smiling_
21.08.2024 12:03
Bagt näme?

Bagt näme? Men bagtlymy?! Şeýle soraglar bardyr hemmämizde. Aslynda bagt hem birnäçe stadiýadan ybaratdyr meň pikirimçe. Çagalykdaky bagt - alynan süýjä bagtly sen.

Ýetginjek dörwündäki bagt - bir gyz sözüňe alsa, täze telefon alsaň w.ş.m

Orta ýaşdaky bagt - diplom, karýera, jaý, maşyn, maşgala,çaga…

Garrylykdaky bagt - agtyk, saglyk, dost-ýar bilen görüşmek.

Bular meniň seljermäm, onda bagt ýaşymyz bilen ulalyp ahyr ýaşymyzda-da kiçelýärmi? Men özüme kän berdim bir soragy “Men bagtlymy?”, jogabym men bagtly. Ne diplomym, ne karýeram, ne maşynym ne-de jaýymyň barlygy üçin, şularyň ählisi bolmasada meniň ýanymda boljak ýarymyň barlygy üçin. Käbir adama soramda bagt saglykdadyr diýdiler, näçe inkär etseňizem saglyk hem saýlan ýaryňa bagly, dogry saýlamagam saňa. Öz durmuşymdan bir mysal, bir işe başarjagyma men ynanmasam hem maňa derek menden has köp maňa ynanýan biri bar we “Sekret” kitapdaky ýaly çekýärdi üstünligi. Men başarmajak zatlarymy başardym. Ýaryňyzy dogry saýlasaňyz durmuşyňyz dogry ýola girýän ekeni. Seni biriniň gowy görýänini bilmek gowy, şony duýmak has gowy we bu garşylykly boldymy onda senden bagtlysy ýok. 2 ýyl boldy we mem seň bilen bagty tanadym….


...D I
30
516
sazsoft
22 Awgust 2024
@gula, Sag boluň! Görýäňizmi, maşgalaňyzdan soň! Meniň özüm okuw üçin bagtymdan galdym. Okadym, ýöne maşgala gurup bilmedim. Onuňam okamagy gowy zat, ýöne ýene okuw üçin bagtymdan men galýan. Meniň özüm okatjak diýsem, etmedik boldy. Bolýa-da...
gula
22 Awgust 2024
@sazsoft, siziň durmuşyňyz,siziň saylawlaryňyz,udaci diýäýmesem, ýöne okuv meniň üçin 1nji orunda duryar maşgalamdan soň,juda juda möhüm meniň üçin okamak bir hünäriň eyesi bolmak
sazsoft
22 Awgust 2024
@gula, Hawa, durmuş 3 ýyllyk uruş-sögüş bilenem synapdy wagtynda... 😶
sazsoft
22 Awgust 2024
@gula, Şol söýgüsiniň haklygyna ynanman başladym-da indi şeýdensoň...
gula
22 Awgust 2024
@sazsoft, onça munça uruş sögüş bolýan zat...gamlanmaň,söýgüsi hak bolsa dolanar...)
sazsoft
22 Awgust 2024
@Guller__, wah, häliden bäri ýöne ýere jan ýandyryp otyrynmy? 😁 Öýlenen jigimiňem jigisi bolýar, has dogrusy. Ýagny, menden kiçisinden kiçisi :)
sazsoft
22 Awgust 2024
@gula, Soň bir ýerden aýak diremesi - "okuwy gutaryp, göni durmuşa çykjak däl, gutarsam, göni Russiýa okuwa gitjek, bäriň okuwy gerek däl" diýmesi gaty düşnüksiz boldy. Şonuň üçin uruşdyk...
gula
22 Awgust 2024
@sazsoft, soň...
sazsoft
22 Awgust 2024
@gula, Bäh. Menem şunda şol zatlary görüpdim welin... Toý güni gyzyň 4 boýdaşynyň biri bolup geleninde-de köýnegimi ütükläp bermesinden başlap, her gezek öýe gelende eşiklerimi ýuwup, çaý demläp, soňam çaý-naharyňa bar, iýip-iç diýmesine çenli. Şol zatlar maňa onuň söýgüsiniň çyndygyny görkezýärdi...
gula
22 Awgust 2024
@sazsoft, nädip bilenini nädip size duşanyny baglananyny özi bilmän galar...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.