Emeli aň adamyň hatyny ýasamagy öwrendi
Abu-Dabidäki Mohammed bin Zaýed adyndaky emeli aň uniwersitetiniň (MBZUAI) hünärmenleri ameli aňyň anyk bir adamyň hatyna aşa golaý şekilde meňzeş ýazmagy öwrenendigini aýtdylar. Neýroulgamyň ýazmaça materiallaryň birnäçe setirine esaslanýar diýip, mail.ru «Bloomberg» neşirine salgylanyp habar berýär.
Alymlar haty ýasamaga ukyply ýörite programmalaryň we hatda robotlaryň bardygyny aýdýarlar. Şeýle-de bolsa, täze taslama harplaryň şekilini üýtgetmek we ony tanamak işini çaltlaşdyrýar. Ýöne alymlar onuň peýdasynyň zyýanyndan has artykdygyny ýa-da däldigini aýdyp bilmejekdiklerini nygtaýarlar.
Hünärmenler emeli aňyň, mysal üçin, ysmaz adamlara tekst ýazmak üçin peýdaly boljakdygyny belleýärler. Şeýle-de bolsa, neýroulgam ýasama resminamalary taýýarlaýan kezzaplar üçin täze mümkinçilikler açýar. «Biz köpçüligiň habardarlygyny ýokarlandyrmaly we galplyklara garşy göreşmek üçin gurallary işläp düzmeli. Bu wirus üçin antiwirus döredilen ýalydyr» diýip, MBZUAI-iň kompýuter görüşi kafedrasynyň dosenti Hişam Çolakkal aýtdy.
Aladalara garamazdan, alymlar bu taslamany ykjam goşundyda ulanmagy meýilleşdirýärler, ýöne entek edilmeli işler kän. Emeli aň doly iňlis dilinde we biraz fransuz dilinde ýazyp bilýär. Hünärmenler häzirki wagtda neýroulgama arap dilini öwretmegiň üstünde işleýärler.
Alymlar ýazmakdan başga-da, emeli aňyň sowatlylygynyň üstünde işlemeli bolarlar. Barlagyň görkezişi ýaly, şu wagta çenli iň gowy emeli aň modelleri hem tekstdäki ýalňyşlyklary tapyp bilmeýär.
Sunlight-yň ähli postlaryny görmek üçin şu hata bas!