Ömrylla talyp: 49 ýaşly, 14 diplomly amerikaly Benjamin okamakdan irmeýär.
49 ýaşly amerikaly Benýamin Boljeriň 14 sany alymlyk derejesi bar, emma ol şonda-da ýeten derejesi bilen kanagatlanmak islemeýär. Gyzykly ýeri, çagalygynda oňa disleksiýa, ýagny okamakda we ýazmakda kynçylyk çekýän hassalaryň kesel kesgidi goýlan eken. “Ömrylla talybyň” kyssasyny The New York Times neşiri gürrüň berdi.
Saglygyndaky bu näsazlyk sebäpli Benýamin, hatda üçünji synpa geçende-de okamagy öwrenip bilmändir. Mugallymlar onuň mekdebi gutaryp bilmejekdigini duýdurypdyrlar. Ejesi oglunyň hakykatda zehinlidigine, ýöne beýleki çagalaryň köpüsinden tapawutlydygyna düşünipdir. Ol ogluny mekdepden çykarmagy ýüregine düwüpdir, mugallymyň wezipesini öz üstüne alyp, çagasy üçin aýratyn okuw maksatnamasyny taýýarlapdyr. Olar bilelikde ýurduň çar künjüne aýlanypdyrlar we ylmy muzeýlere baryp görüpdirler, erkin diňleýji hökmünde akademiki çärelere gatnaşypdyrlar.
Netijede ejesiniň yhlasy we özüniň bilim almaga bolan güýçli höwesi bilen Benýamin Boljer dünýäniň Garward, Stenford, Oksford, Kembrij, Ýel we Kolumbiýa uniwersitetleri ýaly, iň abraýly okuw mekdeplerini tamamlapdyr. Ol Eýranyň sosiologiýasyndan, Robert Frostyň poeziýasyna, halkara ösüşinden başlap, çeper edebiýata çenli dürli ugurlar boýunça ýöriteleşipdir.
Boljer akademiki üstünliklerinden başga-da, 4 ýyllyk hyzmaty üçin azyndan 100 000 dollar nyrh bilen uniwersitetlere girjeklere maslahat kömegini edýär. Ol dalaşgärleriň resminamalaryny sowatly dolduryp berýär we şahsy aýratynlyklaryny nygtamak bilen, olaryň beýleki dalaşgärleriň arasynda tapawutlanmagyna kömek edýär.
Şunuň ýaly hyzmatlary arkaly gazanan pullary Boljere Massaçusets ştatynyň Kembrij şäheriniň abraýly ýerinden öý we Wirjiniýa ştatyndan jaý satyn almaga mümkinçilik berdi. Mundan hem başga, Miçiganda onuň maşgala fermasy bar we American Express tarapyndan çykarylýan we diňe şahsy teklip bilen berilýän dünýädäki iň gymmat we täsin kredit kartoçkasy bolan Senturion-yň eýesidir.
Boljer indi ejesiniň özüne bilim beriş usulyny ulanyp, dokuz ýaşly gyzyny öýünde okadýar. Gyzjagaz muzeýlere baryp görýär, nusgawy sazlary ýerine ýetirýär we kakasy bilen, okatmagyň “amaly, interaktiw we ähli zady öz içine alyjy” okuw ýörelgelerine eýerip, pelsepewi temalardan jedelleşmegi halaýar.
Çeşme: tmcars.info (17.06.2024)