smiling_
23.08.2024 11:55
Ösüş we durgunlyk: Adamyň barlygynyň iki ýüzi.
••Barlyk
••Filosofiya
••Pelsepe
Adamyň barlyk syýahatynda iki düşünje ýygy-ýygydan duş gelýär: ösüş we durgunlyk. Bu iki düşünje, wagt we giňişlikden başga, öz-özüňi tanamak we düşünmek prosesinde esasy rol oýnaýar. Ösüş, wagtyň üýtgäp durýan akymyna uýgunlaşmak sungatydyr. Bu diňe bir fiziki ýa-da akyl prosesi däl, eýsem ruhy syýahatdyr. Kynçylyklar we päsgelçilikler bu syýahatyň gutulgysyz bölekleri. Şeýle-de bolsa, bu päsgelçilikler adamlara özlerinden ýokary geçmäge we täze gözýetimleri açmaga mümkinçilik berýär. Kynçylyklara garamazdan edilýän tagallalar adamy hasam beýgeldýär we oňa barlygyň çuň manylaryny açmaga mümkinçilik berýär. Durgunlyk köplenç rahatlyk we ýeňillik bilen baglanyşdyrylýar. Emma bu duzakdyr. Aňsat ýollar köplenç ösüş üçin iň uly päsgelçilik bolup durýar. Durgunlyk, adamyň öz potensialyny bilmezligi ýa-da inkär etmegi. Bu bar bolan boşluga, manysyzlyga eltýär. Durmuş deňagramlylyk sungatydyr. Üznüksiz gowulaşmak islegi ýadawlyga sebäp bolup biler; hemişelik durgunlyk bolsa ruhy çölleşmäge sebäp bolýar. Şonuň üçin esasy söz "deňagramlylyk". Içerki syýahatymyzda ösüş bilen durgunlygyň arasynda deňagramlylygy saklamalydyrys. Bu bizi has bitewi, has manyly barlyga iterýär. Samuraýlaryň maksady ýok diýýärler, sebäbi olaryň maksady her pursady doly ýaşamak. Ösüş bilen durgunlygyň arasyndaky bu deňagramlylyk, edil şu manyda gizlenendir: her pursata baha bermek bilen barlygyň ähli taraplaryny öwrenmek.
Şeýlelik bilen esasy maksadymyzyň, Alp daglaryna dyrmaşmaly däldigimizi, içimizdäki daglary ýeňip geçmelidigimize düşünýäris.
Çeşme: makala
22
136
smiling_
23.08.2024 04:55
Dünýä ýurtlary hakynda bilinmeýän maglumatlar.
•• Fransuzlaryň iň ýatak halkdygyny näçämiz bilýäris? Ýa-da Braziliýaň her ýyl 2,164 müň tonna kofýa öndürýändigini? Bolýa, bulardan maňa näme diýýän bolsaňyz Gresiýalylaryň iň çilimkeş halkdygyndan habaryňyz barmy?
•• Owganystandaky erkekler 43, 4 ýaşa ýetmegi arzuw etýär. Zimbabwedäki aýallara bolsa 43,6 ýaşa ýetmek ýetikdir.
•• Ölüm-ýitimiň iň köp bolýan ýeri Owganystan. Ýenede iň köp çaga ölümleriniň bolýan ýeri hem Owganystan.
••Ýaponiýaň zenanlary bolsa Zimbabwe garanyňda iki esse köp ýyl ýaşamak isleýärler. (86 ýaş ýetik)
•• Wenesuelalylar iň köp piwo tüketýän halk bolup çykdy. Adam başyna ýylda 83 litr piwo tüketilýär.
••Türkler, wagtlaryny iýmäge sarp etýän ýeketäk halk. Bir türk, bir günüň dowamynda 162 minudyny iýmek-içmege sarp etýär.
••Braziliýalylar her ýyl 2,164 müň tonna kofýa öndürýär. (Iň köp kofýa öndürýänler hem şolar) Amerikalylar bolsa iň köp kofýa içýän halk.
••Hytaý ýylda 1,166 müň tonna çaý öndürýär. (Iň köp çan öndürýänler hem şolar) Amerikanyň Birleşen Ştatlary bolsa çaý tüketmekde 6 ýerde.
Iş zolagynda iň köp işgäri bolan ýer Cayman Adalary. Ada raýatynyň 67%-sy işleýär.
••Kanadada her 100 adama 94 komputer düşýär.
••Birleşen Arap Emirlikleriniň her 100 raýatynyň 176 öýjükli telefony bar.
•• Islandiýa iň köp gazet satan ýurt. Raýatynyň 1000-den 821-si gazet okaýar.
•• Kuba, bilime iň köp çykdajy etýän ýurt.
•• Iň abraýly 15 Uniwersitet Angliýada ýa-da ABŞ-dyr. Bularyň arasynda Cambridge, Oxford, College London, Imperial College London Uniwersitetleri bar.
••Hytaý 1.3 milýard raýaty bilen iň köp ilata eýe. Hindistanam Hytaýdan yza galasy gelenok. 1.1 milýardlyk ilaty bilen Hytaýyň yzýandan gelýär.
••ABŞ, iň uly ykdysadyýete (ekonomika) eýe. Ýaponiýa bolsa ikinji ýerde.
••Hytaý iň köp altyn öndürýän ýurt. Ýylda 270 tonna!
••Human Development Index’e görä Islandiýa, ýaşaýyş derejesi iň ýokary bolan ýurt.
••Hindistan, ýylda 32719 jenaýaty bilen dünýä rekordyny döwdi. Russiýa bolsa ikinji ýerde.
••Egerde Hytaýda ölseňiz jesediňiz ýakylar. Sebäbi hytaýda ýer galmandygy üçin jesetler hökman ýakylaýmaly.
••1518-nji ýylda Fransiýada bir tans epidemiýasy bardy. Şol döwürde ençeme kişi ölýänçä durman tans etdi.
•• Türkiýe we Ýaponiýa Dünýäde resmi dinini ykrar etmedik döwletlerdir.
•• Hindistanda 44 million çaga işgär bar.
••ABŞ-nyň, BMG-na 1 milliard dollardan gowrak bergisi bar.
••Dubaýdaky Burj-Halifa binasy şeýle bir beýik welin, Gün dogmagyna we batmagyna iki sapar tomaşa edip bilersiňiz. Burj Halifa örän uzyn welin, depesinden dünýäniň togolakdygyna hem göz ýetirersiňiz. Gün dogup başlanda göni lift bilen iň aşaky gata gelseňiz, aslynda entäk daşaryň garaňkydygyny, günüň dogmadygyny görersiňiz.
••Kaliforniýada "Hug Me" diýip ýazylgy Kola mehanizmlary bardyr. Gujaklasaňyz mugt kola berer.
••Hytaýa 2030-nji ýyla çenli 3 uly Sunamiň gelmegine we 700 million ynsanyň ölmegine garaşylýar.
••Israýyl zenanlaryna gulluk etdirýän ýeketäk döwletdir. Ýaşy 18 dolan zenanlar gulluga çagyrylýar. Zenanlar üçin iki ýyl, erkekler üçin 3 ýyllyk gulluk.
••Angliýada bir zenanyň ortaça 19 aýakgaby bar. Olaryň bolsa bary ýogy 7 sini ulanýarlar.
••Müsür Piramidalarynyň içinde süýt zaýalanman durup, öz-özi gatyga öwrülýär we ýakyp barýan yssyda Piramida giren üşär.
•• Iňlis polisiýalary, bolup biläýjek bir awariýada çagalary köşeşdirmek üçin
awtoulaglarynda gurjak aýy saklaýarlar.
•• Dünýäde Koka-Kola satylmaýan diňe iki ýurt bar: Demirgazyk Koreýa we Kuba.
•• Türkiýe adam başyna Alkogol tüketmekde Dünýäde 3-nji orunda durýar. Çilim çekmek boýunça hem Dünýäde 11-nji ýeri eýeleýär.
Okanynyz ucin minnetdar!
....Adam ata
24
83
smiling_
22.08.2024 00:44
Bagtyň birine garaşlylygy.
Birnäçe asyrlaryň dowamynda şahyrlar, beýik pelsepeçiler we adaty adamlar söýgüniň nähili derejede ýakymly, eziz, täsirli we ýürek tolgundyryjy duýgudygyny belläp geçýärler. Olar ol duýgudan ejir çekendiklerini birnäçe şahyrana setirleriň üsti bilen hem beýan edýärler. Men söýginiň özüm üçin gaty şahsy temalaryň biri bolanlygy sebäpli, ony ejem-kakam ýa-da dost-ýarlarym bilen ara alyp maslahatlaşardan daşda görýärin. Birini özüňden beter söýmegiň zyýanlary onuň peýdalaryndan köp ýaly göwnüme bolmasa. Öz ene-atamyň tejribesinden pikir ýöredip, gündelik durmuşda olaryň özlerini alyp barşyna görä käbir zatlary kesgitleýärin. Indi bolsa geliň gepiň tümmek ýerine dolanyp geleliň, bagtyň we şatlygyň bir adama garaşly bolmagy. Häzirki döwür tehnologiýalarynyň ýokary derejede ösenligine garamazdan, olar adamyň mental saglygyna zyýan ýetirýärler. Meselem hökmünde iki sany adamy alaly, olar birek-biregi internet ulgamlary arkaly gürrüňdeşlikleriň üsti bilen tanaýarlar, geljek üçin birnäçe özleriçe meýilnamalary gurýarlar, arasynda oýun etýärler we soňlugy bilen şol adama garşy emosional garaşlylyk ýa-da baglanyşyk (emotional attachment) emele gelýär. Şol emosional garaşlylygy wagtynda duýup, aradan aýyrmasaň, wirtual toruň gapanyna düşüp, soňlugy bilen ýalňyzlyk we depressiýa ýaly duýgulara duçar bolmak ähtimallygy gaty uly. Geliň has giňişleýin düşündireýin.
Emosional baglanyşyk (attachment) ýa-da söýgi?
Emosinal baglanyşyk söýgi ýaly bolup biler, ýöne olaryň arasynda uly tapawut bar. Köp bilermenleriň ýüze çykarmagyna görä, olaryň ikisiniň arasyndaky iň uly tapawut söýginiň jany aýamazlyk, pidalyk (selfless) we emosional baglylygyň bolsa egoizm bolmagydyr. Egoist bolmak hökmany suratda erbet diýmek däl, emma ol siziň dogabitdi zerurlyklaryňyzy kanagatlandyrmak üçin gatnaşykda bolýandygyňyzy görkezýär. Söýgi zerurlyklaryň esasy gün tertibinden däl-de, başga biriniň abadançylygyny ileri tutmak isleginden emele gelýär. Onuň tapawudyna düşünmäge ýardam edip biljek gowy mysal ene-atanyň we çaganyň arasyndaky gatnaşyk. Ene-atanyň özleri sagdyn baglanyşygyň esasyndan gelýär diýip çaklasak, ene-ata çagasynyň gorag ýa-da howpsuzlyk ýaly zerurlyklaryny üpjün etmegine garaşmaýar. Şeýle-de bolsa, olaryň çaga bolan söýgüsi diňe şol çaganyň abadançylygy üçin iň gowy zatlary isleýändiklerinden emele gelýär. Hawa, söýgi üçin sagdyn emosional baglanyşyk gerek, emma emosional baglanyşyk siziň aşykdygyňyzy ýa-da birini söýýänligiňizi aňlatmaýar. Ýene-de ýatladýaryn, emosional baglanyşyk zerurlyklara esaslanýar we aýratyn zerurlyklarymyzy kanagatlandyrmak üçin beýlekiler bilen bile bolmaga çalyşýarys. Bu kesgitleme esasynda emosional baglanyşyga düşünip bilseňiz, gatnaşyklaryňyzyň söýgi, emosional baglanyşyk ýa-da ikisinede esaslanýandygyny kesgitläp bilersiňiz. Öz gezeginde aýratyn zerurlyklaryň hataryna bolsa, ýeterlik derejede biriniň garşy tarapdan özüne bolan üns talaplaryndan başlap, ähli maddy we maddy däl zatlar hem-de düşünjeler girýär. Eger-de diňe emosional baglanyşyk üçin gatnaşykda bolsaňyz, onda ol gatnaşyklarda birahatlyk, ýitirme gorkusy ýa-da gowşaklyk ýaly başdan geçirmeler duýulyp bilner we soňlugy bilen olar toksik gatnaşyklaryna elter. Bu bolsa adama bagly bolanyňyz sebäpli emele gelýär. Bularyň ählisi şahsy ösüşiňize zyýan berip biljek ýa-da alyp barşyňyza öz islegiňiz ýaly boýun bolmazlyga mümkinçilik döredýär.
Duýga bagly bolmak haçan näsagdyn bolýar?
Sagdyn emosional baglanyşyk bilen näsagdyn emosional baglanyşygyň arasynda inçe çyzyk bar. Hemmämiz duýgy taýdan beýlekiler bilen baglanyşmaly. Şeýle-de bolsa, bu zerurlyklar bize öz-özümize baha bermekden, asudalykdan we saýlaw azatlygymyzdan ýüz öwürmäge ugrukdyranda, bu baglanyşyk zyýanly bolup biler.
Awtor: Şasenem Sopyýewa
28
105
smiling_
21.08.2024 12:03
Bagt näme?
Bagt näme? Men bagtlymy?! Şeýle soraglar bardyr hemmämizde. Aslynda bagt hem birnäçe stadiýadan ybaratdyr meň pikirimçe. Çagalykdaky bagt - alynan süýjä bagtly sen.
Ýetginjek dörwündäki bagt - bir gyz sözüňe alsa, täze telefon alsaň w.ş.m
Orta ýaşdaky bagt - diplom, karýera, jaý, maşyn, maşgala,çaga…
Garrylykdaky bagt - agtyk, saglyk, dost-ýar bilen görüşmek.
Bular meniň seljermäm, onda bagt ýaşymyz bilen ulalyp ahyr ýaşymyzda-da kiçelýärmi? Men özüme kän berdim bir soragy “Men bagtlymy?”, jogabym men bagtly. Ne diplomym, ne karýeram, ne maşynym ne-de jaýymyň barlygy üçin, şularyň ählisi bolmasada meniň ýanymda boljak ýarymyň barlygy üçin. Käbir adama soramda bagt saglykdadyr diýdiler, näçe inkär etseňizem saglyk hem saýlan ýaryňa bagly, dogry saýlamagam saňa. Öz durmuşymdan bir mysal, bir işe başarjagyma men ynanmasam hem maňa derek menden has köp maňa ynanýan biri bar we “Sekret” kitapdaky ýaly çekýärdi üstünligi. Men başarmajak zatlarymy başardym. Ýaryňyzy dogry saýlasaňyz durmuşyňyz dogry ýola girýän ekeni. Seni biriniň gowy görýänini bilmek gowy, şony duýmak has gowy we bu garşylykly boldymy onda senden bagtlysy ýok. 2 ýyl boldy we mem seň bilen bagty tanadym….
...D I
30
516
smiling_
21.08.2024 09:06
Ejiz...
menden başga sen hiçkimiňki diýesim gelýär….ýöne hemmeler saňa el açýar, hemmeler saňa “Siz” diýip ýüzlenýär, hemmeler saňa ýalbarýar, hemmeler saňa ynanýar….hawa heemmelleeerr.
Adamyň öz özüni tanamazlygy gaty nalaç edeýin bolýan ekeni Armytgül. Hiç zat we hiç kim gözüne görünmeýän ekeni. Sheýle öwrümler bolýar ýöne ýenede şükür sözünü 18müň sapar gaýtalar ýörer. Yöne şuny syzýan Armytgül, bir gün şol gara gutadan aýryljagyna…. köp kişini ýitirer ýa da adamlar ony ýitirer. Düshünýäňmi Armytgül, şuwagt diňe biri bilen aramy sazlaýan( kim diýip sorama)sazlap bilýän, sebäbi özümi tanamook,ol meni menden gowy tanaýar Armytgül. Iň ýakyn dostum adamlar däl. Gündüz-Gijeleriň parhy ýok, herwagt gürleşip bilýäň, gerek bolsa begenýäň, gerek bolsa suw sil bolýaň. Yöne hiç hili içimdäki ölen zady daşaryk gusyp bilemok. Demim gursagymda galýan wagtam bolýar ýöne “gaty güýçli sen” diýip arkama kakýan jemagat jora/dost ýarlar bar…
Nadip rahat ýaşap bolar bir kelam etseň Armytgül?…ýol görkezseň?, maglumat berseeeň…..+n (?)
….
senem dymdyň gerek şutaýdaaa…Hawa kömek etjek diýýäň ýöne maslahatyň ýok. Maslahat ber diýip, seniň hem güneşiňi batyrmak islämok. Belki eliň uzatsaň maňa ýetmejegini pikirlenýäňmi…++n??? — Aslaaa!!!
şuwagt biri bar o biri maňa kömek edip biler. Dymýar, dymmak bilen ýoluna gidýär meň bilen, ýöne dymmýaaarrr…..Özümi diňe şoň bilen ýakyn duýýan, özem bilýär…okaýar içimem. Belki şondan adamlardan azam bolsa uzaklaşýandyryn…has Onuň bilen wagt geçirmelidirin…
Hawa herkimde de özüne meňzeş jorasy/dosty, ýary-ýarany bardyrla ýa da iň bärkisi maşgalasy….meniňem mähirli maşgalam bar ýöne ejiz tarapymy hiç görmeýärler…sebäbi “shükür Hudaýa men gowylaaa” diýmek ýaly agyr söz görmedim…kynlygyny bir bilsediň …Degme Armytgül bilme bilmeseň gowy, kelläňe goýan maksatlaryňa üns ber…Özüňi täzelap dur her taraplaýyn. Bir Hadis de “Ennezafetü minel iman” /“tamizlik imandandyr” diýýärdimi. Ana şolar ýaly täzelnip/tämizlenip dur!
Bolýarda, meni içim bilen diňläp syzyp bilýäään O kişini ýitirmejek bolmaly…kawgt ýanymda saklamak isleýän adamlarym hem maňa düşünseler, meň bilen içimi syzyşşsalar hiç kim hiiiççç kiimmmm…. ýa olara ýük bolardy hawamy Armytgül ?? Yene dymýaň men bolsa “hawa” jogaby diýip düşünýäään…gynanamok sebäbi meni gowy tanaýan adam bar.
Belki bir gün göçerin bu Dünýäden O kisi “yz goýup” gitdi bize diýer, belki “güýz bolup bize goýup gitdi” diýer….ýöne kimeeeee?? Puç edip bilmeýär ahrym Armytgül, sebäbi saklamagy we çyndanam maňa ynanýany üçin aýtmazlygy seçdi….
Sary şemal ony tändirip geçýär,
Soňkuja ýapragy, bir pasyl ömri.
Adam durmuşynda uly many bar:
Geçeniň yzynda galyp ýör höwri.
Bu ýerde uly bir pelsepe-de ýok,
Her ynsan özüçe ýasanýar bagty.
Ýaprak gaçýar. Gaçma diýip bolanok.
Ýöne, iň gowy zat: galýar daragty.
“Topragyñ üstünden ömürler geçýär."
Abat Annamämmedowa
17
13
smiling_
21.08.2024 04:14
Çydamsyz…
Gije ýarymda Armytgüljan ýatyp bilmän towlanypdurdy her ýana…ahrym birzatlar ýazsa içi ynç aljak ýalydy welin….Gyyy iççimdagy kerep bolup gidipdirrr. Eger pikirlerimi beýan edip bilmesem bagyşlarsyňyzda okyyjylarym! Sübsam wii ýok plesosymam ýok ekeni. Baram bolsa oňa güýjem ýetenok arassalamana. Nähili arassalajagymy düşünýän belki maslahat berersiňiz? Pikir alyşarys? Bolmazmy?
Geçen gün Ejemi ýyllyk check-up etdirmek üçin doktora äkidipdim. Gan analizini zadyny berdik(Hemmezat ýerbe ýer gowy şükür). Doktora garaşyp oçyrda durkak bir daýzajan aglap pahyrjygyň gözü çişip gidipdir. Ýöne näme üçin aglap duranyny çözüp bilmedim ýa da meniň kelläm zoolll ejemdedi…Daýzajan gygyryp iki-üç sapardagy shu sözlemi gaýtalady: ‘Allah bizi sevmiyor, hep sevdiklerimi sağlık tarafından kendi yanına alıyor…gücüm kalmadı artık benim canımıda al ’ diýip içip duran suwum gaýnag suwa döndi. Ussat şahyryň şujagashja setiri agzyma çolaşdy:
Adam ölýär,
Şeýdip ýapylýar perde.
Ölen däl,
diriler galýarlar derde.
Ýöne ölen adam
ölerine çen
Tanyşýar dünýäniň geçmişi bilen.
Kömek edesim geldi emma ýakynlaşmadym. Ejeme bildirmejek bolup gepe sowan bolmam olam aýry aldowçylyk…Ýüregi awyly ozalam Ejemiň şol temada. Daýzanyň daşyndan seredip göni Ejeme seretmegimm….menemä çydamsyz ekenim, gaýduwsyz diýilýärdimi? Bir tarapdan içimdäki ses adam bu Dünýä keýpi sapa sürmek üçin gelýärmikä? ýa da her gününe razy bolup,ömrüni gaýgy alada bilen geçirmek üçin geldimika? diýip birahat etdi…beehhh. Eger kesel/hassalyk diýilýän zat bolmasady Dünýä nähili bolardyka, adamlar sagdyn gezip gowy bolardy şeýle dälmi? Aaýý ýoook…geçen 2aý mundan öň gyzyklyja kitap gutardym “Mikrobiyota” diýip. “Içegelerimizdäki bakteriýa sany, galaktikamyzdaky ýyldyzlaryň sanyndan aşa köpdir. Haýwanlaryň ilkinji emele gelme şekilleri mikroplary tutuş özüne jemläp almasy bilen ” şeýdip emele geldi diýip belläp geçýär. Soň adam pahyryň, her ýyl saýyn içiindäki organlarynyň yaşy bilen birlikde garraýanyna göz ýetirmeli bolyar.
Adam bu Dünýä sapa sürmek üçin gelmändir diymek. Beyle bolaýan ýagdaýynda o tarapy ýatdan çykararmydym eger, hassalyk-ölüm diýilýän zat bolmasady? Ölümem unudardym hiç yatlasym gelmezdi…Her nä ozüňi(zi) ölümsüzdirin(ölümsüzdiris) öyütmeli dal garaz Armytgüljan. Bilemok ýene aýtjak zatlarym kääääännnn gök çaýymy alyp tanamaýan kiişilerim bilen gürrüň edesim gelýär, azajyk yeňläsim gelýär…
Kölegäm bilen sizlere Owadan ölüm dileýän!
Abat Annamämmedowa
22
19
smiling_
20.08.2024 15:07
Üç Nokat...
Başlamak
Içgepletme
Taşlamazlyk
Näçe sapar pozup täzeden ýazyp, ýene pozup ýene täzeden ýazyp ahyr, ýarty goýan işimi indi ýyl gutarmanka öňünden doldurjak bolup “ menem ýazdym, okaaň adamlar!!!” diýjekdiiimmm welin, welindä… ýazýan zatlarym diňe men we kölegäm başga hiç kim :).
Köp derdiň bolup edilmeli zatlar ýatdan çykýar. Kä mahal nämeden nireden başlanyňy bilmän galyp, başlanyňam taşlanýar galyberýär. Gaty köp dert işleriň ýarym taşlanmagyndan, bir zadyň başyny başlap yzy gelmän gidiberýär. Ana şular ýaly ýarty galan makala, ýa ýarym galan kitap, ýa ylmy iş, ýada bir doly iş gutarmanka beýlekä ätlap başdakyny unudup yumak şeklinde çolaşyberilýär. Soň iç gepletmeleriň şaýady bolýaň.
Ýalňyzlygyň berýän oýnymy ýa da hemme zady aşa Dünýewileşdirýänimiz üçinmi?
Ýalňyzlygyň berýän oýna beýle bolmaly däl diýsem ýalançy. Ýalňyzlyk işi ýoga howp, işi depesinden agdyga uly nygmat. Meni sorasaň, meniň üçin şeýle bir uly nygmat, Ýaradana şükür edýän. Ýalňyzlaşaňda da ýoldaky bütin adamlar saňaa ruhy ýalňyz adamlar ýaly görünýär. Kime näme aýtjagyňy, näme okatjagyňy, nirä barýanlygymyzy aýtmakdan säginýäň. Emma ugur ýoluny tapmadyk adamogly üçin kim nirä ugrukdyrsa gidip barýana uly uly howp. Ýagny ýolbeletsizler üçin. Asyl düşüneňde ýolbeletsizjedemä däl. Hemme zady dünýewileşdirmek bilen wagtymyzy meşgul edip ýarym galan zatlaryň, hiç dolulugyny görüp bilmän geçýäs. Iň bärkijesi ynanç(bu eýýäm başga mowzuk boluberýär, elim ýetse, beýnim işläberse belki ýazaryn). Köp dürlülikli adam bolmagam näçe gowy diýsegem, ana asyl etjek işiňi ýatdan çykardýar ýekelige/ýalňyzlyga eltýär. Hamana şeýle gowy ýaly görünýär emma däl. Asyl bir zady unudýas başlanymyzda haýsy sepgide ýetjekligimizi. Elbette başda görüp bilmeýäris ýöne, seçen ýolumyzdaky her hili tümmüklerden, her hili ýodalardan geçip başaryp biljekligiňe ynanyp bashlaýaň. Ýöne şony öwrenmeli….taşlaman başlamaklygy. Kä mahal diňeje başlamak ýetenok yzy we soňy hem gelibermeli welin asyl geläýenok…Endik edinmeli, bir işi doly gutarylmanka başga zada başlamazlygy… Doly ýazyp bilmeýärin, ýene yarty taşlap aýtjak zatlarymy içimde ýuwdym ýuwdym saklaýaryn we şujagaş ýerde goýmakçy. Belki indikilerde, belki hiç, belki bashlanymda taşlamazlygy öwrenen halymda gelip ýazaryn aa häzirlik bolsa, şahyr ussadymyzyňam aýdyşy ýaly :
Zähmete çapalyň,
Gepe çapmalyň.
Il içinde gep kän, iş weli — has kän.
Käte giç düşünýäs bu hakykata,
Iniler düşünsin ýaşkan,
has ýaşkan!
HOŞ SAGBOL!
Abat Annamämmedowa
27
167