smiling_
10.08.2024 23:27
Logiki soraglar 1.

1. Alnanda gara reňkli, ulanylanda gyzyl, ulanylyp bolandan soň çal reňkli. Bu zat näme?

2. 4 sany dost boş awtobusa mündüler. Duralgada awtobusa ýene 2 adam mündi. Soňky duralgada awtobusdaky hemme adamlar düşdüler. Eger düşen adamlaryň sany 5 bolsa we awtobusda adam galmadyk bolsa, 1 adam nirä gitdi?

3. Kagyzyň galyňlygy 0,1 mm. Ony 50 gezek eplesek, kagyzyň galyňlygy näçe bolar?

4. Dünýäde iň köp satylýan haryt näme?

5. Dünýäde iň köp ogurlanýan azyk önüm näme?

6. Eger çopanyň 17 sany goýny bar bolsa, olaryň sanysy agyr kesellän bolsa we galanlary ölen bolsa, çopanda näçe sany diri goýun galdy?

7. Ol zat size degişli, ýöne başgalar ony sizden köp ulanýar. Ol zat näme?

8. Jerenler 5 sany dogan. Olaryň atlary: 1-nji Jemal, 2-nji Jennet, 3-nji Jemşit, 4-nji Jeýran, 5-nji kim?

9. Ý, .., M, A, M, I, I, A, S, O, N, D. Galdyrylan harp haýsy?

10. Aç garna näçe sany ýumurtga iýip bolar?

11. Haýsy eliň bilen kofeni şeker bilen garmak aňsat?

12. Gara pişigiň öýe girmegi üçin iň amatly gün haýsy gün?

13. Köçede birinden ýaşyň näçe diýip soralanda: "Ýene 13 ýyldan, 2 ýyl mundan öňki ýaşymyň 4 essesini ýaşaýan" diýip jogap berdi. Ol häzir näçe ýaşynda?

14. Meni köplenç altyna deňeýärler we men köp ýagdaýlarda baş alyp çykmagy başarýaryn. Eger sen meniň adymy aýtsaň men ýitirim bolaryn. Men kim?

15. 8, 12, 24, 4 sanlaryň orta arifmetiki bahassyny tapyň?...
23
153
ab06
11 Awgust 2024
1.köz 2.şafyor 3.0,5mm 4.suw 5.corek 6.nacesi agyr kesellan bolsa solar diri galdy 7.at(имя) 8.Jeren 9.F harp(aylaryn bas harplary) 10.1 11.cep 12.anna guni 13.7yasynda 14.pul bolaymasa 15.20
D.S
11 Awgust 2024
15 jogap 12
D.S
11 Awgust 2024
13.....44 yasynda
D.S
11 Awgust 2024
12. İn amatly gun gapyn acyk bolan guni
D.S
11 Awgust 2024
10. 1 yumurtga iyip bolya 1njini iyenson garyn doyya we galanyny dok garyna iyip baslayan
D.S
11 Awgust 2024
9 ... F harp yok
D.S
11 Awgust 2024
8. 5 nji Jerenin ozi
D.S
11 Awgust 2024
7. At adymyz bize degisli yone ony basgalar ozumizden kop ulanyar
D.S
11 Awgust 2024
5. Peynir bolup biler
D.S
11 Awgust 2024
4. Benzin bolmaly
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.