smiling_
20.08.2024 15:07
Üç Nokat...

Başlamak

Içgepletme

Taşlamazlyk

Näçe sapar pozup täzeden ýazyp, ýene pozup ýene täzeden ýazyp ahyr, ýarty goýan işimi indi ýyl gutarmanka öňünden doldurjak bolup “ menem ýazdym, okaaň adamlar!!!” diýjekdiiimmm welin, welindä… ýazýan zatlarym diňe men we kölegäm başga hiç kim :).

Köp derdiň bolup edilmeli zatlar ýatdan çykýar. Kä mahal nämeden nireden başlanyňy bilmän galyp, başlanyňam taşlanýar galyberýär. Gaty köp dert işleriň ýarym taşlanmagyndan, bir zadyň başyny başlap yzy gelmän gidiberýär. Ana şular ýaly ýarty galan makala, ýa ýarym galan kitap, ýa ylmy iş, ýada bir doly iş gutarmanka beýlekä ätlap başdakyny unudup yumak şeklinde çolaşyberilýär. Soň iç gepletmeleriň şaýady bolýaň.

Ýalňyzlygyň berýän oýnymy ýa da hemme zady aşa Dünýewileşdirýänimiz üçinmi?

Ýalňyzlygyň berýän oýna beýle bolmaly däl diýsem ýalançy. Ýalňyzlyk işi ýoga howp, işi depesinden agdyga uly nygmat. Meni sorasaň, meniň üçin şeýle bir uly nygmat, Ýaradana şükür edýän. Ýalňyzlaşaňda da ýoldaky bütin adamlar saňaa ruhy ýalňyz adamlar ýaly görünýär. Kime näme aýtjagyňy, näme okatjagyňy, nirä barýanlygymyzy aýtmakdan säginýäň. Emma ugur ýoluny tapmadyk adamogly üçin kim nirä ugrukdyrsa gidip barýana uly uly howp. Ýagny ýolbeletsizler üçin. Asyl düşüneňde ýolbeletsizjedemä däl. Hemme zady dünýewileşdirmek bilen wagtymyzy meşgul edip ýarym galan zatlaryň, hiç dolulugyny görüp bilmän geçýäs. Iň bärkijesi ynanç(bu eýýäm başga mowzuk boluberýär, elim ýetse, beýnim işläberse belki ýazaryn). Köp dürlülikli adam bolmagam näçe gowy diýsegem, ana asyl etjek işiňi ýatdan çykardýar ýekelige/ýalňyzlyga eltýär. Hamana şeýle gowy ýaly görünýär emma däl. Asyl bir zady unudýas başlanymyzda haýsy sepgide ýetjekligimizi. Elbette başda görüp bilmeýäris ýöne, seçen ýolumyzdaky her hili tümmüklerden, her hili ýodalardan geçip başaryp biljekligiňe ynanyp bashlaýaň. Ýöne şony öwrenmeli….taşlaman başlamaklygy. Kä mahal diňeje başlamak ýetenok yzy we soňy hem gelibermeli welin asyl geläýenok…Endik edinmeli, bir işi doly gutarylmanka başga zada başlamazlygy… Doly ýazyp bilmeýärin, ýene yarty taşlap aýtjak zatlarymy içimde ýuwdym ýuwdym saklaýaryn we şujagaş ýerde goýmakçy. Belki indikilerde, belki hiç, belki bashlanymda taşlamazlygy öwrenen halymda gelip ýazaryn aa häzirlik bolsa, şahyr ussadymyzyňam aýdyşy ýaly :

Zähmete çapalyň,

Gepe çapmalyň.

Il içinde gep kän, iş weli — has kän.

Käte giç düşünýäs bu hakykata,

Iniler düşünsin ýaşkan,

has ýaşkan!


HOŞ SAGBOL!


Abat Annamämmedowa
27
167
wolf
22 Awgust 2024
@geldiyevna, goýup bolman geçdi içi gara galmyş 😤
wolf
22 Awgust 2024
@ylham_gurbanaly, 😁👍🏻
wolf
22 Awgust 2024
@geldiyevna, @smiling_, nesip bolsa indi yazyp başlajak 😅
ylham_gurbanaly
22 Awgust 2024
@smiling_, men hemişe-de okaýan, ýöne sessiz.
ylham_gurbanaly
21 Awgust 2024
Abat başgaça👏 Ýöne şuny öwrenmeli... taşlaman başlamaklygy...
ylham_gurbanaly
21 Awgust 2024
@wolf, sagja bola. @smiling_, Taladro bilen aýtýar Burak Bulut
wolf
20 Awgust 2024
@smiling_, ýaltanmasam bir gũn, şu gũnki bolan zatlary post edip goýasym gelýã öz-özũme hem gũlkim tutýa hem gaharym gelýã 😅
wolf
20 Awgust 2024
@smiling_, 5 e 20 mint barka bardym ylayjak 😁 prawam ýoklugy barada sprawka aldymlaý
wolf
20 Awgust 2024
@smiling_, howwalaý Ãnewe barýan irdenem bardym welin 5de gel diyip goyberdi 😤
wolf
20 Awgust 2024
@smiling_, howwa şuwagtam 10njy gezek diñlãp otyrn 😅🎧
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.