Hany biraz pikirleniñ.
1. Albert Einşteine haýsy döwletiň prezidenti bolmaklygy teklip edipdirler?
2. “Gara ölüm” diýip bilinýän ýokanç kesel 1347-1350-nji ýyllarda Ýewropa nireden aralaşýar we näçe göterim adam kesel zerarly ýogalýar?
3. Sezaryň döwründäki pullaryň ýüzünde haýsy sözlem ýazylýardy?
4. “Güneş karoly” lakamyny alan karol kim? (biraz kömek edeýin, fransuz karol bolmaly).
5. Hindi ýazary Rabindranat Tagor “Täç Mahaly” nähili sözler bilen taryplapdyr?
6. Napolýon Bonapartyň ýatýan otagynda kimiň portreti bardy? Napolýonyň halaýan pionisti kimdi?
7. Winston Çurçilliň II jahan urşundan soň ýazan haýsy taryhy eseri Nobel baýragyna mynasyp boldy?
8. Ilkinji bolup sigareta garşy propaganda eden kim?
9. Wladimir Lenin ýaly Hytaýda kimiň jesedi mumýalanyp, halka görkezmek üçin goýulýar?
10. “Şeýtan Aýatlary”(1988) atly romanyň ýazary? Belki kömek eder: bu roman Hindistan, Päkistan, Müsür, Sudi Arabistan ýaly döwletlerde gadagan edilen. Sebäbi romanyň sahypalarynda, birnäçe musulmanlaryň Muhammet Pygambere hapa paýyş söwünç sözleri ýer alypdyr. 1989-njy ýyllaryň başlarynda Eýranyň prezidenti Aýetullah Humeýni bu ýazaryň öldürilmegini isläp, ölüm jezasyny çykarypdyr we ýazary yzarladypdyr, şol sebäpli ýazar 10 ýyla golaý gizlinlikde bolupdyr we Scotland Yard dan ýörite iberilen agentler tarapyndan goralypdyr. Ýazar 1947-nji ýylda Bombeýda dogulýar. Häzirki wagtda New Ýorkda ýaşaýar eger ölmedik bolsa…