smiling_
22.06.2024 20:59
ABŞ-da 6 aýal dogan dünýäde iň garry doganlar diýlip ykrar edildi: olaryň umumy ýaşy – 571 ýaş.
Missuri amerikan ştatyndan alty aýal dogan alty erkek doganlaryň we aýal doganlaryň arasynda umumy ýaş boýunça dünýäde iň garry doganlar diýlip ykrar edildi. Olaryň umumy ýaşy 571 ýyl 295 güne barabar diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär.
Doganlaryň iň ulusy 101 ýaşly Normadyr. Ol häzirki wagtda Ogaýo ştatynda ýaşaýar. Galan bäş dogan – Loren, Maksin, Doris, Margaret we Elma – Missuride ýaşaýar.
Olaryň ýaşy 88-den 101 ýaş aralygynda üýtgeýär. Doganlar ömrüniň dowamynda Beýik çökgünligi, Ikinji jahan urşuny we COVID-19 pandemiýasyny başdan geçirdiler.
Wagtal-wagtal bolýan dawalara garamazdan, doganlar hemişe ýakyn bolup galýarlar. Olar, köplenç, bilelikde ýygnanyşýarlar we olaryň dogluş tertibini görkezýän belgili köýnekçeleri geýýärler. Doganlaryň üçüsi iýul aýynda doguldy, şonuň üçin olar, adatça, üç doglan gününi her ýyl piknik bilen belleýärler. Şeýlelik bilen, olar ejesiniň birwagtlar başlan däbini dowam etdirýärler.
Çeşme: tmcars.info (düýn 09:21)
38
78
smiling_
21.06.2024 00:28
Banan we onuň peýdasy.
Özüniň azyklyk ähmiýeti bilen tapawutlanýan miweleriň biri hem banandyr. Onuň watany Günorta-gündogar Aziýa (Malaý arhipelagy) hasaplanylýar. Bu ýerde milady ýyl hasabyndan öňki XI asyrdan bäri banany ösdürip ýetişdirip gelýärler.
Bananyň ikinji watany Amerikadyr. Köp ýyl mundan ozal banany Amerika getiren adam Tomas de Berlanka hasaplanylýar. Häzirki wagtda Amerikanyň Kaliforniýa ştatynda banan muzeýi hem bardyr. Ol ýerde bu miwä degişli metallardan, keramikadan we plastmassalardan ýasalan 17 müňden gowrak eksponant ýerleşdirilipdir. Bu muzeý belli bir miwä bagyşlanan dünýädäki iň uly kolleksiýa hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Banan iýmitlik ähmiýeti bolan we öz düzüminde köp derejede ýokumly maddalary saklaýan miweleriň biridir. Onuň diňe bir ýakymly tagamy bolman eýsem ol çagalar we ulular üçin sagdyn bejergidir. Onda adamyň bedenine peýdaly täsir edýän ýokumly maddalaryň köp bölegi jemlenendir.
Bananyň düzüminde , we , hem-de С witaminleri bardyr. Şeýle hem ondaky beta-karotin, kalsiý, kaliý, demir, ftor we fosfor ýaly elementler tutuş organizmiň işleýişine oňaýly täsir edýär. Ol holestriniň derejesini hem peseldýändir.
Mundan başga hem banan aşgazan-içege we ýürek ulgamlarynyň işini kadalaşdyrýar. Ol göwnüňi göteriji miwe hasaplanylýar. Şeýle hem onda merkezi nerw ulgamyna oňaýly täsir edýän maddalar bardyr.
100 g bananyň energiýa berijiligi 95 kilokaloriýadyr. Şeýle hem onuň düzüminde 21,8 gram beloklar, 1,5 gram ýaglar we 0,2 gram beýleki ýokumly maddalar bardyr.
ANNAKOWA GÜLBAHAR.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallym.
34
137
smiling_
20.06.2024 09:40
Şetdaly agajy.
Şetdalynyň ösdürilip ýetişdirilýän ýurtlary Türkmenistan, Özbegistan, Täjigistan, Demirgazyk Kawkaz, Moldowa. Özbegistanda şetdaly has köp meýdanda ösdürilip ýetişdirilýär. Şetdalynyň 6 sany görnüşi bolup, esasylary: adaty şetdaly (P. vulgaris Mill.) we Fergana şetdalysy (P. ferganensis Kov.) biziň ýurdumyzda, Özbegistanda we Täjigistanda ösdürilip ýetişdirilýär. Şetdalynyň medeni sortlary adaty şetdaly görnüşlerinden gelip çykypdyr, ýöne ýabany görnüşde duş gelmeýär. Agaç we seýrek gyrymsy ösümlik görnüşinde bolup, 7-8 metre çenli boýy bolýar. Tekiz meýdanda 10-30 ýyl, daglyk ýerde 50-80 ýyl ýaşaýar. Nahallary oturdylandan soň 2-3 ýyldan hasyl berip başlaýar, 5-6 ýyldan soň hasyllylygy has ýokarlanýar we gektardan 500-600 sentner ýokary hil görkezijili miwelerini getirýär. Şetdaly çalt ösýän, birinji ösüş ýylynda güýçli ösýän baldaklary we gysga ösüşi bilen tapawutlanýar. Bir ýyllyk baldaklaryndan we 2-3 ýaşly topbak ýerleşen hasyl getiriji şahajyklaryndan miwe getirýär. Köp mukdarda (20-30%) miwe düwünçeklerini saklaýar. Ýagtylygy we ýylylygy köp talap edýär, gurakçylyga aram çydamly, ýöne gyş sowuga durnuksyzdyr. Şetdalynyň has sowuga çydamly sortlary -28 0 C-da hem sowuk urman saklanýar. Pyntyklaryny -22-23 0 C-da sowuk urýar, gülleri-5 0 C sowuga çydamlydyr. Ýeňil topragy talap edýär, agyr toprakda gommoz (şire akma) keseli bilen keselleýär. Gülleri iki jynsly, miweleriniň daşy mahmal ýaly tüýjümek ýa-da ýalaňaç (nektarinler), süýji tagamly, uzak aralyga daşamaga ýaramly. Miwelerinde 6-15% süýjüler, 0,08-1,02% turşular, 1,26% askorbin turşulary, reňkleýjiler, dubil we aromatik maddalar saklanýar. Bu bolsa şetdaly miwesine özboluşly tagam we bejeriş-berhizlik aýratynlyklaryny berýär.
Arazgeldiýewa Gülzada,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
32
133
smiling_
20.06.2024 01:27
Almanyñ ynsan saglygyna peýdasy.
Ýakymly ysy we tagamy bilen tapawutlanýan alma hem witaminlere we minerallara baý, iň ýokumly miweleriň biri hasaplanýar. Almanyň düzüminde organiki turşulyklar, şeker, glýukoza, fruktoza, efir ýaglary, A, K, C, E, B6 witamini, kletçatka, pektin maddalary, mineral duzlar (demir, marganes, kaliý, natriý, kalsiý), fitonsidler we beýleki maddalar saklanýar.
— Almanyň saglyga peýdasy barada geçirilen barlaglaryň netijesinde onuň ýürek-damar kesellerine we bedenimiziň goranmak ukybynyň güýçlenmegine täsiriniň uludygy anyklanyldy.
— Beýni we nerw ulgamynyň näsazlygy bilen ýüze çykýan huşsuzlyk, gürlemek kynçylygy, hereketiň agyrlaşmagy ýaly ýagdaýlaryň öňüni almakda hem alma peýdalydyr.
— Alma iýmit siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar. Gandaky şekeriň mukdarynyň deňagramly bolmagy, süňklerimiziň berkligi üçin günde bir alma iýmek maslahat berilýär.
— Ýatmazdan öň alma iýmegiň rahat uklamak üçin ähmiýeti uludyr.
— Hytaý lukmançylygynyň taryhynda alma beden gyzgynlygyny düşüriji hökmünde giňden ulanylypdyr.
— Bu miwäniň düzümindäki käbir himiki birleşmeleriň ynsan bedenindäki içegeleriň işjeňligini artdyrýandygy we onuň düzümindäki zyýanly bakteriýalary ýok edýändigi mälim edildi.
Çeşme: "Türkmenistan" gazeti, 06.01.2021 ý.
40
270
smiling_
19.06.2024 02:04
Ömrylla talyp: 49 ýaşly, 14 diplomly amerikaly Benjamin okamakdan irmeýär.
49 ýaşly amerikaly Benýamin Boljeriň 14 sany alymlyk derejesi bar, emma ol şonda-da ýeten derejesi bilen kanagatlanmak islemeýär. Gyzykly ýeri, çagalygynda oňa disleksiýa, ýagny okamakda we ýazmakda kynçylyk çekýän hassalaryň kesel kesgidi goýlan eken. “Ömrylla talybyň” kyssasyny The New York Times neşiri gürrüň berdi.
Saglygyndaky bu näsazlyk sebäpli Benýamin, hatda üçünji synpa geçende-de okamagy öwrenip bilmändir. Mugallymlar onuň mekdebi gutaryp bilmejekdigini duýdurypdyrlar. Ejesi oglunyň hakykatda zehinlidigine, ýöne beýleki çagalaryň köpüsinden tapawutlydygyna düşünipdir. Ol ogluny mekdepden çykarmagy ýüregine düwüpdir, mugallymyň wezipesini öz üstüne alyp, çagasy üçin aýratyn okuw maksatnamasyny taýýarlapdyr. Olar bilelikde ýurduň çar künjüne aýlanypdyrlar we ylmy muzeýlere baryp görüpdirler, erkin diňleýji hökmünde akademiki çärelere gatnaşypdyrlar.
Netijede ejesiniň yhlasy we özüniň bilim almaga bolan güýçli höwesi bilen Benýamin Boljer dünýäniň Garward, Stenford, Oksford, Kembrij, Ýel we Kolumbiýa uniwersitetleri ýaly, iň abraýly okuw mekdeplerini tamamlapdyr. Ol Eýranyň sosiologiýasyndan, Robert Frostyň poeziýasyna, halkara ösüşinden başlap, çeper edebiýata çenli dürli ugurlar boýunça ýöriteleşipdir.
Boljer akademiki üstünliklerinden başga-da, 4 ýyllyk hyzmaty üçin azyndan 100 000 dollar nyrh bilen uniwersitetlere girjeklere maslahat kömegini edýär. Ol dalaşgärleriň resminamalaryny sowatly dolduryp berýär we şahsy aýratynlyklaryny nygtamak bilen, olaryň beýleki dalaşgärleriň arasynda tapawutlanmagyna kömek edýär.
Şunuň ýaly hyzmatlary arkaly gazanan pullary Boljere Massaçusets ştatynyň Kembrij şäheriniň abraýly ýerinden öý we Wirjiniýa ştatyndan jaý satyn almaga mümkinçilik berdi. Mundan hem başga, Miçiganda onuň maşgala fermasy bar we American Express tarapyndan çykarylýan we diňe şahsy teklip bilen berilýän dünýädäki iň gymmat we täsin kredit kartoçkasy bolan Senturion-yň eýesidir.
Boljer indi ejesiniň özüne bilim beriş usulyny ulanyp, dokuz ýaşly gyzyny öýünde okadýar. Gyzjagaz muzeýlere baryp görýär, nusgawy sazlary ýerine ýetirýär we kakasy bilen, okatmagyň “amaly, interaktiw we ähli zady öz içine alyjy” okuw ýörelgelerine eýerip, pelsepewi temalardan jedelleşmegi halaýar.
Çeşme: tmcars.info (17.06.2024)
38
246