smiling_
10.08.2024 15:07
Stress-li pursatlarda özüňiz hakynda alada etmegiň 6 usuly.

Özüňize ideg etmek üçin käbir maslahatlar.


1-NJI MASLAHAT. BEDENIŇIZ WE AŇYŇYZ ÜÇIN PEÝDALY ZATLARY EDIŇ.
Siziň bedeniňiz bilen aňyňyz berk ysnyşyklydyr. Olary sagdyn saklamak üçin edip boljak käbir zatlar: Içerde bolsaňyz-da işjeň boluň (tans ediň, geriniň), gowy iýmitleniň we ... Ukyňyzy alyň! Bu siziň oý-pikirleriňiziň aýdyň bolmagyna ýardam eder.

HÄZIRKI pursatda ýaşamaklyga çalyşyň.

2-NJI MASLAHAT. ÝAKYNLARYŇYZ BILEN ARAGATNAŞYGY SAKLAŇ.
Mümkin boldygyndan maşgalaňyz we dost-ýarlaryňyz bilen aragatnaşygy saklaň. Sosial mediadan, elektron poçtadan, telefon jaňlaryndan peýdalanyň, hat ýazyň! Bu işe döredijilikli çemeleşiň.

Eger-de habarlaşyp bilmeseňiz, olar bilen bilelikde geçiren wagtyňyz hakynda oýlanyň.

3-NJI MASLAHAT. DUÝGYŇYZA DÜŞÜNMEGI BAŞARYŇ.
Öz duýgyňyza düşünmek möhümdir. Oňa biparh garamaň.
Kä halatda duýgularyňyzy ýazga geçirmek, olary beýan etmäge ýardam edip biler.
Munuň aňsat ýa-da ýönekeý görünmegi mümkin, emma synanyşyp görüň: “Men özümi häzir ......... duýýaryn”.

4-NJI MASLAHAT. ÖZÜŇIZE MÄHIRLI GARA.
Nähili bolanda-da, duýmaklyk adaty ýagdaýdyr. Elmydama “bagtly bolmak”, “şähdaçyk bolmak” ýa-da “netijeli bolmak” babatda özüňize agram salmak kä halatda özüňizi ýaramaz duýmaklyga getirip biler.
Oňuň ýerine, çylşyrymly duýgulary başdan geçirýändigiňizi duýanyňyzda özüňize şu sözleri aýtmaga synanyşyň: “Men birahatlyk we gorky duýýaryn, emma bu meniň baş alyp çykmagy başarmajakdygymy aňlatmaýar”.


5-NJI MASLAHAT. BEDENIŇIZE DIŇ SALYŇ
Biziň bedenimiz biziň duýgularymyzy kabul edýär we oňa seslenýär.
Haýallyk bilen dem almak bedeni rahatlandyrmagyň iň çalt usullarynyň biridir.
Gözleriňizi ýumuň we rahat ýer hakynda pikirleniň. Özüňizi şol ýerde göz öňüne getiriň, rahatlanyň.

6-NJY MASLAHAT. YNANÝAN ADAMYŇYZ BILEN GÜRLEŞIŇ
Dostuňyz, ene-ataňyz, mugallymyňyz ýa-da uly ýaşly ynam bildirýän adamyňyz bilen özüňizi duýşuň hakynda gürleşiň. Mümkin, olar size ýardam etmegi başarar.
Eger-de ýagdaý juda sustuňyzy basyp, kelläňize özüňize zyýan ýetirmek hakynda pikirler gelýän bolsa, degişli hünärmene ýüz tutuň.


Peýdalanylan çeşme: www.unicef.org
24
254
myrataly_
10 Awgust 2024
@ideallider, Bilmedimda ol diyenin hassss uly kopculik torlarynda yalam sozlesen bolaymasa. Yone ine boŷ syratly suratyny goysan baska gurrin
myrataly_
10 Awgust 2024
@ideallider, Menem son ucin diydimda "sol teswirinde " diyip,baska yerde gormedim yone sol teswirinde seyle gordim bolyada. Ay menem zat dusindiryancam bara
ideallider
10 Awgust 2024
@myrataly_, eger men aldasam, onda bütün sözlerimiň, ylaýtada eserlerimiň manysy ýiter, bar azabymy ýekeje aldawa çalşmaryn. Ego hemmekişidede bar, ony boýun alýan. Mendede bar. Emma başgalardan tapawutlandyrýany, şol egonyň çişikiligi=ululygynda hem pesliginde!
myrataly_
10 Awgust 2024
@ideallider, Dineje iki gozin goyanyn ucin kopculige cykdygyna dal ol,kimin gozini alyp goysanam senkidir oyder agazalara. "Ilkinji gyz bolarsyn" su sozleri aŷdyl bilyan bolsan so teswirinde ego bar sen
ideallider
10 Awgust 2024
@myrataly_, egolyÝALY boldum. Sebäbi seň özüň aýtdyň "Suratyň görüldi" diýip😁
ideallider
10 Awgust 2024
@smiling_, şol kinony görüp özüňe täzeden "Menem adam saýlaýanmy?" soragy bermegiň üçin we senligiň sebäbi, sen soranlygyň üçin!
myrataly_
10 Awgust 2024
@ideallider, Edil su yerde sen biraz egoly boldyn.
ideallider
10 Awgust 2024
@myrataly_, ok👍
myrataly_
10 Awgust 2024
@ideallider, Suratyn gorildi sen,ozin profilinde goŷdyn
ideallider
10 Awgust 2024
@smiling_, kabul. Agzalar şaýat.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.