Ýaponiýaly “iň bagtly adam”: Ol 63 ýaprakly şabdar ösdürip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.
Käbir adamlar dört-bäş ýaprakly şabdaryň (Trifólium) ony tapan adama şowlulyk getirýändigine ynanýarlar. Eger bu şeýle bolsa, onda 63 ýaprakly şabdar ony ösdürip ýetişdiren ýaponiýalyny dünýäde “iň bagtly adama öwürýär”.
45 ýaşly Ýosiharu Watanabe öz melleginde 63 ýaprakly şabdar ösdürip ýetişdirip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada UPI neşiri ýazýar.
Ol şabdary 2012-nji ýylda ösdürip başlady. Bagban bu işe ösümlikdäki ýapraklaryň sany boýunça dünýä rekordyny täzelemek maksady bilen başlandygyny aýdýar. 12 ýyldan soň bu oňa başartdy.
Watanabe şabdaryň täze ýapraklarynyň peýda bolmagy üçin, onuň açyk howada tebigy ýol bilen tozanlanyşyny elde tozanlandyryş bilen utgaşdyrandygyny belleýär. Onuň usullary hemişe täsirli däldi, ýöne ahyrynda gerekli netijäni berdi.
“Adamlar dört ýaprakly şabdaryň şowlulyk getirýändigini aýdýarlar, şonuň üçin bu 63 ýaprakly şabdar adamlara geň galma we şatlyk duýgusyny getirse, gowy bolardy” – diýip, Ýosiharu belledi.
Şabdaryň ýapraklarynyň sany boýunça mundan öňki rekord 2009-njy ýylda başga bir ýaponiýaly, Hanamaki şäherinden Sigeo Obara tarapyndan goýuldy. Ol 56 ýaprakly şabdar ösdürip ýetişdirdi.
Çeşme: tmcars.info (düýn 16:39)