smiling_
23.06.2024 00:11
Britaniýanyň ýaşaýjysy galtak arabasynyň tizligini sagatda 84 km-e ýetirip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Britaniýaly Dilan Fillips galtak arabasynyň tizligini sagatda 84,627 km tizlige ýetirip, dünýäde şeýle arabanyň tizlik rekordyny goýdy. Ginnesiň rekordlar kitabynda habar berlişine görä, bu üstünlik Demirgazyk Ýorkşiriň Elwington howa menzilinde hasaba alyndy.

Fillipsiň üýtgedilip gurlan arabasy gaz hereketlendirijisi we agramy deň paýlamak üçin goşmaça tigirler bilen enjamlaşdyrylan. Rekord goýmak ýaryşy wagtynda oýlap tapyjynyň özi arabanyň tutawajynyň öňüne kebşirlenen ýörite platformada çöke düşüp oturdy.
Öňki rekord eýesiniň 2020-nji ýylda gazanan üstünliginiň sagatda 10 km yza galandygy bellendi.
Fillips iň çalt galtak arabany döretmek pikiriniň dostlukly söhbetdeşlik wagtynda dörändigini boýun aldy. Bu ugurda goýlan rekord barada internetden maglumat gözlänsoň, ony täzelemek kararyna geldi.


Çeşme: tmcars.info (21.06.2024)
31
57
sh_shamko_
23 Iýun 2024
@smiling_, howa barlanmazca zat dal :)).
sh_shamko_
23 Iýun 2024
Bah bir suna degenokdylar oda bolly. Menem masynmyn onune ya yzyna dakyp gaty surip kamera alyp giraysemmikam rekortlara :)).
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.