smiling_
13.08.2024 11:44
Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy barada
Ýagny, halkymyzyň akyldar şahyry Magtymgulynyň eserlerini öwrenmek biziň döwrümizde hem dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Taryhda A.Wemberi, A.Samoýlowiç, Ý.Bertels ýaly başga-da ençeme dünýä alymlar Magtymguly Pyraga, onuň pähim-paýhasa ýugrulan goşgularyna uly baha berip, ençeme ýazgylary miras goýup gidipdirler. Şonuň ýaly-da, şahyryň goşgulary ençeme dillere terjime edilip, dünýä okyjylaryny buýsandyrdy. Magtymgulynyň goşgusyna aýdym aýtmadyk türkmen bagşysy ýok bolsa gerek.
Magtymguly ilini-gününi jany teni bilen söýen şahyrdyr. Ol şygyrlarynda ähli güýji kuwwatyň, abraýyň iliňe-ýurduňa edýän hyzmatyňa, goýýan gadyr-gymmatyňa baglydygyny yzygiderli nygtaýar. Islendik meseläniň çözgüdine halkyň nukdaýnazaryndan garap, il-günüň bähbidini öňe sürýär. Hakyky adamkärçiligiň hut il-ýurt meselesi, oňa bolan yhlasyň, söýgüň bilen baglydygyny okyjynyň aňyna pugta ornaşdyrmaga çalyşan şahyryň şyrgyrlaryda hut şu mesele bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Halk durmuşyndan daşda bolmadyk şahyryň goşgulary bütin halk köpçüligi üçin örän düşnükli, ýakymly täsirlidir. Hut şonuň üçin hem her bir türkmen maşgalasynda Magtymgulynyň goşgularyny uly gyzyklanma bilen okalýar. Çünki akyldar şahyryň goşgulary nesilleri milli ruhda terbiýelemek üçin gymmatly gollanmadyr. Magtymguly ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly asylly häsiýetleri wagyz-nesihat edýär. Şahyryň goşgulary hünärli bolmagy, zähmeti söýmegi ündeýär. Kesp-käriň, hünäriň bolmasa, jemgyýete peýdasyzdygyny beýan edýär. Şahyryň goşgularynda hünär öwrenmek, bilimli bolmak, adamlara kömek etmek ýaly ýörelgeler wagyz edilýär. Ulyny sylamak, oňa hormat goýmak, ene-atanyň sarpasyny belent saklamak ýaly häsiýetler wesiýet edilýär. “Edebiň ýagşysy ulyny syla” diýmek bilen, edeplilik, sylag hormat wagyz edilýär. Magtymgulynyň döredijiliginde nesil terbiýesi, ylym-bilim meselesi düýpli goýulýar. Akyldar şahyr aň-düşünjeli, sowatly adamlary ýetişdirmek ugrunda zähmetini, ylhamyny gaýgyrmaýar. Magtymgulynyň halk diliniň baýlygyny ussatlarça ulanmagyna, milli ruhy gahrymany orta çykarmagyna Döwletmämmet Azadynyň mekdebini geçenligi aýdyň şaýatlyk edýär.
Magtymgulynyň watançylygy nusga alarlykly bolup, onuň galdyran edebi mirasy dury akabaly, tämiz gözbaşly çeşmedir. Ol Watany wasp eden hyjywly şahyr, başarjaň terbiýeçi hökmünde ýaş nesliň hem kalbynda uly orun aldy. Munuň özi beýik nusgawy şahyrymyzyň türkmen halkynyň öňünde bitiren hyzmatlarynyň örän uludygyny görkezýär.
25
62
smiling_
13.08.2024 00:35
Paýhaslar düwünçegi.
Ýeňil ýetilen ýaly görünýän zada ýeňillik bilen ýetilmeýär.
Mirza Asadulla him Galib
Haýsy zadyň seniňkidigini bilmek isleseň, ähli zady öz erkine goýber. Şonda seniňki sen bilen galar. Biziň durmuşymyz syýahatdyr, ideýa bolsa, ýolbeletdir. Ýolbelet bolmasa, ähli zat durýar, maksat ýitýär we güýç hem bolmadyk ýaly bolýar. Durmuş dag ýalydyr: haýallyk bilen çykýarsyň, tiz düşýärsiň.
Pähimsiz başga adamlar bilen jedelleşýär. Paýhasly bolsa, özi bilen.
Oskar Uaýld
Kim başgalaryň durmuşyny ýagtylandyrýan bolsa, özi hem yşyksyz galmaz.
Jeýms Metýu Karri
Durmuşdaky ornuňa hiç zat etmän ýetip bolmaýar.
Dmitriy Wenewitinow
Bag ekmek hiç haçan giç däldir: mümkin, hasylyny ýygnamak saňa nesip etmez, ýöne oturdylan nahalyň ilkinji pyntygynyň açylan pursadyndan durmuşyň şatlygy başlanýar.
Konstantin Paustowskiý
Durmuşyň bar manysy ýagşylyk etmekden ybaratdyr.
Aristotel
Paýhasly adam her zady özünden talap edýär, pes bolsa, başgalardan.
Hytay nakyly
Gürrün biziň saýlaýan ýolumyzda däl-de, eýsem, bize saýlamaga mejbur edýän içki güýjümizde.
Genri
Ýagşylyk etmek üçin, ozaly bilen, oňa eýe bolmaly.
Aristotel
Durmuş öýke-kinä sarp ederden juda gysga. Biziň durmuşymyz – pikirimiziň netijesidir; ol ýüregimizde dogulýar, pikirimizde döreýär. Eger-de adam ýagşy pikir bilen gürlese we hereket etse – şatlyk onuň kölegesi ýaly yzyndan aýrylmaýar.
Dhammapada
Taýýarlan Hudaýberdiýew AÝMYRAT
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
29
31
smiling_
12.08.2024 11:42
Paýhas ummany.
«Ýeke söz ynsanyň pikirini üýtgedip biler. Ýeke duýgy ynsanyň durmuşyny üýtgedip biler. Ýeke adam ynsanyň özüni üýtgedip biler».
Gündogar edebiýatyna «Paýhaslar hazynasy» diýip baha berýärler. Munuň özi ýöne ýerden däl. Al Faraby, Al Horezmi, Ibn Sina, Sagdy, Omar Haýýam... ýaly ägirtleriň islendiginiň ady agzalanda, pähim-paýhas ummany göz öňüňe gelýär. Her biri aňyrsy görünmeýän umman bolan şeýle ägirtleriň aýdan sözleri bolsa durmuşyň islendik menzilinde bize ýol görkeziji şamçyrag bolýar.
Kalplara gözellik çaýýan pikirler baradaky gürrüňi gündogar halklarynda ýörgünli bolan «Ýylgyryp bilmeýän adam söwda bilen meşgullanmaly däldir» diýen sözden başlasak dogry bolar. Sebäbi gündogar halklarynyň birek-birege, bu barlyga garaýşyny suratlandyrýan bu sadaja sözler dünýäni ýylgyryp görke getirip bolýandygyny her birimiziň aňymyza guýýar. Bu pikir ibn Tufaýlanyň: «Ähli gowy zatlary ýüregiňe ýaz, erbet zatlary — suwa» diýen pähiminde-de özboluşly öwrümler arkaly gaýtalanýar. Akyldar beýle diýmek bilen bize ýüregi ýaramaz ýatlamalar bilen hapalap, ýaralap ýörmeli däldigimizi ýatladýar. Ol ýene-de: «Ähli zadyň diňe ýagty tarapyny görmäge çalyş. Eger şeýle tarapy ýok bolsa, onda tä ýagtylýança, onuň garalan ýerlerini süpürip çyk» diýýär.
Gahara gahar bilen jogap bermekden saklanyp bilýän adamyň hem özüni, hem garşysyndakyny halas edýändigi baradaky pikir gündogar akyldarlarynyň köpüsinde dürlüçe görnüşde getirilýär. Muňa mysal hökmünde Ibn Ruşdanyň: «Betbagt kişini bagtly etmekden uly bagt ýokdur» diýen sözlerini getirmek bolar.
«Ýyllaryň tär edip bilmeýän gözelligi barmy?» diýip, Lukman Hekimden sorapdyrlar. Ol: «Bar. Kalp gözelligi» diýip jogap beripdir. Ynsan dünýäsiniň, kalbynyň çuňluklaryna göz ýetirmek ýok. Edil şonuň ýaly-da ömrüni kalplara syýahatda geçiren ynsanlaryň paýhas gerimine çäk ýok. Olar adama baha berenlerinde-de hiç bir zatda çäklendirmä orun goýanoklar: «Ýeke söz ynsanyň pikirini üýtgedip biler. Ýeke duýgy ynsanyň durmuşyny üýtgedip biler. Ýeke adam ynsanyň özüni üýtgedip biler». Diýmek, bu durmuşyň özi yzygiderli öwrenip ýörmeli mekdep. Islendik menzilde öwrüme taýýar bolmaly ýol. Ol öwrümlerden dogry ýol tapmak bolsa ynsanyň özüne bagly. Şonuň üçinem ýollaryň içinden dogrusyny, pikirleriň içinden gereklisini, sözleriň içinden arassasyny saýlamagy başarmaly. Bu barada Gündogarda şeýle diýilýär: «Hakykat ýakymly bolman biler. Edil şonuň ýaly, ýakymly sözlerem hakykat bolman biler». Diýmek, biziň iň uly borjumyz — nesillere sözleriň içinden ýakymlysyny däl-de, hakykysyny saýlamagy öwretmek. Bu gürrüňi Al Horezminiň: «Terbiýäniň miwesi — akyl, bilimiň miwesi — ýagşylyk», «Öz meýline girýänler üçin sahylyk gapysy hemişe-de açykdyr» diýen sözleri bilen jemläsim geldi.
Goý, dünýä ynsanlary birek-birege ýagşylyklary sahylyk bilen eçilsin!
Bibijemal MUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini
çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen
74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebiniň müdiri.
"Edebiýat we sungat" gazeti, 03.
25
78
smiling_
12.08.2024 08:13
Logiki soraglar 3.
32. 36, 24, 12, 24 Şu berlen sanlaryň orta arifmetik bahasyny tapmaly.
33. Kapasada bir topar towşan we sülgün bar. Olaryň kelle sany 35,aýak sany bolsa 94. Kapasada näçe sany towşan bar?
34. Bir ýolagçy otluda geçmeli ýolunyň ýarysyny geçende uklapdyr. Oýanandan soňky galan ýol,ukudaky geçen ýolunyň ýarysyna deň bolsa, ähli ýoluň haýsy bölegini ol ukuda geçipdir?
35. Eger sutkanyň galan bölegi geçen böleginden 2 esse köp bolsa, häzir sagat näçe?
36. Gutuda 15 sany:gara,ak we gyzyl şarlar bar. Gyzyl şarlaryň sany ak şarlaryň ak şarlaryň sanyndan 7 esse az. Gutuda näçe sany gara şar bar?
37. 2 sany otluçöpi döwmän, nähili edip 10-y aňlatmak bolar?
38. Arapça "sifr" näme diýmek?
39. 6-7 aýlyk çaga haýsy 2 hereketi bilelikde edip bilýär?
40. Don Ki Hotyň hakyky ady näme?
41. Haýsy rus sözi 3 sany "г" harpyndan başlanyp, 3 sany "я" harpynda gutarýar?
42. Bu söz italiýan dilinden gelip çykyp, "gurçuklar" diýen manyny berýär. Italiýany ýatlanymyzda bu "gurçuklar" şüphesiz hyýalymyza gelýär. Bu nähili söz?
43. Bir ýylyň dowamynda näçe sany doly hepde bar?
44. 4 sifr 1-den 50-ä çenli näçe gezek gaýtalanýar?
45. Bir ýylda näçe sekunt bar?
Taýýarlan: Altyn Kurbanowa,
S. Seýdi adyndaky TDMI-niň talyby.
21
104
smiling_
11.08.2024 11:41
Logiki soraglar 2.
16. 13, 9, 11, 7, 9, 5, ... Indiki san näçe bolmaly?
17. 8888 4/1 bölegi ulumy, ýa-da ýarysynyň ýarysy ulumy?
18. 7, 19, 25, 17, ?, ? Sorag belgileriniň ýerine haýsy sanlar bolmaly?
19. 11*11=4; 22*22=16; 33*33=? Jogabyny tapyň.
20. Öňňin, düýn, şu gün, erte, birigün we biýrigünden 2 gün soňky gün hepdäniň anna güni bolsa,onda şu gün diýen günüm hepdäniň haýsy güni bolar?
21. Gazanda 36 litr süýt bardy.Ondan 4 litr süýdi beýleki gazana guýanlaryndan soň, iki gazandaky süýdüň mukdary deňleşdi. Beýleki gazanda näçe litr süýt bar eken?
22. Iki jübüde 28 hoz bar. Eger çep jübüde sag jübüdäkiden 3 esse az hoz bolsa,onda her jübüde näçe hoz bar?
23. Iki düýp agaçdan 67 kg alma ýygdylar. Eger olaryň birinden beýlekä garanda 19 kg köp ýygnan bolsalar, onda her düýpden näçe kg alma ýygdylar?
24. Gazanda 39 litr süýt bardy. Ondan 3 litrlik gaplaryň birnäçesini dolduranlaryndan soň, gazanda 6 litr süýt galdy.Näçe gaby süýtden doldurypdyrlar?
25. Myrat we Merdan 2 guty süýji aldylar. Her gutuda 12 süýji bardy. Myrat öz süýji gutusyndan birnäçe süýjini iýdi. Merdan bolsa Myradyň gutusynda näçe süýji galan bolsa şonçasyny hem iýdi.Gutularda näçe süýji galdy?
26. Derýanyň boýunda 2 adam düşleýärler. Kenarýakada bolsa derýanyň beýleki ýüzüne geçer ýaly 1 adamlyk gaýyk bar,emma adamlar derýanyň beýleki kenaryna geçmegi başarýarlar. Nähili we nädip?
27. 1+4=5; 2+5=12; 3+6=21; 6+9=?
28. Gozgalaňçylaryň gozgalaňy XIX asyrda bolupdyr. Eger-de XIX asyryň başyndan bu gozgalaňyň başlanan ýylyna çenli geçen wagt, şol ýyldan XX asyryň başyna çenli geçen wagtdan 3 esse az bolsa, gozgalaňyň bolan ýylyny kesgitläň?
29. Ýasmyk boýy 10 metr bolan agaja dyrmaşyp barýar. Ol gündizine 4 metr ýokaryk gidýär, gijesine bolsa 3 metr aşaklygyna gaýdýar. Näçe günde ýasmyk agajyň depesine çykar?
30. Üç sany 9-lyk sifriň kömegi bilen mümkin bolan iň uly sany ýazmaly?
31. 4 sany itde 3 sany guşda jemi näçe jübüt aýagy bar?
21
206
smiling_
10.08.2024 23:27
Logiki soraglar 1.
1. Alnanda gara reňkli, ulanylanda gyzyl, ulanylyp bolandan soň çal reňkli. Bu zat näme?
2. 4 sany dost boş awtobusa mündüler. Duralgada awtobusa ýene 2 adam mündi. Soňky duralgada awtobusdaky hemme adamlar düşdüler. Eger düşen adamlaryň sany 5 bolsa we awtobusda adam galmadyk bolsa, 1 adam nirä gitdi?
3. Kagyzyň galyňlygy 0,1 mm. Ony 50 gezek eplesek, kagyzyň galyňlygy näçe bolar?
4. Dünýäde iň köp satylýan haryt näme?
5. Dünýäde iň köp ogurlanýan azyk önüm näme?
6. Eger çopanyň 17 sany goýny bar bolsa, olaryň sanysy agyr kesellän bolsa we galanlary ölen bolsa, çopanda näçe sany diri goýun galdy?
7. Ol zat size degişli, ýöne başgalar ony sizden köp ulanýar. Ol zat näme?
8. Jerenler 5 sany dogan. Olaryň atlary: 1-nji Jemal, 2-nji Jennet, 3-nji Jemşit, 4-nji Jeýran, 5-nji kim?
9. Ý, .., M, A, M, I, I, A, S, O, N, D. Galdyrylan harp haýsy?
10. Aç garna näçe sany ýumurtga iýip bolar?
11. Haýsy eliň bilen kofeni şeker bilen garmak aňsat?
12. Gara pişigiň öýe girmegi üçin iň amatly gün haýsy gün?
13. Köçede birinden ýaşyň näçe diýip soralanda: "Ýene 13 ýyldan, 2 ýyl mundan öňki ýaşymyň 4 essesini ýaşaýan" diýip jogap berdi. Ol häzir näçe ýaşynda?
14. Meni köplenç altyna deňeýärler we men köp ýagdaýlarda baş alyp çykmagy başarýaryn. Eger sen meniň adymy aýtsaň men ýitirim bolaryn. Men kim?
15. 8, 12, 24, 4 sanlaryň orta arifmetiki bahassyny tapyň?...
23
153
smiling_
10.08.2024 15:07
Stress-li pursatlarda özüňiz hakynda alada etmegiň 6 usuly.
Özüňize ideg etmek üçin käbir maslahatlar.
1-NJI MASLAHAT. BEDENIŇIZ WE AŇYŇYZ ÜÇIN PEÝDALY ZATLARY EDIŇ.
Siziň bedeniňiz bilen aňyňyz berk ysnyşyklydyr. Olary sagdyn saklamak üçin edip boljak käbir zatlar: Içerde bolsaňyz-da işjeň boluň (tans ediň, geriniň), gowy iýmitleniň we ... Ukyňyzy alyň! Bu siziň oý-pikirleriňiziň aýdyň bolmagyna ýardam eder.
HÄZIRKI pursatda ýaşamaklyga çalyşyň.
2-NJI MASLAHAT. ÝAKYNLARYŇYZ BILEN ARAGATNAŞYGY SAKLAŇ.
Mümkin boldygyndan maşgalaňyz we dost-ýarlaryňyz bilen aragatnaşygy saklaň. Sosial mediadan, elektron poçtadan, telefon jaňlaryndan peýdalanyň, hat ýazyň! Bu işe döredijilikli çemeleşiň.
Eger-de habarlaşyp bilmeseňiz, olar bilen bilelikde geçiren wagtyňyz hakynda oýlanyň.
3-NJI MASLAHAT. DUÝGYŇYZA DÜŞÜNMEGI BAŞARYŇ.
Öz duýgyňyza düşünmek möhümdir. Oňa biparh garamaň.
Kä halatda duýgularyňyzy ýazga geçirmek, olary beýan etmäge ýardam edip biler.
Munuň aňsat ýa-da ýönekeý görünmegi mümkin, emma synanyşyp görüň: “Men özümi häzir ......... duýýaryn”.
4-NJI MASLAHAT. ÖZÜŇIZE MÄHIRLI GARA.
Nähili bolanda-da, duýmaklyk adaty ýagdaýdyr. Elmydama “bagtly bolmak”, “şähdaçyk bolmak” ýa-da “netijeli bolmak” babatda özüňize agram salmak kä halatda özüňizi ýaramaz duýmaklyga getirip biler.
Oňuň ýerine, çylşyrymly duýgulary başdan geçirýändigiňizi duýanyňyzda özüňize şu sözleri aýtmaga synanyşyň: “Men birahatlyk we gorky duýýaryn, emma bu meniň baş alyp çykmagy başarmajakdygymy aňlatmaýar”.
5-NJI MASLAHAT. BEDENIŇIZE DIŇ SALYŇ
Biziň bedenimiz biziň duýgularymyzy kabul edýär we oňa seslenýär.
Haýallyk bilen dem almak bedeni rahatlandyrmagyň iň çalt usullarynyň biridir.
Gözleriňizi ýumuň we rahat ýer hakynda pikirleniň. Özüňizi şol ýerde göz öňüne getiriň, rahatlanyň.
6-NJY MASLAHAT. YNANÝAN ADAMYŇYZ BILEN GÜRLEŞIŇ
Dostuňyz, ene-ataňyz, mugallymyňyz ýa-da uly ýaşly ynam bildirýän adamyňyz bilen özüňizi duýşuň hakynda gürleşiň. Mümkin, olar size ýardam etmegi başarar.
Eger-de ýagdaý juda sustuňyzy basyp, kelläňize özüňize zyýan ýetirmek hakynda pikirler gelýän bolsa, degişli hünärmene ýüz tutuň.
Peýdalanylan çeşme: www.unicef.org
24
254
smiling_
10.08.2024 10:13
Söýenleriñ kagyz pula tapylmaz
Çaga bolup dünýä inen mahalyñ,
Dakylan at, ýöne ýere dakylmaz.
Dünýede, her zadyñ sebäbi bardyr,
Wezipäñ bolmasa, gapyñ kakylmaz.
Hökümdar bolsa-da beýikler, begler,
Ölümiñ öñünde boýny egiler.
Duşman ýoluñ ýapjak bolsa-da näler,
Allañ saña açan ýoly ýapylmaz.
Kösenen ýeriñde doganyñ gelse,
Dost diýen ynsanyñ dogan dek bilse.
Maşgalañ arkañda dik duran bolsa,
Kynçylykdan arkañ ýere ýykylmaz.
Agzy birdir duşmanlary ýykanlañ,
Az däl aýralykdan ömrün ýykanlar.
Wagt barka gadryny bil ýakynlañ,
Soñ söýenleñ kagyz pulan tapylmaz.
--- Kuwwat Ýazmuhammedow
22
31