňiji bolmagy başardym».
14 ýaşynda Şöhrat güýçli agyrylary duýup başlady. Ilki aýaklarynda, soňam bütin endamynda duýup başlady. Lukmanlar Şöhraty newralgiýadan bejerýärdiler. Emma bu oňa haýyr etmänden soň, onuň keselini täzeden anyklamaga çalyşdylar. Emma agyrylar hiç tükenmeýärdi.
«Okamagy diýseň söýerdim. Wagtymyň köp bölegini hassahanada geçirendigime garamazdan, men şonda-da mekdebi tamamlap bildim. Hatda oňat ýetişigim üçin hormat hatyny hem aldym. Agyrylarymy ýeňip, Gyrgyzystanda uniwersitete hem girdim. Emma birinji ýylymdan soň men asla düşekçeden galyp bilmedim».
Şöhrat dürli bejergileri alyp, 10 aýlap düşekçede ýatdy. Agramyny ýitirmegini dowam etdi.
«Şeýle bir pursat boldy. Men öz ömrümi alada edip, diýseň, eýmendim. Ýöne men ähli zadyň şeýdip tamamlanmagyny islemedim. Maňa Aşgabada göçüp gelmäge ýardam eden adamlar tapyldy. Men täze bejergi alyp başladym. Bu bejergi belli bir derejede haýyr edip başlady. Men özüme gelip, ýene-de agram toplap başladym».
Şöhrat IT ulgamyny özleşdirip başlady we işe ýerleşdi.
«Meniň ilkinji iş ýerim döwlet edarasy boldy. Işde meni örän goldaýardylar. Bu maňa diýseň ýaraýardy. Soň men firma geçdim we ol ýerde birnäçe ýyllap işledim. Öýlendim, çagalarym boldy. Emma, 2018-nji ýylda maňa ýene-de erbet bolup başlady. Işden çykmaly boldum».
Häzir maşgalasydyr çagalary — Şöhratyň ýaşamaga bolan ymtylyşynyň esasy çeşmesi. Olary eklemek üçin Şöhrat 2018-nji ýylyň awgustynda beýleki adamlar bilen birlikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Iş orunlar ýarmarkasyna gatnaşdy. Bu ýarmarka 12 sany kompaniýa we gurama gatnaşdy.
«Dogrusy, men bu zatlaryň ählisine çynlakaý zatdyr öýtmeýärdim. Emma aýalym meni idip diýen ýaly getirdi. Şeýdip biz bile BMG-niň binasynda geçirilýän Ýarmarka geldik. Ol ýerde men öz rezýumemi goýdum. Birnäçe hepdeden soňra, meni Buig kompaniýasyna söhbetdeşlige çagyrdylar. Ine, indi men ýene- de işe ýerleşdim. Men ýene-de maşgalamy ekläp bilýärin».
Şöhrat maglumat tehnologiýalary ulgamynda hususy kompaniýasyny açmagy arzuw edýär. «Meniň pikirimçe, bu geljegi uly ugur, çünki biziň ýurdumyzda sanly ykdysadyýet işjeň ornaşdyrylýar, hususan-da, Internet-söwda we onlaýn töleg ulgamlary ösdürilýär».
«Çagalar we maşgalam — meniň barym. Men el çekmedim, ony etmegi-de hiç kime maslahat bermeýärin. Düşnüksiz keselim sebäpli, häzir maňa geljek üçin uly meýilnamalary gurmak kyn, çünki haçan agyrylaryň başlajakdygy belli däl. Ýöne bu nähili adaty eşidilse-de, Rim bir günde gurulmady. Men ähli zadyň ýola düşjekdigine ynanýaryn».
Nurtäç kesel zerarly çagalykda eşitmekden mahrum bolupdy. Ýöne onuň ene-atasy bu ýagdaýda el çekmän, gyzynyň bilim almagy üçin ähli tagallany edipdirler. Bu günki gün Nurtäç 41 ýaşynda, ol iki sany sagdyn çaganyň ejesi we ol keşde çekmek boýunça dizaýner bolup işleýär.
«Enem-atam meni bilim almaga Ukraina ugratdylar. Ol ýerde men mekdep-internaty tamamladym. Soň Türkmenistana dolanyp, çeperçilik mekdebini tamamladym. Surat çekmegi hemişe-de söýerdim. Keşde bezeglerini oýlap tapardym».
Maýyplygy bolan beýleki köp sanly adamlar ýaly Nurtäç hem işe ýerleşmekde köp kynçylyk çekipdir. Çünki iş berijiler maýyp bilen, aýratyn hem, ker adam bilen nädip işläp boljakdygyny bilmändirler. Şu sebäpden hem Nurtäç öýde işläp, keşde çekipdir.
Diňe bir işe ýerleşmek däl, eýsem, maýyp adamlar üçin bilim almak hem örän kyndyr. Muňa garamazdan, Nurtäç BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň birnäçe taslamalaryna gatnaşdy. Bu bolsa oňa biliminiň üstüni ýetirmäge we täze başarnyklara eýe bolmaga ýardam etdi.
«2007-nji ýylda men BMG-niň ÖM-niň taslamasyna gatnaşdym we kompýuter hem- de internetden peýdalanmagy öwrendim. Men kompýuterde keşde çekmegi öwrendim. Soň men dokma kollejine okuwa girdim we «Dünýä Däne» kärhanasyndan Jemile meni işe aldy» diýip Nurtäç ýatlaýar.
Bu gün Nurtäjiň tikinçilik kärhanasynda işleýänine 2,5 ýyl boldy. Ol keşde çekmek boýunça zerur hünärmenleriň biri bolup durýar. «Bu gün men dizaýner bolup işleýärin. Men kompýuterde keşdäniň nusgasyny taýýarlaýaryn we ýörite stanokda olary özüm öndürýärin. Men keşdäniň üsti bilen reklama edýärin. Bu ýerde men iki ýyldan gowrak işläp gelýärin».
«Men mekdepde — maýyplygy bolan çagalar üçin internatda mugallym bolup işlemegi arzuw edýärin. Men zähmet sapagyndan okadyp, çagalara öz bilimlerimi öwredesim gelýär. Men sagdyn çagalaryň hem, maýyp çagalaryň hem bilelikde okap, işlemelidigine ynanýaryn. Bu olaryň birek-birege oňat düşünmegine we kynçylyklary ýeňip geçmegine ýardam eder».
Her bir wakanyň maksady — maýyplygyň sütemine döz gelip, ösüş üçin serhediň ýokdugyny görkezýän adamyň şahsy wakasyny janlandyrmak bolup durýar. Şol bir wagtda hem biz hadysalary ideallaşdyrmaýarys.
Biz maýyp adamlaryň gündelik durmuşda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň bardygy hakynda oňat bilýäris. Bu wakalaryň üsti bilen biz saglygyna zyýan ýeten dürli adamlaryň göreşi we üstünlikleri dogrusynda gürrüň berýäris. Biz köpimize häzirki wagtda ýetmezçilik edýän güýçli, nusgalyk adamlaryň hem-de biziň zamanamyzyň gahrymanlarynyň suratyny çekýäris.