smiling_
12.08.2024 08:13
Logiki soraglar 3.

32. 36, 24, 12, 24 Şu berlen sanlaryň orta arifmetik bahasyny tapmaly.

33. Kapasada bir topar towşan we sülgün bar. Olaryň kelle sany 35,aýak sany bolsa 94. Kapasada näçe sany towşan bar?

34. Bir ýolagçy otluda geçmeli ýolunyň ýarysyny geçende uklapdyr. Oýanandan soňky galan ýol,ukudaky geçen ýolunyň ýarysyna deň bolsa, ähli ýoluň haýsy bölegini ol ukuda geçipdir?

35. Eger sutkanyň galan bölegi geçen böleginden 2 esse köp bolsa, häzir sagat näçe?

36. Gutuda 15 sany:gara,ak we gyzyl şarlar bar. Gyzyl şarlaryň sany ak şarlaryň ak şarlaryň sanyndan 7 esse az. Gutuda näçe sany gara şar bar?

37. 2 sany otluçöpi döwmän, nähili edip 10-y aňlatmak bolar?

38. Arapça "sifr" näme diýmek?

39. 6-7 aýlyk çaga haýsy 2 hereketi bilelikde edip bilýär?

40. Don Ki Hotyň hakyky ady näme?

41. Haýsy rus sözi 3 sany "г" harpyndan başlanyp, 3 sany "я" harpynda gutarýar?

42. Bu söz italiýan dilinden gelip çykyp, "gurçuklar" diýen manyny berýär. Italiýany ýatlanymyzda bu "gurçuklar" şüphesiz hyýalymyza gelýär. Bu nähili söz?

43. Bir ýylyň dowamynda näçe sany doly hepde bar?

44. 4 sifr 1-den 50-ä çenli näçe gezek gaýtalanýar?

45. Bir ýylda näçe sekunt bar?


Taýýarlan: Altyn Kurbanowa,
S. Seýdi adyndaky TDMI-niň talyby.
21
104
1089
27 Awgust 2024
👍
ab06
12 Awgust 2024
38.nol diymek
wolf
12 Awgust 2024
@smiling_, nãme ũçin tapylanokmyşyn 🙄
wolf
12 Awgust 2024
@smiling_, ba welin orsyñ maşyny ýaly itip ýöretmelidã 😅 kelle barda sũýreg ýok diýileni 😄
wolf
12 Awgust 2024
@smiling_, paçti barsyny bildim galanynam göz degmez ýaly bilmãýin 😌😁
wolf
12 Awgust 2024
44) 1 ýa 5 a-da 13 haýsam bolsa biri 🙄
wolf
12 Awgust 2024
43) 52 yada 51
wolf
12 Awgust 2024
41) триГонометриЯ 😁
wolf
12 Awgust 2024
39) dem alyp hem ýuwdunyp bilýãdãmi 🤔
wolf
12 Awgust 2024
35) 08:00 my?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.