Arzuwyny hasyl etmek üçin 50 ýyl: ABŞ-nyň ýaşaýjysy özbaşdak gala galdyrypdyr.
Koloradodaky kiçeňräk Raý şäherçesinde ýaşaýan Jim Bişop 50 ýyl mundan öň başlan galasynyň gurluşygyny tamamlady. Daşdan we reňklenen aýnadan gurlan adaty bolmadyk desga ýerli ýadygärlige öwrüldi we ýüzlerçe adamyň ünsüni özüne çekýär.
Bişop iňlis dili mugallymynyň özi babatda ýalňyşýandygyny subut etmek üçin 1972-nji ýylda gala gurup başlady. Mekdep ýyllarynda mugallymy Jime "durmuşda bitiren goşunyň bolmajakdygyny" aýdypdyr, bu bolsa ýigide örän ýokuş degipdir. Jim 15 ýaşynda mekdebi taşlap, şol ýyl 2,5 akr (1 ga) ýeri 450 dollara satyn aldy. Ol gazet paýlamak, gök haýatlary gyrkmak we kakasy Willard bilen maşgalanyň bezeg demir zawodynda işlemek arkaly pul gazandy.
Galanyň gurluşygy tutuşlygyna Jimiň hasabyna amala aşyryldy. Ilkibadalar oňa kakasy bilen atasy kömek edipdir. Köp adamyň kömeklerini teklip edendiklerine garamazdan, olaryň hiç biri-de gurluşyk işine gatnaşmady. Bişop muny özüniň garaşsyzdygy we öz ajaýyp galasyny özbaşdak döretmek isländigi bilen düşündirdi.
50 ýyllyk gurluşyk işiniň dowamynda Jim öz galasyna diňe bir zähmetini we wagtyny sarp etmek bilen çäklenmän, eýsem kalbyny bagyş etdi. Ol her daşy ortaça 6 gezek özbaşdak gaýtadan işledi. Gurluşygyň gidişinde dürli hili, käte birden döreýän pikirlerini durmuşa geçirdi.
Netijede, ilkinji göreniňden ünsüňi özüne çekýän nyşanlardan we taryhlardan doly özboluşly ymarat peýda boldy. Gurluşygyň ahyrynda Jim galany nädip gurandygy barada 47 sahypalyk kitap çykardy.
Bu günki gün Jim Bişopyň galasy – bu diňe bir gözel ýer däl. Ony toý dabaralaryny geçirmek üçin öňünden bronlamak mümkin (bahasy bary-ýogy 500 dollar), şeýle hem onuň ýanaşyk çäginde ýerleşýän sowgatlyk harytlar dükanyna baryp bolýar.
Çeşme: tmcars.info (düýn 15:41)