Paýhaslar ummany. :)
Söhbet mahalynda pikiriňi bişirmek gazany gaýnatmakdan has ýakymlydyr .
Hasan BASRY.
***
Bu dünýäde hiç bir günä adyňa tegmil bolup ýapyşmaz ýaly şekilde ýaşamak gerek.
Abu Hasan HARKANY.
***
Öz kemçilikleriňiziň köpdügini bilýärsiňiz, emma özgeleriň kemçiligini gözleýärsiňiz.
Ybraýym EDHEM.
***
Weli kişiler hiç wagt puluň yşkyna düşmeýärler.
***
Eden günäsine tüýs ýüreginden puşman edýän kişiniň günäsi geçilýär.
Zünnlin HEZRETLERI.
***
Akmaklaryň üç gün soňra etjek işini şu gün ýerine ýetirýän kişi danadyr.
Abdullah ibn MÜBÄREK.