Bagtyň birine garaşlylygy.
Birnäçe asyrlaryň dowamynda şahyrlar, beýik pelsepeçiler we adaty adamlar söýgüniň nähili derejede ýakymly, eziz, täsirli we ýürek tolgundyryjy duýgudygyny belläp geçýärler. Olar ol duýgudan ejir çekendiklerini birnäçe şahyrana setirleriň üsti bilen hem beýan edýärler. Men söýginiň özüm üçin gaty şahsy temalaryň biri bolanlygy sebäpli, ony ejem-kakam ýa-da dost-ýarlarym bilen ara alyp maslahatlaşardan daşda görýärin. Birini özüňden beter söýmegiň zyýanlary onuň peýdalaryndan köp ýaly göwnüme bolmasa. Öz ene-atamyň tejribesinden pikir ýöredip, gündelik durmuşda olaryň özlerini alyp barşyna görä käbir zatlary kesgitleýärin. Indi bolsa geliň gepiň tümmek ýerine dolanyp geleliň, bagtyň we şatlygyň bir adama garaşly bolmagy. Häzirki döwür tehnologiýalarynyň ýokary derejede ösenligine garamazdan, olar adamyň mental saglygyna zyýan ýetirýärler. Meselem hökmünde iki sany adamy alaly, olar birek-biregi internet ulgamlary arkaly gürrüňdeşlikleriň üsti bilen tanaýarlar, geljek üçin birnäçe özleriçe meýilnamalary gurýarlar, arasynda oýun etýärler we soňlugy bilen şol adama garşy emosional garaşlylyk ýa-da baglanyşyk (emotional attachment) emele gelýär. Şol emosional garaşlylygy wagtynda duýup, aradan aýyrmasaň, wirtual toruň gapanyna düşüp, soňlugy bilen ýalňyzlyk we depressiýa ýaly duýgulara duçar bolmak ähtimallygy gaty uly. Geliň has giňişleýin düşündireýin.
Emosional baglanyşyk (attachment) ýa-da söýgi?
Emosinal baglanyşyk söýgi ýaly bolup biler, ýöne olaryň arasynda uly tapawut bar. Köp bilermenleriň ýüze çykarmagyna görä, olaryň ikisiniň arasyndaky iň uly tapawut söýginiň jany aýamazlyk, pidalyk (selfless) we emosional baglylygyň bolsa egoizm bolmagydyr. Egoist bolmak hökmany suratda erbet diýmek däl, emma ol siziň dogabitdi zerurlyklaryňyzy kanagatlandyrmak üçin gatnaşykda bolýandygyňyzy görkezýär. Söýgi zerurlyklaryň esasy gün tertibinden däl-de, başga biriniň abadançylygyny ileri tutmak isleginden emele gelýär. Onuň tapawudyna düşünmäge ýardam edip biljek gowy mysal ene-atanyň we çaganyň arasyndaky gatnaşyk. Ene-atanyň özleri sagdyn baglanyşygyň esasyndan gelýär diýip çaklasak, ene-ata çagasynyň gorag ýa-da howpsuzlyk ýaly zerurlyklaryny üpjün etmegine garaşmaýar. Şeýle-de bolsa, olaryň çaga bolan söýgüsi diňe şol çaganyň abadançylygy üçin iň gowy zatlary isleýändiklerinden emele gelýär. Hawa, söýgi üçin sagdyn emosional baglanyşyk gerek, emma emosional baglanyşyk siziň aşykdygyňyzy ýa-da birini söýýänligiňizi aňlatmaýar. Ýene-de ýatladýaryn, emosional baglanyşyk zerurlyklara esaslanýar we aýratyn zerurlyklarymyzy kanagatlandyrmak üçin beýlekiler bilen bile bolmaga çalyşýarys. Bu kesgitleme esasynda emosional baglanyşyga düşünip bilseňiz, gatnaşyklaryňyzyň söýgi, emosional baglanyşyk ýa-da ikisinede esaslanýandygyny kesgitläp bilersiňiz. Öz gezeginde aýratyn zerurlyklaryň hataryna bolsa, ýeterlik derejede biriniň garşy tarapdan özüne bolan üns talaplaryndan başlap, ähli maddy we maddy däl zatlar hem-de düşünjeler girýär. Eger-de diňe emosional baglanyşyk üçin gatnaşykda bolsaňyz, onda ol gatnaşyklarda birahatlyk, ýitirme gorkusy ýa-da gowşaklyk ýaly başdan geçirmeler duýulyp bilner we soňlugy bilen olar toksik gatnaşyklaryna elter. Bu bolsa adama bagly bolanyňyz sebäpli emele gelýär. Bularyň ählisi şahsy ösüşiňize zyýan berip biljek ýa-da alyp barşyňyza öz islegiňiz ýaly boýun bolmazlyga mümkinçilik döredýär.
Duýga bagly bolmak haçan näsagdyn bolýar?
Sagdyn emosional baglanyşyk bilen näsagdyn emosional baglanyşygyň arasynda inçe çyzyk bar. Hemmämiz duýgy taýdan beýlekiler bilen baglanyşmaly. Şeýle-de bolsa, bu zerurlyklar bize öz-özümize baha bermekden, asudalykdan we saýlaw azatlygymyzdan ýüz öwürmäge ugrukdyranda, bu baglanyşyk zyýanly bolup biler.
Awtor: Şasenem Sopyýewa